الوصف
رسالة مختصرة مترجمة إلى اللغة التركمانية، تحتوي على المباحث التالية: • الدين الإسلامي • أركان الإسلام • أسس العقيدة الإسلامية • الإيمان بالله - تعالى - • الإيمان بالملائكة • الإيمان بالكتب • الإيمان بالرسل • الإيمان باليوم الآخر • الإيمان بالقدر • أهداف العقيدة الإسلامية.
ترجمات أخرى 40
المحاور
شرح أصول الإيمان
Rahman we Rahym bolan Allanyň ady bilen...
Ähli hamdu-senä diňe Allahadyr! Oňa hamd aýdýarys, Ondan ýardam we magfyret (bagyşlanmak) soraýarys! Nebislerimiziň şerinden we ýaman amallarymyzdan Ondan pena soraýarys! Alla kime hidaýet etse (ýagny, ony dogry ýola salsa), ony ýoldan azaşdyrjak ýokdur! We kimi azaşdyrsa, ony dogry ýola saljak hem ýokdur!
Alladan başga ybadata mynasyp, hiç bir ilähiň ýokdugyna şaýatlyk edýärin! Ol ýeketäkdir we Onuň şärigi hem ýokdur! We Muhammediň -sallallahu aleýhi we sellemiň- Onuň bendesi we resulydygyna (pygamberidigine) şaýatlyk edýärin!
«Töwhid» ylmynyň ähmiýeti: Takyk, «Töwhid» ylmy öz gymmatlygy taýdan ylymlaryň soltanydyr we buýruk taýdan ynsana iň wajybydyr. Sebäbi, bu ylym Alla tebärek we tagalanyň hut Özi barada, Onuň atlary, sypatlary we Öz gullarynyň üstündäki haklary babatyndaky ylymdyr. Bu ylym, Alla tagala eltýän ýoluň açarydyr we dininiň düýp esasydyr. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, bu «Töwhid» ylmyna, ähli pygamberler bir agyzdan çagyrandyrlar.
Bu barada Alla tebärek we tagala Kurany Kerimde şeýle diýdi: «(Eý, Muhammet!) Biz sizden öň iberilen her bir pygambere: «Şübhesiz, Menden başga hiç-hili iläh ýokdur, bes, diňe Maňa ybadat ediň!» diýip wahyý iberendiris» (Enbiýa:25).
Ýene-ki, aýatlarda Alla tagala, onuň perişdeleri we ylym eýeleri Onuň (ýagny, Alla tagalanyň ýaratmakda, ybadatda, atlarynda we sypatlarynda) birdigine, şaýatlyk berendikleri barada şeýle diýdi: «Alla Özünden başga (ybadata laýyk) ilähiň ýokdugyna, adalaty dik tutup şaýatlyk berdi. Perişdeler we ylym eýeleri hem (bu hakykaty ykrar etdiler). Gudraty güýçli we hikmet eýesi bolan Ondan (Alladan) başga iläh ýokdur» (Äli-Imran:25).
Indi «Töwhid» ylmynyň orny bu dejede uly bolýan bolsa, onda adam ogly öz dinini sagdyn köküň, esasyň üstünde bina eder ýaly, bu ylmy öwrenip-öwretmek, onuň üstünde akyl işledip, durup geçmek we ony özüne ynanç-ygtykat edinmek, her bir musulmana wajyp bolup durýandyr. Diňe şonda ynsan «Töwhidiň» netijesini görjekdir we bagtly kişilerden boljakdyr.
***
Bu dini Alla tagala, pygamberimiz Muhammet-sallallahu aleýhi we sellemiň- üsti bilen iberendir. Alla tagala öňki pygamberleriniň getiren dinlerini, Yslam dini bilen soňlap, ony Öz gullary üçin kämil kyldy. Adamlary jahyllygyň garaňkylygyndan çykaryp, Yslam nuruna girizmeklik bilen, öz nygmatyny tamamlady we Yslamy din edip saýlady. Takyk, bu dinden başga din, Onuň huzurynda kabul bolýan däldir.
Bu barada Alla tagala şeýle aýtdy: «Bu gün siziň diniňizi kämil kyldym, nygmatymy nogsansyz doly, bol edip berdim we siz üçin Yslamy din edip saýladym» (Engam:3).
«Muhammet sizden (möminlerden) bir kişiniňem atasy däldir, belki, ol Allanyň pygamberi we pygamberleriň soňkusydyr. Alla barça zady bilýändir» (Ahzab:40).
«Elbetde, Alla alnynda kabul bolýan din, diňe Yslam dinidir» (Äli-Imran:19).
«Kim-de-kim Yslamdan özge din islese, bes, (onuň «dini» Alla alnynda) hergiz kabul edilmeýär we ol ahyretde zelel görüjilerdendir» (Äli-Imran:85).
Alla tagala ähli ynsanlara, şu din bilen Özüne ybadat etmekligi buýrandyr. Alla tebärek we tagala Pygamber -sallallahu aleýhi weselleme- ýüzlenip şeýle diýdi: «Aýdyň (Eý, Muhammet!): «Eý, adamlar! Elbetde, men siziň ähliňize Allanyň (iberen) ilçisidirin. Ol şeýle beýik bolup, Asman we Ýer onuň mülküdir. Ondan başga ybadata mynasyp iläh ýokdur. Ýaşaýyş hem, ölüm hem Onuň eradasy bilendir. Indi Alla, Onuň ilçisine we Onuň sözlerine ynanýan ummiý (sowatsyz) pygambere iman getiriň we oňa eýeriň, hökman hidaýat taparsyňyz» (Agraf:158).
Hadyslar ýygyndysy «Sahyh Muslim» kitabynda gelişi ýaly, Ebu Hureýräniň -Alla ondan razy bolsun- rowaýat etmeginde, Allanyň resuly Muhammet -sallallahu aleýhi wesellem- aýtdy: «Muhammediň jany elinde bolan Alladan kasam ki, şu ymmatdan biri, ýahudy (ýewreý) bolsun ýa nasrany (hristian) bolsun, men barada eşidip, soňra hem maňa inderilen zada iman etmän ölse, ol kişi Dowzah eýelerinden bolar» (Muslim).
Pygambere iman etmeklik diýilende: «Onuň getiren zadyny dogry saýyp we kabul edip çäklenmän, megerem, tagat-ybadat bilen oňa boýun bolmakdyr». Şonuň üçin hem (Pygamberimiz -sallallahu aleýhi wesellemiň- daýysy) Ebu-Talyp, onuň getiren zadyny dogry saýyp we dinleriň iň gowysydygyna şaýatlyk bereni bilen hem, (onuň yzyna eýermänligi sebäpli) ol Pygamber -sallallahu aleýhi weselleme- iman edenlerden bolmady.
Yslam dini: «Bu öňki dinleriň ähli getiren peýdalaryny öz içine alandyr. Şeýle-de Yslam dini ähli zamanlara, mekanlara we ähli halklara görä, mynasyp, gabat gelmegi bilen tapawutlanýandyr. Alla tagala Öz resulyna ýüzlenip şeýle diýdi: «Size bolsa (eý, Muhammet), özünden öňki kitaplary tassyklaýjy we olara güwä bolan bu Kitaby (Kurany), hak-rast hasyl kyldyk» (Mäide:48).
Ähli zamanlara, mekanlara we ähli halklara görä, mynasyp gabat gelýär, diýmegimiziň manysy: «Ýagny, bu dine eýermeklik hiç bir zamanda, hiç bir ýerde, hiç bir halka zyýan bermän, gaýta onuň peýdasynadyr. Emma käbir adamlaryň isleýşi ýaly, bu din her bir zamanyň, mekanyň we halkyň islegine görä, olara tabyndyr diýen manyda däldir».
Yslam dini: Bu din hak din bolup, Alla tagala oňa berk ýapyşan kişä ýardam berjegini we beýlekileriň üstünden ýeňiş gazandyrjagyny wada kylyp şeýle diýdi: «Ol (Alla) Öz pygamberini hidaýat we hak din bilen (eger müşrikler islemese-de) ähli dinlerden üstün etmek üçin iberen (ilähdyr)» (Saf:9).
«Alla siziň iman getirenleriňizi we ýagşy amal edenleriňizi edil öň geçen (iman-ygtykatlylary ýer ýüzünde) halypa hökmürowan edişi ýaly, olary hem ýer ýüzünde halypa etmegi we olar üçin Öz razy bolan (Yslam) dinini üstün (mäkäm) etmegi hem-de olaryň (ahwalyny) howp-hatarlaryndan soň, dynçlyk, hatyrjemlige öwürmegi wada kyldy. Olar Maňa ybadat ederler we Maňa bir zady hem şärik etmezler. Kim, ine, şu wadadan soň, küpr etse, olar etagatsyz kimselerdir» (Nur:55).
Yslam dini: Bu «Akydadyr» (ynanç-ygtykatdyr) we «Şerigatdyr» (kada-kanunlardyr). Bu din öz akydasynda-da we şerigatynda-da kämildir. Çünki bu din:
1. Alla tagalanyň ýeketäk Özüne ybadat etmeklige (töwhide) çagyrýandyr we «Şirkden» gaýtarýandyr.
2. Dogryny ündäp, ýalandan hem gaýtarýandyr.
3. Adalaty buýrup, zulumdan hem gaýtarýandyr.
4. Amanady jaýyna tabşyrmagy buýrup, oňa hyýanat etmekden gaýtarýandyr.
5. Wepaly bolmagy ündäp, dönüklik etmekligi gadagan edýändir.
6. Ene-ata ýagşy gatnaşyp, olardan boýun gaçyrmasyzlygy buýurýandyr.
7. Garyndaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýup, olar bilen arany bölmezligi tabşyrýandyr.
8. Ýagşy goňşydaşlyk edip, onuň ýamanyndan hem gaýtarýandyr.
Sözümizi jemläp aýdanmyzda, «Yslam dini» ähli gözel ahlaklary buýrup we bütin ýaman gylyklardan hem gaýtarýandyr.
Alla tagala aýtdy: «Takyk, Alla, adalata, gözel amallar etmäge we kowum-garyndaşa ýagşylyk etmäge buýurýar hem-de bozuklykdan, ýaman işlerden, ýowuzlykdan gaýtarýar. Ol (Alla tagala) hökman ybrat-görelde, ýatlamalar alarsyňyz diýip, size pent-nesihat eder» (Nahl:90).
***
Yslam dininiň bina bolýan esaslary bäşdir. Ibn Omar-yň -Alla ondan razy bolsun- rowaýat etmegine görä, Pygamber -sallallahu aleýhi we sellem- aýtdy: «Yslam bäş zadyň üstünde bina bolýandyr: «Alla tagalany ybadatda birlemek, (başga hadysda: «Alladan başga ybadata mynasyp ilähiň ýokdugyna) we Muhammet hem Onuň guly we ilçisidigine şaýatlyk bermek, namaz okamak, zekat bermek, roza tutmak, we haj etmekdir» (Buhary we Muslim).
1. «Alladan başga ybadata mynasyp ilähiň ýokdugyna we Muhammet hem Onuň guly we resulydygyna» şaýatlyk barada söz açsak, bu şaýatlyk dil bilen aýdylan sarsmaz ynançdyr. Bu sarsmaz ynanjy aýdýan kişi, ynanýan zadyny, görýän derejede aýtmagydyr. We bu şaýatlyk bir sütünden ybarat bolaýanda-da, onuň içine alýan zatlary kändir.
Çünki Pygamber -sallallahu aleýhi wesellemiň- Alla tagala tarapyn iberilen pygamberdigine we Onuň gulydygyna şaýatlyk bermek, iň ýokary şaýatlyklardandyr.
Beýleki bir tarapdan bu iki şaýatlyk (ýagny, Alladan başga ybadata mynasyp ilähiň ýokdugyna we Muhammet hem Onuň guly we resulydygyna şaýatlyk) musulmanyň amallarynyň kabul bolmagy üçin esasdyr. Çünki amallar tä ýeketäk Alla tagalanyň Özüne sarp edilip we Pygamber -sallallahu aleýhi wesellemiň- öwredişi ýaly ýerine ýetirilýänçä, hiç kabul bolmaz. Sebäbi, Alla tagalanyň ýeke Özüne ybadat etmek bilen, iki şaýatlygyň birinji bölegi bitip, Pygamber -sallallahu aleýhi wesellemiň- ähli getiren zatlaryny, öwredişi ýaly etmeklik bilen hem, şaýatlygyň ikinji bölegi (ýagny, «Muhammet hem Onuň guly we resulydyr») bitýändir.
Bu beýik şaýatlygyň miwelerinden mysal: Kalbyňy we nebsiňi ýaradylan mahluklara gul bolmaklykdan azat etmek we pygamberlerden başgalara eýermeklikden päklemekdir.
2. Namaz okamak: «Bu belli bir görnüşde, belli wagtlarda, dogry we doly şekilde Alla tagala üçin edilýän ybadatdyr». Bu ybadatyň miwelerinden: kalbyň giňemegi, bagtyýarlyk we gaýtarylan pysky-pujur işlerden daşlaşmagyňdyr.
3. Zekat bermek: «Bu belli bir mukdarda wajyp bolan zekaty, emläkleriňden çykaryp, (mätäçlere) bermeklik bilen, Alla tagala edilýän ybadatdyr». Bu ybadatyň käbir miwelerinden mysal: nebsiňi gysgançlykdan päklemek, Yslamyň we musulmanlaryň hajatlaryny bitirmekdir.
4. Roza tutmak: «Bu remezan aýynyň gündüzinde (ýagny, erte namazynyň azanyndan, tä agşam namazynyň azanyna çenli aralykda), agzyňy açýan zatlardan saklanmaklyk bilen edilýän ybadatdyr». Munyň peýdalaryndan bolsa, söýýän zatlaryňy Alla tagalanyň razylygy üçin taşlamaklyga nebsiňi üýgunlaşdyrmakdyr.
5. Haj etmek: «Bu hajyň belli däplerini ýerine ýetirmek üçin, Käbä gitmeklik bilen, Alla tagala üçin edilýän ybadatdyr». Bu ybadatyň käbir miwelerinden mysal: maddy harajatlar we bedeni güýç-gaýratyňy sarp edip, Alla tagalanyň tagat-ybadatyna, öz nebsiňi uýgunlaşdyrmakdyr. Şu sebäpden hem, haj ybadaty Alla ýolundaky «Jihädiň» bir görnüşi bolandyr.
Bu bäş sütüniň dürs bolmaklygy, beýleki amallaryň hem dürs bolmaklygydyr!
Ýokardaky esaslar barada ýatlap geçilen we ýatlap geçilmedik miweler, yslam ymmatyny arassa, päk ymmata öwürýändir. Ol ymmat hak dine uýup, ähli janly-jansyz bilen dogruçylly we adalatly gatnaşyk edýändir. Elbetde, Yslam dininiň beýleki buýran we gaýtaran zatlary, şol sütünleriň üstünde bina bolýandyr. Indi kim ýaňky aýdan zatlarmyzyň anygyna ýetesi gelse, onda, goý ol Alla tagalanyň şu aýatlaryny okasyn:
«Eger şol ýurtlaryň ilaty iman getirip‚ (Alla garşy çykmakdan) saklanan bolsadylar‚ onda, elbetde‚ Biz üstlerine asmandan‚ ýerden ençeme bereket we bolçulyk gapylaryny açardyk. Ýöne olar pygamberleri ýalançy hasapladylar. Biz hem eden erbetlikleri sebäpli, olara jeza berdik. Şol obalaryň ilaty gijelerine uklan mahallary Biziň belamyzyň duýdansyz geljeginden arkaýyn boldularmyka? Ýa-da olar gündiziň günortany şagalaň-şatlykda wagtlary Biziň azabymyzyň geljeginden arkaýyn boldularmyka? Ýa-da olar Allanyň duzagyndan (mekirinden) arkaýyn boldularmyka? Allanyň duzagyndan diňe öz-özüne zyýan etjek kowum arkaýyn bolar» (Agraf:96-99).
Goý, ol, öňki geçenleriň taryhyna seretsin! Şeksiz, taryhda akyl eýeleri üçin, uly ybrat-görelde we kalbyna perde örtülmedikler üçin, sapaklar köpdür. Alla tagalanyň bize, Özi ýardam bersin!
***
Belläp geçişimiz ýaly, Yslam dini «Akyda» we «Şerigatdyr»! Şerigatyň esasy bolan, Yslam dininiň sütünlerini hem, ýatlap geçipdik. Emma «Yslam akydasy» barada aýtsak, onuň düýp esasy: Alla tagala, onuň perişdelerine, kitaplaryna, pygamberlerine, ahyret gününe, takdyryň haýyryna we şerine iman getirmeklikdir.
Bu esaslara Alla tagalanyň kitaby we Onuň Pygamberi Muhammet -sallallahu aleýhi wesellemiň- sünneti delalat edýändir. Bu babatda Alla tagala kitabynda şeýle diýýär: «Ýagşylyk (takwalyk) diňe siziň ýüzüňizi (namazda) Gündogar we Günbatar tarapa öwürmegiňiz däldir. (Hakyky) ýagşylyk (takwalyk) kimde-kim, Alla, ahyret gününe, perişdelere, kitaba, pygamberlere ynanyp,...» (Bakara:177).
We takdyr barada Alla tagala şeýle diýdi: «Takyk, Biz ähli zady bir ölçege görä ýaratdyk. Biziň emrimiz, göz gyrpmasy (salym) ýaly, diňe bir gezek («Bol!» diýmekden ybaratdyr)» (Kamar:49-50).
We pygamberimiziň -sallallahu aleýhi wesellemiň- sünnetinde, haçanda Jebraýyl perişde Pygamberimiz -sallallahu aleýhi wesellemden- Iman barada soranda: «Iman: Bu seniň Alla tagala, onuň perişdelerine, kitaplaryna, ahyret gününe, takdyryň haýyryna we şerine ynanmagyňdyr» diýdi (Ymam Muslim).
***
Alla iman etmeklik, dört sany zady öz içine alýandyr:
Birinji: Allanyň bardygyna iman etmek.
Alla tagalanyň bardygyna, fytra (adamyň ýaradylyş tebigaty), akyl, din we duýgy delalat edendir.
1- Allanyň bardygyna fytranyň delalat edişi:
Şek-şübhesiz her bir ýaradylan zat öwredilmesizden we pikirlendirmesizden, öz Ýaradanyna imanly (ynanýan) edilip tebigatyna goýulandyr. Bu fytranyň talap edýän zadyndan (ýagny, Allasyny kabul etmekden), diňe kalbyna azaşdyryjy (şübhe) girenden başga kişi, ýüz öwürmeýär. Bu barada Pygamber -sallallahu aleýhi wesellem- şeýle aýtdy: «Her bir dogulan «fytratda» (ýagny, dogulanda Allany ybadatda birleýän bolup) dogulýandyr. Soňra onuň ene-atasy, ony ýahudy (jöhit), haçparaz (hristian), ýa-da otparaz edip ýetişdirýändir» (Buhary).
2- Allanyň bardygyna akylyň delalat etmegi:
Bu mahluklaryň (ýaradylanlaryň) hökmany suratda öňde-soňda, olaryň ýaradyjysy bolmaýmalydyr. Ol mahluk öz-özüni ýaratmagy, ýa-da onuň birden döremegi hem, mümkin däldir. Hiç bir zat öz-özüni ýaratmagy mümkin däldir. Sebäbi, ol özüni ýaratmaýar. Çünki ol, öň asla ýokdy, onsoň ol nähili özüni ýokdan bar edýän bolsun?!
Indi bu mahlukarlar öz-özlerini ýaratmadyk bolsa we tötänden hem döremedik bolsa, onda onuň bir Ýaradyjysynyň bardygy belli bolýar. Ol hem, älemleriň Rebbi bolan Alladyr!
Alla tagala bu akly delili we çürt-kesik subutnamany «Tur» süresinde ýatlap geçdi. Alla tagala aýtdy: “Belki, olar hiç närseden (ýagny, Ýaradyjysyz) ýaradylandyrlar?! Ýa-da olaryň özleri ýaradyjymykalar?!» (Tur:35). Ýagny, olar hiç bir ýaradyjysyz döremediler we olar özlerini hem ýaratmadylar. Diýmek olaryň Halygy (Ýaradyjysynyň) Alla tagaladygy belli bolýar.
Şu sebäpden hem, haçanda Jübeýr ibn Mut'ym -Alla ondan razy bolsun- entäk müşrik wagty, Pygamber -sallallahu aleýhi wesellemiň- «Tur» süresiniň şu aýatlaryny: «Belki, olar hiç närseden (ýagny, Ýaradyjysyz) ýaradylandyrlar?! Ýa-da olaryň özleri ýaradyjymykalar?! Ýa-da asmanlary we ýeri hem, olar ýaradandyrlar?! Ýok, olar (muňa anyk) ynanmazlar! Ýa-da olaryň huzurynda Perwerdigäriňiziň hazynalary bardyr?! Ýa-da olaryň özleri ähli zada eýemi?!». (Tur:35-37), aýatlaryny okap oturanyny eşidipdi we şeýle diýdi: «Kalbym ýarylara geldi, şonda meniň kalbyma iman ilkinji gezek oturypdy» (Buhary).
Geliň has düşnükli bolar ýaly, muňa mysal getireliň: Eger bir adam saňa, daşy bag-bakjaly, içinde derýalar akyp duran, halylardan we düşeklerden içi doly gymmat bahaly zatlardan gurlan, köşk barada habar berse, soňra hem: «Bu köşk we ondaky ajap zatlar öz-özüni ýaratdy» ýa-da «Birden özbaşyna peýda boldy» diýse, sen ony dessine inkär etmäge we ýalançy saýmaga howlugarsyň we onuň sözüni bir akmaklyk saýarsyň. Indi nähili şu uly barlyklar, ýeri, asmany, ýyldyzlary bilen we hal-ahwallary, ajaýyp düzgün-nyzamlary bilen, özüni ýaradyp biler. Ýa-da ýaradyjysyz, tötänlikden, öz-özünden peýda bolup biler?!
3- Allanyň bardygyna şerigatyň (diniň) delalat etmegi:
Asmandan inen kitaplaryň ählisi, bu babatda nygtap geçýändir. Şeýle-de, ähli barlyklaryň peýdasyny öz içine alyp gelen hökümler hem, öz ýaradan zatlarynyň, näme-de peýdasynyň bardygyny bilýän, «Alim» (biliji) we Hakim (hikmet eýesi) bolan, Perwerdigärdendigine delildir. Şeýle-de, häzirki wagtda subut edilen, älem barlyklaryň habarlary hem, habar beren zadyny, ýaratmagy başarýan, Alladandygyna delildir (subutnamadyr).
4- Alla tagalanyň bardygyna duýgynyň delalat etmeginiň iki görnüşi bardyr:
Birinjisi: Biz doga-dileg edýänleriň, üstüne betbagtçylyk düşenleriň ahy-nalasyna, jogap berilýändigini görýäris we eşidýäris. Çünki bu Allanyň bardygyna çürt-kesik delalat edýändir.
Bu barada Alla tagala şeýle aýtdy: «(Eý, Muhammet! Ybraýym we Lutdan öň), doga-dileg eden Nuhy (ýatla!). Biz onuň dogasyny kabul edip, özüni we ähli tabynlaryny hem, uly gamdan gutardyk» (Enbiýa:76).
Ýene-de başga bir aýatda Alla tagala şeýle diýdi: «Şol wagt («Bedr» jeňinde) Perwerdigäriňizden ýardam diläniňizde, Ol siziň dilegleriňizi kabul edip: «Men yzly-yzyna geljek, müň perişde bilen, dadyňyza ýetişerin!» diýdi» (Enfäl:9).
Sünnetden delil bolsa, Buharynyň sahyh kitabynda, Enes ibn Mälik -Alla ondan razy bolsun- rowaýat eden hadysynda şeýle aýtdy: «Bir çarwa arap juma güni, Pygamber -sallallahu aleýhi wesellem- hutba edip durka geldide: «Eý Allanyň resuly! Emläkler heläk boldy we çaga-çugalarymyz aç galdy. Biz üçin, Alla tagala doga-dileg et! (Bizden bu gurakçylygy gidirsin)» diýdi. Pygamber -sallallahu aleýhi wesellem- dessine ellerini galdyryp, doga-dileg etdi. Şonda haýal etmän, bulutlar daglar deýin joşup başlady. Ol entäk minberden düşmänkä, ýagyş damjalary, onuň sakalyna damyp başlanyny görüpdim.
Soňra indiki juma gününde, şol çarwa arap ýa-da başga biri ýerinden turdy-da: «Eý Allanyň resuly! Öýler ýumruldy we emläkler suwa gark boldy. Biz üçin, Alla tagala doga-dileg et! (Bu ýagşy bizden kessin!)» diýdi. Şonda Pygamber -sallallahu aleýhi we sellem- ellerini galdyryp, şeýle doga etdi: «Eý, Allahym! Üstümize ýagdyrma! Daş-töweregimize ýagdyr!» diýip, eli bilen, buluda tarap yşarat edende, bulut daş töwerege ýaýrap gitdi».
Alla tagala doga-dileg etmekde, dogruçyl bolup (ýagny, Ondan başgany çagyrman) we dogasyna jogap beriler ýaly, onuň ähli şertlerini bitirene we häli-şindi doga-dileg edýänlere, jogap berilýändigi, görlüp durlan zatdyr.
Ikinjisi: Adamlaryň görýän ýa-da eşidýän, pygamberleriň «Mugjyza» diýlip atlandyrylýan gudratlary, olary ibereniň -Alla tagalanyň- bardygyna delildir. Sebäbi, ol zatlar, adamyň başarjaňlyk çyzygynyň daşyndadyr. Bu mugjyzalary Alla tagala, Öz resullaryny goldamak we ýardam bermek üçin edýändir.
Muňa mysal, Musa -aleýhissalamyň- (Alla tarapyndan berlen) gudratydyr. Haçanda Alla tagala oňa: “Hasaňy deňze ur!" diýip buýranda, ol urýar we deňizde on iki sany gury ýol açylýar. Suw bolsa, olaryň arasynda dag kimin bolýar.
Bu babatda Alla tagala şeýle aýtdy: «Biz Musa: «Hasaň bilen deňzi urgyn!» diýip, wahyý iberdik. Bes, (deňiz, ysraýyl ogullarynyň, kowmunyň sany ýaly, on iki bölege) bölünip, her bir bölek (suw) belent dag ýaly boldy. (Soň Musa we onuň kowumy deňziň ortasyndan, açylan ýola düşdüler)» (Şugara:63).
Ikinji mysal: Isa pygamber -aleýhis-salama- (Alla tarapyn berlen) gudratdyr. Ol Allanyň izni bilen, ölüleri direlderdi we olary gabyrlaryndan çykarardy. Alla tagala (Isanyň sözüni getirip, Kuranda) şeýle aýtdy: «We Allanyň izni bilen, ölüleri direldýärin...» (Äli-Imran:49). We ýene-de Alla tagala aýtdy: «...we Meniň izin-ygtyýarym bilen ölüleri (direldip, gabyrlaryndan) çykaranyňy ýatla!» (Mäide:110).
Üçünji mysal: Muhammet -sallallahu aleýhi weselleme- degişlidir. Haçanda ondan Kureýş tiresi, bir gudrat soranlarynda, ol aýa tarap yşarat edende, aý ikä bölündi we adamlar hem, ony görendirler.
Bu babatda Alla tagala aýtdy: “(Kyýamat) sagady ýakynlaşdy we Aý hem, (ikä) bölündi (soň ýene birleşdi). Eger olar (Kureýş kapyrlary Muhammet alaýhys-salamyň hak pygamberdigine delalat edýän), bir aýat-mugjyza görseler (pygambere iman getirmäge derek), ýüz döndererler we: «Bu hemişeki ýaly, jadydyr!» diýerler» (Kamar:1-2).
Alla tagalanyň Öz resullaryny goldamak we ýardam bermek üçin eden gudratlary, Onuň barlygyna, çürt-kesik subutnamadygyna, delalat edýändir.
- Ikinji: Onuň (Allanyň) Rebdigine iman etmek
(Ýagny, onuň şäriginiň we ýardamçysynyň ýokdugyna we onuň ýeketäk Rebdigine, iman etmek).
Reb: «Ýaratmaklyga, mülke patyşalyk etmeklige we emir etmeklige eýedir». Alladan başga ýaradýan we mülke patyşalyk edýän-de ýokdur, Ondan başga emir edýän hem, ýokdur.
Bu barada Alla tagala şeýle aýtdy: “Habardar boluň ki, ýaratmak we (ýaradan zatlaryna) emir etmek hem, diňe Onuňkydyr» (Agraf:54).
Ýene-de Alla tagala şeýle aýtdy: «Ana, şu Alla, siziň Perwerdigäriňizdir. (Ähli älemleriň) mülki (patyşalygy), ýalňyz Onuňkydyr. Siziň, Ondan başga, dileg edip çagyrýanlaryňyz, (şänigiň) gaby ýalyjak zadyň hem, eýesi däldir» (Fatyr:13).
Ýaradylan zatlardan Alla -subhana we tagalanyň- Rebligini inkär edeniň bardygy, hiç bilinmedi. Diňe ulumsylyk edip, öz aýdýan zadyna hem ynamy bolmadyk, Fyrgawn (Faraon) ýalylar inkär edipdi. (Onuň sözüni Alla tagala Kuranda getirip), şeýle aýtdy: «Men siziň, Beýik bolan Rebbiňizdirin» diýdi. Ýene-de «Fyrgawn: «Eý, adamlar! Men siz üçin, özümden başga bir ilähiň (Perwerdigäriň) bardygyny, bilýän däldirin» diýdi» (Kysas:38).
Emma bu sözler onuň ynanjyndan däldi. Çünki Alla tagala aýtdy: «Köňülleri bu aýatlara doly kanagatlanan hem bolsa, zalymlyklary we ulumsylyklary sebäpli, olary inkär etdiler» (Neml:14).
We Alla tagala Musa pygamberiň Fyrgawna aýdan gepini, hekaýat edip, aýtdy: «(Musa): «Kasam bolsun! (Eý, Fyrgawn! Sen) bu (mugjyzalary), äşgär delil edip, diňe asmanlaryň we ýeriň Perwerdigäriniň, hasyl edendigini anyk bilýärsiň. Hiç şek-şübhe ýok ki, eý, Fyrgawn! Men seniň, heläk ediljekdigiňe gözüm ýetýändir» diýdi» (Isra:102).
Şunuň üçin hem, (Mekke) müşrikleri Alla tagalanyň Rebligini ykrar edýärdiler. Emma Oňa ybadat etmekde şirk edýärdiler (şärik goşýardylar. Ýagny, başga zatlara hem doga-dileg we ybadat edýärdiler).
Bu barada Alla tagala şeýle aýtdy: «(Eý, Muhammet! Sen olara): «Eger bilýän bolsaňyz, (hany aýdyň), bu ýer we ondaky ähli zat kimiňkidir?» diý. Olar: «Allanyňkydyr!» diýerler. Şonda sen: «Bes, (mundan) ybrat-görelde almaýarsyňyzmy?!» diýip aýt. (Sen ýene olara): «Ýedi asmanyň Rebbi we belent Arşyň Rebbi kimdir?!» diý. Olar: «Alladyr!» diýerler. Şonda sen: «(Bu halda, Ondan başgasyna ybadat edýärsiňiz, heý Onuň azabyndan) gorkmaýarsyňyzmy?» diýip aýt. (Ýene sen olara): «Eger bilýän bolsaňyz (aýdyň bakaly), ähli zadyň patyşalygy kimiň elinde? Özi (ähli kişä) hossarlyk edýän we Oňa bolsa, hiç zat hossarlyk edip bilmeýän kimdir?!» diýip aýt. Olar: «(Beýle patyşalyk we hossarlyk ýalňyz) Allanyňkydyr» diýerler. Şonda sen: «Bes, onda siz näme üçin, jadylanan ýaly aldanýarsyňyz?!» diýip aýt» (Mu'minun:84-89).
«(Eý, Muhammet!) Kasam ki, eger sen olardan (müşriklerden): «Asmanlary we Ýeri kim ýaratdy?» diýip, sorasaň, elbetde: «Olary, ähli zada güýji ýetýän we ähli zady bilýän (Alla) ýaradandyr» diýerler» (Zuhruf:9).
«(Eý, Muhammet!) Kasam ki, eger-de olardan, özlerini kimiň ýaradandygyny sorasaň, elbetde: «Alla» diýerler. (Eýsem) onda näme üçin, (ýalňyz Alla ybadat etmekden) ýüz öwürýärsiňiz?!» (Zuhruf:87).
Alla tagalanyň dolandyrmagy we höküm etmegi, dünýewi we dini işleri öz içine alýandyr. Ol ähli barlyklary dolandyrýandyr we olaryň üstünden öz hikmetine görä, isleýşi ýaly höküm edýändir. Edil şonuň ýaly hem, Ol ybadatlary etmekligi buýurmakda we aragatnaşyk işlerini alyp barmakda, öz hikmedine görä, isleýşi ýaly hökümdarlyk edýändir.
Kimde-kim Alla tagalanyň ýany bilen, ýene ybadat etmekligi buýurýan, başga birini tutunsa, ýa-da aragatnaşyk işlerini alyp barmakda, höküm edýän başga birini tutunsa, ol kişi Alla tagala ybadatda şirk etdigi hasaplanýandyr we Imanyň borçlaryny ýerine ýetiren däldir.
Ol ýeketäk ybadata mynasyp bolan «Ilähdir». «Iläh» sözi «Çokunylýan» ýagny, söýgi we tagzym bilen «Ybadat edilýän zat» diýmekdir. Alla tagala aýtdy: «We siziň Ilähiňiz ýeketäk Ilähdir. Ol Rahman we Rahym bolan Alladan başga, (ybadata mynasyp) hiç-hili iläh ýokdur» (Bakara:163).
Ýene-de Alla tagala şeýle aýtdy: «Alla Özünden başga (ybadata laýyk) ilähiň (perwerdigäriň) ýokdugyna, adalaty dik tutup, şaýatlyk berdi. Perişdeler we ylym eýeleri hem (bu hakykaty ykrar etdiler). Gudraty güýçli we hikmet eýesi bolan, (Alladan) başga iläh ýokdur» (Äli-Imran:18).
Şunlukda, her bir Alla tagalanyň ýany bilen, ýene bir çagyrylýan we çokunylýan iläh tutunylan bolsa, ol iläh batyldyr (ybadata mynasyp däldir). Alla tagala aýtdy: «Bu Allanyň diňe Özüniň hakyky ilähdigi we olaryň Ony goýup, dileg edip çagyrýanlarynyň batyldygy, şeýle hem Allanyň diňe Özüniň iň Beýik we Uludygy sebäplidir» (Haj:62).
(Ol ybadata mynasyp däl zatlaryň) ilähler diýlip atlandyrylmagy, olaryň hak ilähdigini aňladýan däldir. Alla tagala «Lät», «Uzza» we «Manat» diýlen butlar barada şeýle diýdi: «Ol atlar (butlar) diňe siziň özüňiziň we ata-babalaryňyzyň goýan atlarydyr. Alla olara (ybadat etmek) hakynda, hiç-hili delil inderen däldir» (Nejm:23).
We Ýusup pygamberiň zyndandaky iki sany ýaranyna aýdan sözüni Alla tagala Kuranda şeýle rowaýat etdi: «...dürli görnüşli (ýaradylan, ýalan) ilähler ýagşymy ýa-da ýeke-täk El-Kahhar (Hökmürowan) bolan Alla (ýagşymy)? Siz Ondan (Alladan) gaýry, siziň we ata-babalaryňyzyň (toslap) dakan atlaryna (butlaryna) ybadat edýärsiňiz. Alla olara (ybadat etmek) barada, hiç bir delil indermedi ahyry» (Ýusuf:39-40).
Şonuň üçin, ähli pygamberler öz kowumlaryna şeýle diýerdiler: «Ýalňyz Alla ybadat ediň! Siziň üçin, Ondan başga (ybadata mynasyp) hak iläh ýokdur» (Agraf:59).
Emma müşrikler (Allaha ybadatda şärik goşýanlar) muny inkär edip, Alladan başga özlerine (ybadata mynasyp däl, ýalan) ilähler tutundylar. Olara Allanyň ýany bilen ybadat edýärdiler we olardan ýardam sorap, gyssananlarynda hem, kömek dileýärdiler.
Alla tagala müşrikleriň bu (ýalan) ilählerini, akly deliller (subutnamalar) bilen, puja çykardy:
Birinjisi: Olaryň (müşrikleriň) özlerine tutunan bu (ýalan) ilähleriniň hiç-hili ilähi sypatlary ýokdur. Olar aslynda ýaradylan zatlardyr, olar ýaradýan däldirler. Olar özlerine ybadat edýänlere hiç-hili peýda getirmeýärler we olardan hiç bir belany hem, dep etmeýärler. Olara ne ýaşaýyş, ne-de ölüm berip bilýärler?! Asmanlardaky zatlaryň biri hem, olaryň eýeçiliginde däldir we olar (Alla tagala bilen ol zatlara), şärik hem däldirler.
Alla tagala aýtdy: «Olar (müşrikler) Alladan özge hiç bir zady ýaratmadyk, gaýta özleri ýaradylan, özlerine zyýan ýa-da peýda bermäge güýji bolmadyk, şeýle-de öldürmäge, direltmäge we ölümden soň täzeden direltmäge başarnygy bolmadyk, ilähleri edindiler» (Furkan:3).
(Eý, Muhammet! Müşriklere) aýt: «Alladan başga (Alla şärik) goşýanlaryňyzy çagyryň! Olar ne asmanlarda, ne-de ýerde, zerre ýalyjak zada hem, eýeçilik edýän däldirler. Olaryň bu ýerlere (asmanlara we ýere) hiç hili şärikligi ýokdur. Şeýle hem (Allanyň) olar bilen, (bular ýaly zatlarda) hiç hili şärigi ýokdur. Allanyň huzurynda diňe Özüniň rugsat berenleriniň şepagaty, peýda berer» (Sebe:22-23).
«Hiç bir zady ýaratmaýan, aslynda özleri ýaradylan zatlary, Oňa (Alla) şärik goşýarlarmy?! Ýöne, şol şärik goşulýanlar, özlerine ybadat edýänleriň dadyna ýetişýän däldirler. Hatda, olaryň özlerine-de nepleri degýän däldir» (Agraf:191-192).
Indi bu (ýalan) ilähleriň haly beýle bolýan bolsa, olary iläh tutunmaklyk kemakyllylygyň we batylyň aňrybaşydyr.
Ikinjisi: Bu müşrikler Alla tagalanyň ýeketäk Rebdigini, Onuň Ýaradyjydygyny, ähli patyşalyk onuň elindedigini, Öziniň hemme zada hossarlyk edýändigini, Oňa bolsa hiç zadyň hossarlyk edip bilmeýändigini ykrar edýärdiler. Bu (ynançlar), Ony Reblikde (ýaratmakda, rysklandyrmakda) birleýişleri ýaly, ilählikde (Oňa ybadat etmekde) hem, birlemeklerini talap edýändir.
Edil Alla tagalanyň Kuranda aýdyşy ýaly: «Eý, ynsanlar! Takwalardan bolmagyňyz üçin, sizi we sizden öňküleri ýaradan Perwerdigäriňize ybadat ediň! Ol (Alla) ýeri, siziň üçin düşek (ýaşaýyş mekan), asmany hem (ýokaryňyzy ýapýan) tam edip goýdy. Asmandan suw (ýagyş) inderip, size rysgal bolsun diýip (ýerden dürli) miweler çykardy. Siz (bulary) bilip durkaňyz, hiç kimi Alla deňdeş tutunmaň!» (Bakara:21-22).
«Kasam bolsun! Eger-de olardan özlerini kimiň ýaradandygyny sorasaň, elbetde, «Alla» diýip aýdarlar. (Eýsem) onda name üçin, (Alla ybadat etmekden) ýüz öwürýärsiňiz?» (Zuhruf:87).
«(Eý, Muhammet! Müşriklerden): «Kim size asmandan we ýerden rysgal berýär ýa-da kim gulaklaryňyza, gözleriňize eýelik edýär?! Kim öliden dirini çykarýar we diriden ölini çykarýar hem-de kim ähli işleri dolandyrýar?!» (diýip, soranyňda), olar şolbada: «Alla» diýerler. (Onda sen olara) aýt: «Eýsem, (siz Alla boýun bolmazlykdan) gorkmaýarsyňyzmy?!». Ine, Ol Alla siziň hakyky Perwerdigäriňizdir. Hakdan gaýry, azaşmakdan başga näme bolup biler?! Şundan soň siz (ýeketäk Alla ybadat etmeklik hakdan ýüz dönderip, başga zatlara ybadat etmek üçin), haýsy tarapa öwrülýärsiňiz?!» (Ýunus:31-32).
Dördünji: Allanyň atlaryna we sypatlaryna
iman etmek
Alla tagala Özüni, Öz Kitabynda ýa-da Ilçisiniň -sallallahu aleýhi wesellemiň- sünnetinde (hadysynda), Ony nähili atlar we sypatlar bilen tassyk eden bolsa, (ol atlary we sypatlary) Oňa (Alla) laýyk görnüşde, üýtgetmän, inkär etmän, belli bir görnüş bermän we meňzetmän tassyk etmekdir.
Alla tagala aýtdy: «Allanyň gözel atlary bardyr. Ony şol atlary bilen çagyryň. Onuň atlary babatda hakdan azaşanlary terk ediň! Olar eden amallaryna görä jezasyny alarlar». (Agraf:180).
«Asmanlarda we ýerde iň beýik sypatlar Oňa (Alla) degişlidir. Ol Gudraty güýçlüdir, hikmet eýesidir». (Rum:28).
«Onuň (Allanyň) hiç hili meňzeşi ýokdur. Ol (ähli zady) eşidýändir (we) görýändir». (Şura:11).
Bu mowzukda (ýagny, Allanyň atlary we sypatlaryna iman etmekde) iki sany topar azaşandyr:
Birinjisi: «Mu'attyla» (Inkär edijiler). Bular Allanyň atlarynyň we sypatlarynyň ählisini ýa-da käbirini inkär etdiler. Sebäbi, olar: «Bulary Alla ýöňkemeklikde Ony birine meňzetmeklik bardyr» diýdiler. Ýagny: «Ýaradylanlary Alla meňzetmeklikdir» diýdiler. Bu söz birnäçe sebäplere görä, dogry däldir, batyldyr:
1. Bu sözler, Alla tagalanyň (Kuranda) aýdan sözlerinde, gapma-garyşylyk bar diýen ýaly, batyl zatlaryň bolmagyny talap edýändir. Çünki Alla tagala Özüne atlary we sypatlary ýöňkäp, Özüne meňzeş zatlaryň bolmagyny hem, inkär edendir. Eger Onuň Özüne ýöňkän (atlary, sypatlary) meňzemekligi talap edýän bolsa, Alla taglanyň sözlerinde gapma-garyşylyk we olar bir-birlerini ýalan saýýar diýildigi bolar.
2. Iki sany zadyň bir atda we sypatda deň geleni bilen, olaryň meňzeş boldygy däldir. (Mysal üçin,) Sen, iki sany şahsyň ynsanlykda, eşitmeklikde, görmeklikde we gürlemeklikde birdigini göreniň bilen, olar ynsanyýet manysynda, eşitmeklikde, görmeklikde we gürlemeklikde bir meňzeş bolmalydyr, diýilen zat ýokdur. Haýwanlaryň hem elleriniň, aýaklarynyň we gözleriniň bardygyny göreniň bilen, olaryň elleri, aýaklary we gözleri bir meňzeş bolmalydyr, diýilen zat ýokdur.
Ýaradylan zatlaryň öz aralaryndaky atlarda we sypatlarda birleşeni bilen, olaryň aratapawutlary açyk-aýdyň bolsa, onda Halyk (Ýaradyjy) bilen mahlugyň (ýaradylanyň) arasyndaky aratapawut hem, has beýikdir we aýdyňdyr.
Ikinjisi: «Muşebbihe» (Meňzedijiler). Bular Allanyň atlaryny we sypatlaryny tassyklap, olary mahluklara (ýaradylan zatlara) meňzedendirler. We: «Elbetde, bu (meňzetmeklik) (Kuran we Hadysyň) görkezýän manysydyr. Sebäbi, Alla tagala adamlara olaryň düşünýän zatlary bilen ýüzlenýändir» diýendirler. Bu söz, birnäçe sebäplere görä dogry däldir, batyldyr:
1. Alla tagalanyň Öz mahluklaryna (ýaradan zatlaryna) meňzeş bolmagyny din we akyl batyl (ýalan) saýýandyr. Onsoň «Kuran» we «Sünnetiň» (hadysyň) manysynyň batyl bolmagy, asla mümkin däldir.
2. Alla tagala adamlara, olaryň many taýdan düşünip biläýjek zatlary bilen ýüzlendi. Emma ol manynyň asyl hakykatyny we görnüşini, öz gaýybynda gizlin saklandyr. Hususanda, Özüne we sypatyna degişli zatlardyr.
Eger Alla tagala Özüne «Eşidiji» diýen bolsa, (özüne laýyk görnüşde eşidýändir). Elbetde, eşitmeklik many taýdan aýan zatdyr. Ol: «Sesleri eşitmeklikdir». Emma Alla tagalanyň eşitmeklik hakykaty hiç kime belli däldir. Hatda mahluklarda hem, eşitmeklik diýilen zat, özara aratapawut edýändir. Indi Halyk (Ýaradan) bilen mahlugyň (ýaradylanyň) arasyndaky aratapawut bolsa, has beýikdir we aýdyňdyr.
Eger-de Alla tagala Özüniň «Arşyň» üstüne «El-Istiwa» edenligi (göterilendigi, galanlygy) barada habar beren bolsa, (özüne laýyk görnüşde «Arşa» galandyr). Elbetde «El-Istiwa» asyl many taýdan düşnüklidir. Emma Alla tagalanyň Özüne mahsus «El-Istiwa»-nyň hakykaty (görnüşi, sypaty) bize belli däldir. Sebäbi, bir zada «El-Istiwa» etmekligiň (galmaklygyň) görnüşi mahluklaryň arasynda hem aratapawutlydyr. Çünki duran kürsiniň üstüne galyp oturmaklyk bilen, düýäniň eýerine kynçylyk bilen, galyp oturmaklyk tapawut edýändir.
Indi mahluklaryň arasynda bu zatlar aratapawut eden bolsa, onda Halyk (Ýaradan) bilen mahlugyň (ýaradylanyň) arasyndaky aratapawut hem, has beýikdir we aýandyr.
Ýaňky aýdyşymyz ýaly Alla tagala iman etmeklik möminlere birnäçe uly peýdalar berýändir. Bular:
1. Alla tagalany (Reblikde, ybadat etmekde, atlarynda we sypatlarynda) birlemeklik. Ýagny (Alladan edilýän umyt bilen) hiç kime baglanmaz. (Alladan gorkulýan gorky bilen) hiç kimden gorkmaz we Ondan başga zatlara doga-dileg we ybadat hem etmez.
2. Alla tagalany kämil söýgi bilen söýmeklik. Ony gözel atlaryna we beýik sypatlaryna laýyklykda tagzym etmeklik.
3. Onuň buýran zatlaryny edip we gadagan eden zatlaryndan hem gaça durup, Oňa ybadat etmeklik.
***
Perişdeler: Olar bize görünmeýän älemde bolan mahluklardyr (ýaradylan zatlardyr). Alla tagalanyň ýeketäk Özüne ybadat edýändirler. Olarda «reblik» (ýaratmak, dolandyrmak we ş.m.) ýa-da «ylahlyk» (ybadata mynasyplyk) sypatlary ýokdur. Olary Alla tagala nurdan ýaradandyr. (Alla tagala) Öz emrine kämil şekilde boýun bolmaklygy we olary bitirmekligi (perişdelere) peşgeş berendir.
Bu barada Alla tagala şeýle aýtdy: «Onuň ýanyndaky (perişdeler) Oňa ybadat etmekden ulumsylyk etmezler hem-de gaçmazlar. Olar gowşaklyk görkezmezden gije-gündiz (arman-ýadaman) tesbih ederler (Allany päklärler)» (Enbiýa:19-20).
Olar köp sanlydyr. Alladan başgalar olaryň sanlaryny sanap bilmez. Iki «Sahyh-da» (Buhary we Muslimiň hadyslar ýygyndy kitabynda) Enesiň rowaýat eden hadysynda gelişi ýaly Pygamber -sallallahu aleýhi wesellem- Migraj gijesi asmana göterilende beýtul-magmurda (asmandaky öýde) günde ýetmiş müň perişdäniň namaz okaýandygyny gördi. We ol perişdeler haçanda ondan çyksalar (nobatlarynyň ýetmesizligi sebäpli), gaýdyp oňa gelmeýärler.
Perişdelere iman etmek dört sany zady öz içine alýandyr:
1. Olaryň bardygyna iman etmek.
2. Olaryň içinde «Jebraýyl» ýaly, haýsysynyň adyny bilýän bolsak, oňa iman edýäris we adyny bilmedigimize hem, umumy iman edýäris.
3. Olaryň içinde «Jebraýylyň» sypaty ýaly, olaryň sypatlaryndan näme bilýan bolsak iman edýäris. Pygamber -sallallahu aleýhi wesellem- «Jebraýyly» ýaradylan sypatynda görendigini habar berendir. Çünki onuň gözýetimini baglap duran alty ýüz sany ganaty bardyr.
Alla tagalanyň «Jebraýyl» perişdäni, erkek adam şekilli görnüşde, (Isa pygamberiň ejesi) Merýeme iberişi ýaly, käte-käte perişde Alla tagalanyň emri bilen, adam şekiline-de girip bilýändir.
Ýene Pygamber -sallallahu aleýhi wesellem- haçanda sahabalary bilen otyrka, (Jebraýyl) ap-pak eşikli, gap-gara saçly, ýolagçy diýer ýaly däl halda gelip, özem sahabalardan biri hem ony şol wagt tanamaýardy. Ol Pygamber -sallallahu aleýhi wesellemiň- dyzyna dyzlaryny diräp, iki ellerini aýaklarynyň üstünde goýup, Pygamber -sallallahu aleýhi wesellemden- «Yslam, Iman, Yhsan, Ahyret güni we onuň alamatlary» barada sorandyr. We haçanda Pygamber -sallallahu aleýhi wesellem- oňa jogap bereninden soňra, ol ötä gidendir. Şonda Pygamber -sallallahu aleýhi wesellem-: «Ol Jebraýyl size diniňizi öwretmäge gelendir» diýdi (Sahyh Muslim).
Edil şonuň ýaly, Alla tagalanyň Ybraýym we Lut pygamberlere iberen perişdeleri hem, erkek adamyň sypatynda gelendirler.
4. Olaryň Alla tagalanyň emri bilen: «tesbih» edýändiklerine (Allany ähli aýyplardan päkleýändiklerine) we gije-gündiz Oňa arman-ýadaman ybadat edýändiklerine iman edýäris.
Olaryň käbirleriniň aýratyn etmeli amallary bardyr:
Jebraýyl: Alla taganyň berýän «wahyýsyna» Emin (amanatçyl, abat saklaýan) perişdedir. Ony Alla tagala wahyý bilen, pygamberlere we resullara iberýändir.
Mikaýyl: Ýagyş-ýagmyra we ösümliklere gözegçilik etmeklik, buýrulandyr.
Ysrafil: Kyýamat gopanda we adamlar täzeden direldilende surnaý çalmaklyk buýrulandyr.
Ölüm perişdesi: Ölüm sagady gelende ruhlary almak tabşyrylandyr.
Mälik: «Dowzah» odunyň gözegçisidir.
Ene ýatgysyndaky çagalara gözegçilik etmeklik, buýrulan perişdeler. Haçanda ene garnynda ynsanyň dört aýy dolanda, oňa Alla tagala perişde iberip, onuň ryzkyny, ölümini, amalyny we bagtly ýa-da bagtsyzdygyny, ýazmagy buýurýandyr.
Adamlaryň amallaryny ýat tutmaklyk we her bir adamyň amal depderçesini ýazmaklyk, buýrulan perişdeler. Olar iki sanydyr, biri sagynda beýlekisi bolsa çepindedir.
Dünýeden öten adamyny soraga çekmeklik buýrulan perişdeler. Haçanda adam gabryna jaýlananda, oňa iki sany perişde gelip, ondan Rebbi (ony ýaradan we onuň doga-dileg edip ýykylany) barada, onuň dini we pygamberi barada soraýandyrlar.
Perişdelere iman etmekligiň birnäçe uly peýdalary bardyr. Bular:
1. Alla tagalanyň, Onuň Kuwwaty we Soltanlygynyň beýikligini bilmeklik. Elbetde, mahlugyň (ýaradylanyň) beýikligi, onuň Halygynyň (Ýaradyjysynyň) beýikdigine delildir.
2. Alla tagalanyň adam ogly barada edýän aladasy üçin, Oňa şükür etmeklik. Çünki Ol, bu perişdelerden adamlary goramaklyk üçin, olaryň amallaryny ýazmaklyk üçin we ş.m. başga-da näçe peýdalary ýetirýän perişdeleri, gözegçi edip goýandyr.
3. Perişdeleriň ýeketäk Alla tagala ybadat edýänleri üçin, olary söýmeklik.
Käbir azaşanlar, perişdeleriň jisimdiklerini inkär edip: «Olar, ýaradylan zatlaryň içindäki gizlin we güýçli haýyrdyr» diýdiler. Çünki bu diýmekleri, Alla tagalanyň kitabyny we Onuň resulynyň sünnetini, musulmanlaryň hem ijmasyny (bir agyzdan goldan zadyny) ýalan saýmakdyr.
Bu barada Alla tagala şeýle aýtdy: «Ähli hamdy-sena asmanlary we ýeri ýokdan ýaradan, iki, üç we dört ganatly perişdeleri ilçiler eden, Alla mahsusdyr» (Fatyr:1).
«Perişdeler kapyrlaryň ýüzlerine we arkalaryna urup: «Dadyň bakaly‚ alawlap ýanmagyň azabyny!» diýip‚ olaryň janlaryny alanlarynda bir görsediň!» (Enfäl:50).
«...(Eý, Muhammet!) Sen bu zalymlary jan çekişýän (soňky deminde) wagtlary, (ajal) perişdeleriniň ellerini uzadyp, (olara): «Janlaryňyzy (ruhlaryňyzy) çykaryň! Siz bu gün Alla hakda hakykat bolmadyk (ýalan) zady aýdandygyňyz, Onuň aýatlaryny ulumsylyk (bilen inkär) edendigiňiz sebäpli, ryswa ediji azap bilen jezalandyrylarsyňyz» (diýenlerinde, ol kapyrlaryň ýagdaýyny) bir görsediň!» (Engam:93).
«Allanyň huzurynda diňe Özüniň rugsat berenleriniň şepagaty peýda berer. (Allanyň beýikligi sebäpli, haçanda wahy bilen gürlände, asmandakylar eşiderler we gorkydan ýaňa çaşarlar. Haçanda) ýüreklerinden gorky aýrylanda, olar (biri-birinden): «Perwerdigäriňiz näme diýdi?» diýerler. (Perişdeler bolsa): «Hakykaty aýtdy» diýerler. Ol örän Beýikdir, Belentdir» (Sebe:23).
Şeýle-de jennet ili barada Alla tagala şeýle aýtdy: «...(Jennete) her gapydan olaryň ýanyna perişdeler girerler hem-de: «Sabyr edeniňiz sebäpli, size salam bolsun! Diýaryň (dünýä ýaşaýşynyň ahyretdäki bagtly) soňy ne ajaýyp» (diýerler)» (Ragd:23-24).
«Sahyh Buharyda» Ebu Hureýräniň -Alla ondan razy bolsun- rowaýat etmeginde, Pygamber -sallallahu aleýhi wesellem- aýtdy: «Eger Alla bir gulyny söýse, Jebraýyl -aleýhis-selämi- çagyryp: «Hakykatdan-da, Alla pylanyny söýýändir, sen hem ony söý!» diýer. Jebraýyl hem (ol kişini) söýer, soňra Jebraýyl hem asmandakylara jar edip: «Hakykatdan-da Alla pylanyny söýýändir siz hem söýüň!» diýer, asmandakylar hem söýer, soňra oňa ýerde kabul ýazylar» (Buhary).
Ýene-de şol kitapda Ebu Hureýreden rowaýat edilmeginde, Pygamber -sallallahu aleýhi wesellem- aýtdy: «Eger juma güni bolsa, metjitleriň her gapysynda perişdeler durup, yzly-yzyna girenleri bir-birden ýazarlar, emma haçanda ymam (münbere) çykanda bolsa, sahypalary ýygnap, hutbany diňlemäge başlarlar» (Buhary).
Bu delillerde perişdeleriň jisimdigi we azaşanlaryň aýtmagy ýaly, olaryň magnawy (many) güýçler däldigi aýdyňdyr. Takyk, bu delilleriň (Kuranyň we Hadysyň) manysynyň üstünde musulmanlar bir agyzdan jemlenendir.
***
El-Kütüb: (Arap dilinde) kitap sözüniň köplügidir. Ýagny: mektub (ýazylgy) diýmegi aňladýandyr.
Bu ýerde onuň manysy: «Mahluklara (ýaradylanlara) rehmet, hidaýat üçin we olaryň dünýe we ahyret bagtyýarlyklaryna ýetmekleri üçin, Alla tagalanyň Öz resullaryna inderen kitaplarydyr».
Kitaplara iman etmek dört sany zady öz içine alýandyr:
1. Hakykatdan-da Alla tagala tarapyn inderilen kitaplardygyna iman etmek.
2. Atlary bize mälim bolan kitaplara iman etmek. Olardan: Muhammet -sallallahu aleýhi weselleme- inen “Kuran-y Kerim", Musa pygamber -aleýhis-salama- inen “Töwrat", Isa pygamber -aleýhis-salama- inen “Injil" we Dawut pygamber -aleýhis-salama- berilen “Zebur" ýaly, bize atlary mälim bolan kitaplardyr. Emma bize ady belli bolmadyklara bolsa, biz umumy iman edýäris.
3. Kuran-y Kerimiň beren habarlary ýaly we öňki inderilen kitaplardan üýtgedilmedik we ýoýulmadyk dogry bolan habarlary tassyk etmek, ynanmak.
4. Hökümi ýatmadyklara (aýatlara) amal etmek, onuň hikmedine (ylmyna, paýhasyna, sebäbine) düşünsek-düşünmesek ol hökümlerden razy bolmak we olara doly boýun bolmak we öňki inderilen kitaplaryň ählisi Beýik Kurany-Kerim bilen hökümleri ýatyrlandyr.
Alla tagala aýtdy: «Size bolsa (eý, Muhammet), özünden öňki kitaplary tassyklaýjy we olara «muheýmin» bolan bu Kitaby hak-rast hasyl etdik». (Mäide:48).
Aýatdaky «muheýmin» bolan diýdigi, ýagny: «höküm ediji» bolan manydadyr. Şunuň üçin hem, öňki kitaplardan dogrylygy belli bolan we Kurany-Kerimiň tassyk eden hökümlerinden başgalaryna amal etmek bolýan däldir.
Kitaplara iman etmeklik birnäçe peýdaly miweleri berýändir. Bular:
1. Her bir halka dogry ýola hidaýat edýän kitap inderip, Alla tagalanyň öz gullary baradaky (Özüne laýyk derejede) alada edýändigine gözýetirmek.
2. Her bir halklaryň öz hal-ahwallaryna görä kanunlar goýup, Alla tagalanyň şerigatynyň hikmedine (paýhasyna, ylmyna) göz ýetirmek.
Alla tagala aýtdy: «Siziň her bir milletiňiz üçin aýry-aýry şerigat hem ýol (menhej) goýduk». (Mäide:48).
3. Bu kitaplar üçin Allanyň nygmatyna (dilde, amalda, ýürekde) şükür etmek.
***
Er-Rusul: Arap dilinde «Resul» sözüniň köplügidir. Ol «Iberilen» manyny aňladýandyr. Ýagny, bir zady ýetirmeklik üçin goýberilendir.
Bu ýerdäki manysy: Adamlaryň käbirine şerigat bilen «wahyý» inderilip, ony hem adamlara ýetirmeklik buýrulan kişidir (ilçidir). Olaryň ilkinjisi Nuh we ahyrkysy Muhammet -sallallahu aleýhi wesellemdir-. Bu barada Alla tagala şeýle aýtdy: «Takyk, Biz, Nuha we ondan soňky pygamberlere wahyý inderişimiz ýaly, saňa-da wahyý inderdik» (Nisä:163).
We Sahyh Buhary-da Enes ibn Mäligiň –Alla ondan razy bolsun- «Şepagat bermeklik» barada, rowaýat eden hadysynda, Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- şeýle diýdi: «Adamlar (Kyýamat güni) Adam ata –aleýhis-selämiň- ýanyna baryp, olara şepagat etmegini sorarlar. Ýöne Adam ata olardan ötünç sorap: «Nuh –aleýhis-selämiň- ýanyna baryň (belki, ol size şepagat eder). Çünki ol, pygamberleriň ilkinjisidir» diýer...» (hadysdan bir bölek) (Buhary).
Pygamberimiz Muhammet –sallallahu aleýhi we sellem- barada Alla tagala şeýle diýdi: «Muhammet siziň araňyzdaky erkekleriň hiç haýsynyň atasy däldir. Ol Allanyň ilçisidir we iň soňky pygamberdir. Alla ähli zady bilýändir» (Ahzab:40).
Tä onuň kowmuna çenli, aýratyn şerigat bilen resul iberilmedik ymmat, ýa-da özünden öňki gelen resulyň şerigatyny täzelär ýaly, wahyý bilen iberilmedik pygamber galan däldir.
Bu barada Alla tagala şeýle aýtdy: «Kasam bolsun! Biz her bir ymmata: «Allanyň (ýeketäk özüne) ybadat ediň we (ondan başga ybadat edilýän) tagutdan daşlaşyň!» (diýen wahyý bilen) pygamber iberdik» (Nahl:36).
«Aslynda, arasynda duýduryjy (ägälendiriji pygamber) bolmadyk hiç bir millet ýokdur» (Fatyr:24).
«Takyk, Biz içinde nur we hidaýat bolan, Töwraty inderendiris. Alla boýun bolan pygamberler ýahudylara (Töwrat hökümleri) bilen höküm edýärdiler» (Mäide:44).
Resullar hem, ýaradylan adamlardyr. Olarda reblik we ilählyk aýratynlyklary ýokdur. Resullaryň başy we Allanyň huzurynda derejesi beýik bolan pygamberi Muhammet -sallallahu aleýhi wesellem- barada Alla tagala şeýle diýdi: «(Eý, Muhammet!) Sen aýt: «Alla islemese meniň hatda özüm üçin-de hiç zada güýjüm ýetmez. Ne bir peýda getirip bilerin‚ ne-de gelip biljek zyýany daşlaşdyryp bilerin. Diňe Allanyň isläni bolar. Eger gaýyby bilsedim‚ belki, has köp haýyr iş ederdim‚ ähli erbetliklerden goranardym. Onsoň hem men iman getirjek kişiler üçin diňe bir (dowzah azabyndan) ägälendiriji we (jennet nygmatlary hakynda) buşlaýjydyryn» (Agraf:188).
«(Eý, Muhammet!) Aýt: «Meniň size ne zyýan bermäge, ne-de (bir uly peýda berjek) dogry ýola salmaga güýjüm ýeter. Takyk, (eger Alla maňa, boýun bolmazlygym sebäpli, azap bermek islese) meni Allanyň (jezasyndan) hiç kim halas edip bilmez! Men Ondan başga sygnara ýer tapmaryn!». (Jyn:21-22).
Olara (Resullara) hem, kesel, ölüm, iýip-içgä bolan isleg we ş.m.., ýaly adamzadyň ýaşaýşyna degişli bolan zatlar degýändir. Alla tagala Ybraýym pygamberiň Rebbine eden waspy barada şeýle aýtdy: «Onuň Özi meni doýurar we suwdan gandyrar. Kesellesem, Onuň Özi şypa berer. Ol meni öldürer, soňra (kyýamat gününde gaýtadan) direlder». (Şugara:79-81).
We Pygamberimiz -sallallahu aleýhi wesellem- aýtdy: «Men hem siziň ýaly adamdyryn. Siziň unudyşyňyz ýaly, men hem unutýaryn. Eger unutsam ýatladyň!»
Alla tagala olary Özüne ybadat etmeklikde beýik derejelerinde we öwgi görnüşinde wasp etdi. Nuh pygamber barada Alla tagala aýtdy: «Ol şükürli guldy» (Isra:3).
Muhammet pygamber -sallallahu aleýhi wesellem- barada aýtdy: «Älemlere (ahyret azabyndan) ägälendiriji bolsun diýip, Furkany (Kurany) öz bendesine (Muhammede) inderen Alla örän bereketlidir» (Furkan:1).
Ybraýym, Yshak, we Ýakup -aleýhis-selamlar- barada şeýle aýtdy: «(Eý, Muhammet!) Gujur-gaýratly we akyl-paýhasly bendelerimiz bolan Ybraýymy, Yshagy we Ýakuby ýadyňa sal! Biz olary ýöriteläp, (ahyret) diýaryny ýatlap ýören yhlasly (bendelerimiz) etdik. Takyk, olar Biziň ýanymzyda saýlama ýagşy bendelerdendir» (Sad: 45-47).
We Merýem ogly Isa barada şeýle aýtdy: «Ol diňe özüne (pygamberlik) nygmaty berlen we ysraýyl ogullary üçin görelde edilip ugradylan bendedir» (Zuhruf:59).
Resullara iman etmek dört sany zady öz içine alýandyr:
1. Olaryň pygamberlikleriniň Alla tarapyndan hakdygyna iman etmeklik. Kimde-kim olaryň biriniň pygamberligini inkär etse, olaryň baryna kapyr bolandyr. Alla tagala aýtdy: «Nuhuň kowumy hem pygamberleri ýalançy hasapladylar» (Şugara:105). Haçanda ony ýalançy saýanlarynda, ondan (Nuhdan) başga pygamber ýokdy. Ýöne şonda-da Alla tagala olary, ähli resullary ýalançy saýanlardan etdi.
Şonuň üçin hem, Muhammet -sallallahu aleýhi wesellemi- ýalançy saýan we oňa eýermedik hristiýanlar, Merýem ogly Isa Mesihy hem, ýalançy saýyp oňa eýermediklerdir. Hususanda ol (Isa), Muhammet -sallallahu aleýhi wesellem- barada olary buşlap gidendir. Çünki bu buşlugyň manysy: «Eger oňa iman edip, eýerseler. Alla onuň bilen olary azaşmaklykdan halas edip, dogry ýola hidaýat etjekdir».
2. Olardan bize atlary belli bolanlara iman etmeklik. Mysal üçin: Muhammet, Ibrohim (Ybraýym), Musa, Isa we Nuh -aleýhyssalamlar- sabyr-çydamly resullardyr. Olary Alla tagala Kuranyň iki ýerinde ýatlap geçdi: «(Ýatlaň! Eý, Muhammet! Haçanda) biz (barça) pygamberlerden we sizden, Nuhdan, Ybraýym we Merýem ogly Isadan (dini ýetirmeklikde) ähti-peýman alypdyk» (Ahzab:7).
Şura süresinde Alla tagala şeýle diýdi: «Biziň: «Dini dogry saklaň we topar-topar bolup bölünişmäň!» diýip, Nuha ündew eden zadymyzy, saňa (Muhammede) wahyý eden zatlarymyzy, Ybraýyma, Musa we Isa ündänlerimizi, Alla size (eý, adamlar) din (hökmünde) berendir» (Şura:13).
Emma atlaryny bilmeýänlerimize şeýle umumy iman edýäris. Alla tagala aýtdy: «Kasam bolsun! Biz senden öň hem pygamberler ugratdyk. Olaryň arasynda saňa kyssalaryny gürrüň berenlerimiziň bolşy ýaly, saňa gürrüň bermediklerimiz hem bardyr» (Gafir:78).
3. Olaryň habarlaryndan dogry bolanlaryny dogry saýmak.
4. Olardan bize iberileniň dinine görä amal etmek. Ol bolsa pygamberleriň soňkysy Muhammet -sallallahu aleýhi wesellemdir-. Ol bütin ynsanlara iberilendir. Bu barada Alla tagala şeýle aýtdy: «Ýok! Perwerdigäriňe kasam bolsun! Olar öz aralarynda dörän düşünişmezliklerinde höküm etmegiň üçin seni (emin) edip, seniň çykarjak hökümiňi göwünlerine hiç zat getirmezden (kabul edip, saňa) doly boýun bolmasalar, iman getirdikleri bolmaz» (Nisä:65).
Resullara iman etmeklik birnäçe uly miweleri berýändir. Bular:
1. Alla tagalanyň gullary baradaky edýän tagallasyny bilmeklikdir. Çünki Ol (Alla) resullary, adamlara Allanyň ýoluny görkezip, olara Alla tagala nähili görnüşde ybadat etmeklerini öwretmeklik üçin iberendir. Sebäbi, adam aklynyň özi ol zatlary hiç bilip bilmez.
2. Bu uly nygmat üçin Alla tagala şükür etmeklik.
3. Resullary –aleýhys-salamlary- söýmeklik, olara hormat goýmaklyk we laýyk derejede (çenden geçmän) olara öwgi-sena aýtmaklyk. Sebäbi olar Allanyň resullarydyr, olar Oňa ybadat etdiler, Onuň iberen zadyny adamlara ýetirdiler we olara nesihat etdiler.
Hak zady bilip, kabul etmedikler öz resullaryny ýalançy saýan bolup: «Allanyň resullary adamlardan bolmaz» diýip, ýalan sözlediler. Alla tagala bu geplerini Kuranda ýatlap, ýalana çykardy: «Adamlara dogry ýoly görkeziji (pygamber) gelende, olaryň iman getirmegine: «Alla pygamber edip (perişdäni däl-de) adamy iberdimi?» diýen sözlerinden başga zat päsgel bolmady. (Eý, Muhammet!) Aýt: «Eger ýer ýüzünde perişdeler (adamlar ýaly) rahat ýerleşip, gezip ýören bolsalardy, elbetde, olara asmandan bir perişdäni pygamber edip ibererdik» (Isra:94-95).
Alla tagala olaryň sözlerini batyla çykardy. Çünki resul hökmany suratda adam bolmalydyr. Sebäbi ol, ýerdäkilere iberilýändir, olar bolsa adamlardyr. Eger ýerdäkiler perişdeler bolan bolsa, onda Alla olara asmandan olara meňzeş bolar ýaly, perişdäni pygamber edip ibererdi. Alla tagala olaryň aýdan sözlerini (Kuranda) şeýle hekaýat etdi:
«Olar: «Siz hem biz ýaly adamsyňyz. Siz bizi ata-babalarymyzyň ybadat eden zatlaryndan (butlaryndan) daşlaşdyrmak isleýärsiňiz. Hany, (eger çyn pygamber bolsaňyz) bize aýdyň delil getiriň bakaly» diýdiler. Pygamberleri olara: «(Hawa), biz hem siziň ýaly adamlardyrys. Ýöne Alla bendelerinden islän kişisine (pygamberlik) berýär. Allanyň rugsady bolmasa, biziň size delil getirmegimiz mümkin däldir». (Ibrohim:11-12).
***
Ahyret güni: «Ynsanlaryň sogap ýa-da azap we hasap üçin, täzeden direlýän güni, Kyýamat günüdir».
Ahyret güni diýilmekliginiň sebäbi, jennetiler öz jennetdäki ýerlerine we dowahylar öz dowzah ýerlerine ýerleşerler.
Ahyret gününe iman etmeklik dört sany zady öz içine alýandyr:
1. Bagsa (gaýtadan direlişe) iman etmek. Bu bolsa: Ikinji gezek Sur çalynyp, ölüleriň täzeden direldilmegidir. Şonda adamlar aýakgapsyz, ýalaňaç we sünnetsiz halda turup älemleriň Rebbine hasabat bermek üçin gelerler.
Alla tagala aýtdy: «...Ilkinji gezek nähili ýaradan bolsak, (şol hala) gaýtararys. (Bu) Biziň boýnumyzdaky wadadyr. Elbetde, Biz (şeýle) edýändiris». (Enbiýa:104).
Gaýtadan direlmeklik: Kuran, Hadys we musulmanlaryň bir agyzdan goldamaklary esasynda hakdyr. Alla tagala aýtdy: «Soňra, şek-şübhesiz, siz elbetde, öljeksiňiz. Soňra, şek-şübhesiz, siz Kyýamat gününde gaýtadan direlersiňiz». (Mu'minun:15-16).
Pygamber -sallallahu aleýhi wesellem- aýtdy: «Ynsanlar Kyýamat gününde aýakgapsyz, ýalaňaç, we sünnetsiz direldiler». (Buhary we Muslim).
Musulmanlar (Kyýamat gününiň) hakdygyny bir agyzdan kabul edendirler. Olaryň ýaradylmagynyň düýp manysyda şudur. Çünki Alla tagala resullarynyň dilleriniň üsti bilen, (adamlara) buýran zatlary üçin, bu halyfyň (adamzadyň) sogabyny-günäsini berjek wagtyny belländir.
Alla tagala aýtdy: «...Siz özüňiziň boş ýere ýaradylyp, Bize gaýdyp gelmersiňiz öýtdüňizmi?!». (Mu'minun:115).
Ýene-de Alla tagala öz pygamberine şeýle aýtdy: «(Eý, Muhammet!) Kurany saňa (adamlara ýetirmegi we oňa amal etmegi) parz eden (Alla), takyk, seni dolanyp barjak ýeriňe (Kyýamat sagadyna) gaýtaryp elter». (Kasas:85).
2. Hasap we sogap-jeza bardygyna iman etmek. Gul (adam) eden amalyna görä sogabyny-günäsini aljakdyr. Muňa Kuran, sünnet we musulmanlaryň bir agyzdan goldamaklary delalat edýändir.
Alla tagala aýtdy: «Elbetde, olar (hökman) Bize gaýdyp gelerler. Soň, elbetde, olary hasaba çekmek Biziň işimiz bolar». (Gaşyýa:25-26).
«Kim bir ýagşy amal kylsa, oňa (Allanyň ýanynda eden işiniň) on essesi bardyr. Kim bir ýaman iş kylsa‚ diňe eden ýamanlygyna barabar jeza görer. Olara (hiç hili) zulum edilmez». (Engam:160).
«Biz kyýamat güni üçin adalat terezilerini gurarys, (şondan soň) hiç kime hiç hili zulum edilmez. Edilen iş hardal (dary) dänesiniň agyrlygynda bolsa hem, biz ony getirip ýüze çykararys. Biz ýeterlik hasap soraýjydyrys». (Enbiýa:47).
Abdulla ibn Omaryň -Alla olardan razy bolsun- rowaýat etmegine görä, Pygamber -sallallahu aleýhi wesellem- aýtdy: «Takyk, Alla tagala mömini ýakynlaşdyryp onuň üstüni kepenini goýup örterde: «O günäňi bilýärmisiň? Bu günäňi bilýärmisiň?» diýip sorar. Ol: «Hawa Rebbim» diýer. Tä ol günälerini kabul edip we özüniň ynha-ynha heläk boljagyna düşünende, (Alla tagala) oňa: «Olary dünýede örtüpdim we bu gün bolsa saňa bagyşlaýaryn» diýer we oňa sogap kitapçasy beriler. Emma kapyrlara we mynafyklara (musulmanlara imanyny görkezip içinden bolsa iman etmedikler) ýaradylanlaryň içinden olara: «...Bular Reblerine ýalan sözlänlerdir. Biliň! Allanyň lagnaty zalymlara bolsun» diýerler. (Buhary we Muslim).
Ýene-de Pygamber -sallallahu aleýhi wesellemden- rowaýat edilen sahyh hadysda: «Kim bir sogap etmegi ýüregine düwüp ony etse, Alla tagala ony Öz gatynda on sogapdan tä ýedi ýüze çenli, hatda ondan-da ep-esli esselere çenli sogap ýazar. We kim bir ýaman işi niýet edip ony etse, Alla tagala diňe bir günä etdi, diýip ýazar».
Takyk ki, edilen amallar üçin hasabyň we jezanyň bardygyna musulmanlar bir agyzdan jemlenendirler. Bu Alla tagalanyň hikmedine görädir. Çünki, Alla tagala kitaplary inderip, resullar iberip we gullara (adamlara) olaryň getiren zatlaryny kabul etmekligi, olaryň buýran wajyp amallaryny bitirmekligi we olara garşy çykan (kapyrlara) uruş etmekligi buýrandyr. Olaryň ganlaryny, zürýatlaryny, aýallaryny we emläklerini (musulmanlar üçin) halal etdi. Emma hasap-jeza bolmasa-dy, bu zatlar ýöne bir oýun bolardy, hikmet eýesi bolan Alla tagala mundan päkdir. Alla tagala muňa yşarat edip şeýle diýdi: «Bes, Biz özlerine pygamber iberilenlerden hasap sorarys. Iberilen ol ilçilerden hem hasap sorarys. Bes, biz olara (dünýäde eden işleri barada) Öz ylmymyza daýanyp aýdyp bereris. Çünki Biz hiç wagt gaýyp (ýok) bolmandyk ahyry!» (Agraf:6-7).
3. Jennete we Dowzaha iman etmek. Olaryň ikisi, ýaradylanlaryň ebedi barjak ýerleridir.
Jennet: Alla tagalanyň iman etmesi wajyp eden zatlaryna iman edip, Alla we Onuň resulyna boýun bolup we Allany (reblikde, ybadatda, we atlarynda-sypatlarynda birläp) Onuň resulynyň öwredişi ýaly ybadat edip, Ondan gorkýan (buýranyny edip, haram eden zadyndan gaýdan) möminler üçin, taýýarlan nygmat mekanydyr. Jennetde «Adamyň gözi görmedik, gulagy eşitmedik we göwnüne gelmedik» nygmatlar bardyr.
Bu barada Alla tagala şeýle aýtdy: «Emma iman getirip, ýagşy amallary edýänler bolsa, ýaradylan zatlaryň iň haýyrlysydyr. Bulara Perwerdigäriniň huzurynda beriljek sylag-sogaplary, aşagyndan derýalar akýan hem-de ebedi galjak ýerleri bolan «Adn» jennetleridir. Alla olardan, olar hem Alladan razy bolandyrlar. Ine, bu (sylag) Perwerdigärden gorkan takwalaryňkydyr». (Beýýine:7-8).
«Hiç kim olaryň eden ýagşy işlerini sylaglamak üçin (jennetde) gözleri guwandyrjak niçeme nygmatlaryň gizlenendigini bilýän däldir». (Es-Sejde: 17).
Dowzah: Emma Dowzah ody bolsa, bu Allany inkär eden we Onuň resullaryna boýun bolmadyk kapyrlar üçin, Alla tagalanyň taýynlap goýan azap mekanydyr. Dowzahda göz-öňüne getirip bolmajak her dürli azaplar bardyr.
Bu barada Alla tagala şeýle aýtdy: «We kapyrlar üçin taýýarlanyp goýlan dowzahdan gorkuň!». (Äli-Imran: 131).
«Takyk, Biz zalymlar üçin (daş-töweregi) diwarlar bilen gurşalan ody (dowzahy) taýýarlap goýandyrys. Eger olar (teşnelik jebrine çydaman) suw sorasalar, olara ýüzlerini (ýakyp) eretjek (ýanan ýag ýaly) suw berler. Gör, (ol) nähili erbet içgidir we (ol) nähili erbet söýeniljek ýerdir». (Kehf: 29).
«Takyk, Alla kapyrlary lagnatlady we olara ýalynly ody taýýarlady. Olar ol ýerde ebedi galarlar. Şeýle hem olar özlerine ne bir hemaýatkär, ne-de bir ýardamçy taparlar. Olar ýüzleri oda aýlandyrylan güni: «Käşgä, biz Alla we Onuň ilçisine tabyn bolsadyk» diýerler». (Ahzab:64-66).
Ölümden soňky boljak zatlara iman etmeklik, Ahyret gününe iman etmeklik bilen baglanyşyklydyr. Bular:
1. Gabyr pitnesi (soragy): Bu, öli adamyň Rebbi, dini we pygamberi barada sorag berilmegidir. Alla tagala iman edenleri berk-mäkäm söz (lä ilähä illa Alla) bilen bekitjekdir we ol kişi: «Rebbim Alla, dinim Yslam, pygamberim Muhammet -sallallahu aleýhi wesellem-» diýjekdir. Emma zalym kapyrlary Alla tagala azdyrjakdyr we ol (kapyr): «Hä, hä bilemok» diýer. We mynafyk (ýada şübhede gezen kişi): «Bilmeýärin, adamlaryň bir zatlar aýdanyny eşitdim we şolar ýaly aýtdym» diýer.
2. Gabyr azaby we nygmaty.
(Gabyr azaby) Kapyrlardan we mynafyklardan bolan zalym kişiler üçindir. Alla tagala aýtdy: «(Eý, Muhammet!) Sen bu zalymlary jan çekişýän (soňky deminde) wagtlary, (ajal) perişdeleriniň ellerini uzadyp, (olara): «Janlaryňyzy (ruhlaryňyzy) çykaryň! Siz bu gün Alla hakda hakykat bolmadyk (ýalan) zady aýdandygyňyz, Onuň aýatlaryny ulumsylyk (bilen inkär) edendigiňiz sebäpli, ryswa ediji azap bilen jezalandyrylarsyňyz» (diýenlerinde, ol kapyrlaryň ýagdaýyny) bir görsediň!» (Engam:93).
Fyrgawnyň maşgalasy barada Alla tagala şeýle diýdi: «Olar (kyýamata çenli) ertir-agşam dowzah oduna salnarlar. Kyýamat gopan güni bolsa: «Fyrgawnyň maşgalasyny (yzyna eýerenleri) iň gazaply azaba duçar ediň» (diýler)». (Gafir: 46).
Sahyh Muslim (kitabynda) Zeýd ibn Säbit -Alla ondan razy bolsun- rowaýat etmeginde, Pygamber -sallallahu aleýhi wesellem- aýtdy: «Şeksiz, bu ymmat gabyrlarynda synag-pitnelere duçar boljakdyrlar. Eger birek-biregiňizi jaýlamazlygyňyzdan gorkmasadym, meniň eşidýän gabyr azabyny sizede eşitdirmegini Alla tagaladan dileg ederdim» diýdi. (Zeýd ibn Sabit aýtdy): «Soňra bize tarap öwürlip: «Dowzah azabyndan Alla sygynyň!» diýdi». (Sahabalar): «Dowzah azabyndan Alla sygynýarys» diýdiler. (Pygamberimiz -sallallahu aleýhi wesellem-): «Gabyr azabyndan Alladan pena soraň!» diýdi. (Sahabalar): «Gabyr azabyndan Alla sygynýarys» diýdiler. (Pygamberimiz -sallallahu aleýhi wesellem-): «Gizlin we äşgär pitnelerden Alladan pena soraň!» diýdi. (Sahabalar): «Gizlin we äşgär bolan pitnelerden Alla sygynýarys» diýdiler. (Pygamberimiz -sallallahu aleýhi wesellem-): «Dejjalyň pitnesinden (synagyndan) Alla sygynyň!» diýdi. (Sahabalar): «Dejjalyň pitnesinden Alla sygynýarys» diýdiler».
Emma gabyr nygmatlary bolsa, hakyky iman eden möminler üçindir. Alla tagala aýtdy: «Takyk, «Perwerdigärimiz Alladyr!» diýenlerinden soň, dogry ýoly (dini, şerigaty) tutanlaryň ýanlaryna (ölüm pursatynda) perişdeler gelerler we olara: «Gorkmaň, gamgyn hem bolmaň, siz wada berlen jennetiň hoş habary bilen şatlanyň!» (Fussylat:30).
«Bes, siziň janyňyz bogazyňyza ýeten wagty, seredip (aňalyp) galarsyňyz. Biz bolsa oňa (ajalyňyza) sizden has ýakyndyrys! Emma siz (hakykaty) görüp bilmersiňiz! Eger siziň (ahyretde berjek) hasabyňyz ýok bolsa we siz (bu sözüňizde) dogruçyl bolsaňyz, onda ony (çykan ol ruhy-jany) yzyna öwrüň-dä?! Eger (jan beren kişi Alla) ýakyn imanlylardan bolsa, onuň üçin rahatlyk, gözel rysgal we «Nagym» jennetleri bardyr!» (Wakyga:83-89).
Baro ibn Azibden rowaýat edilmeginde, Pygamber -sallallahu aleýhi wesellem- imanly adam gabrynda iki sany perişdäniň berjek soraglaryna jogap berensoň, boljak hadysa barada şeýle diýdi: «...Asmandan oňa bir ses gelip: «Meniň gulum dogry aýtdy, oňa jennetden bir ýer düşäň, ony jennetden (jennet lybasyndan) geýdiriň we oňa (gabrynda) jennete gapy açyň» diýler. (Pygamber -sallallahu aleýhi wesellem-) aýtdy: «Oňa jennetiň rowhyndan we hoşboý ysyndan ys geler we gabyry gözüniň ýeten ýerine çenli giňeler». (Ymam Ahmet we Ebu Dawud uzak hadysda rowaýat etdiler).
Ahyret gününe iman etmekde birnäçe uly peýdalar bardyr:
1. Ol günüň sogabyny umyt edip haýyr ybadatlar etmeklige isleg döreder we iterer.
2. Ol günüň azabyndan gorkup, günä işleri etmekden saklanar we ondan razy bolmaklykdan çekiner.
3. Dünýe nygmaty eline gelmedik mömin kişini, ahyret nygmaty we sogaby bilen onuň göwnüne teselli bermek, rahatlandyrmak.
Takyk ki, kapyrlar «(Ahyret gününiň) geljegi mümkin däl» diýip, ölümden soňky direlişi inkär etdiler. Olaryň bu gepleriniň ýalandygyna şerigat (din), duýgy we akyl delildir (şaýatdyr).
1. Şerigat tarapdan delili. Alla tagala aýtdy: «Kapyrlar ölenlerinden soň hiç haçan direlmezler öýtdüler. (Olara): «Ýok, Perwerdigärime kasam bolsun! Siz (hökman) täzeden direldilersiňiz. Soň size eden işleriňiz (ýekeme-ýeke) habar berler. Bu Alla üçin (juda) aňsatdyr» diýip aýt». (Tagabun:7).
(Direlişiň boljagyny) Alladan inen ähli kitaplar (Töwrat, Injil, Zebur) hem tassyklaýandyr.
2. Duýgy (görmeklik) tarapdan delili. Alla tagala bu dünýede öz bendelerine ölüleri direltýändigini görkezendir. Bakara süresinde muňa bäş sany mysal getirilendir.
Birinji mysal: Musa pygamberiň halky haçan oňa: «Allany aç-açan görýänçäk saňa iman etmeris» diýenlerinde, Alla tagala olary öldürip direldendir. Şonda Alla tagala beni-ysraýyl ogullaryna (ýewreý halkyna) ýüzlenip şeýle diýdi: «(Eý, beni Ysraýyl, ýatlaň!) Siz: «Eý, Musa! Biz, tä Allany äşgär görýänçäk, saňa hiç haçan iman etmeris» diýen wagtyňyz, gözüňiziň alnynda sizi ýyldyrym urdy. Siziň şükür etmegiňiz üçin (ýyldyrym urandan) soň, Biz sizi (täzeden) direltdik». (Bakara:55-56).
Ikinji mysal: Bir öldürilen kişiniň üstünde Ysraýyl ogullarynyň dawa edenligi baradaky kyssadyr. Alla tagala olara bir sygyr soýmaklaryny buýrup, ol kişini kimiň öldürenini aýtmagy üçin (sygyryň) bir bölegi bilen (ölüni) urmaklygy buýurdy.
Bu babatda Alla tagala şeýle diýdi: «(Eý, beni Ysraýyl, ýatlaň!) Siz (bir wagt) bir adam öldüripdiňiz, (soň hem) onuň (ganhorynyň kimdigi) barada öz araňyzda dawalaşypdyňyz. Alla siziň gizleýän zatlaryňyzy ýüze çykaryjydyr. Biz (size): «Onuň (öldürilen sygryň) bir bölek (eti) bilen ony (öldürilen adamy) uruň» diýdik. Ine, siziň akylyňyza aýlanmagyňyz üçin, Alla ölüleri şeýdip direldýär we size öz alamatlaryny (gudratlaryny) görkezýär». (Bakara:72-73).
Üçünji mysal: Müňlerçe sanly bolup, öz ýurtlaryndan ölüm gorkusy sebäpli gaçan halkyň kyssasydyr. Alla tagala olary öldürip, soňra hem direldendir.
Bu babatda Alla tagala şeýle diýdi: «Sen (sanlary) müňlerçe bolsa hem, ölüm gorkusy sebäpli, ýurtlaryndan çykyp gidenleri görmediňmi? Alla olara: «Ölüň!» diýdi, (olar hem öldüler). Soň bolsa olary direltdi. Takyk, Alla ynsanlara pazly-kerem eýesidir. Ýöne ynsanlaryň aglabasy şükür etmezler». (Bakara:243).
Dördünji mysal: Bir öli obanyň ýanyndan geçip barýan kişi, olary Alla tagalanyň gaýtadan direltjegini mümkin bolmadyk zat görende, ony Alla tagala öldürip, ýüz ýyldan soňra hem, direlden kişisi baradadyr.
Bu babatda Alla tagala aýtdy: «Ýa-da sen (öýleriniň) üçekleri (diwarlarynyň) üstüne ýykylan (we hiç kim hem diri galmadyk) bir obanyň deňinden geçip barýan kişiniň: «Alla bulary ölenlerinden soň nädip direldip bilerkä?» diýenini görmediňmi? Şonda Alla onuň janyny alyp, ýüz ýyldan soň ony direldip, oňa: «Näçe wagt (öli halda) galdyň?» diýdi. Ol: «Bir gün ýa-da ýarym gün galdym» diýdi. (Alla): «Ýok, sen ýüz ýyl galdyň. Azygyňa we şerbetiňe seret, henizem üýtgän däldir. Eşegiňe hem seret! Biz (muny) seniň ynsanlara ybrat (bolmagyň) üçin etdik. Sen (ölen eşegiň) süňklerine seret! Olary nähili (ýerbe-ýer) goýýarys. Soň ony et bilen gaplap (direldýäris)» diýdi. Ol bu ýagdaýa göz ýetirensoň: «Men Allanyň ähli zada güýjüniň ýetýändigine göz ýetirdim» diýdi». (El-Bakara:259).
Bäşinji mysal: Ybraýym Halyl pygamber, Alla tagaladan ölüleri nähili direldýänini görkezmegini soranda, Alla tagala oňa dört sany guşy soýup, olary biri-biri bilen garyp, golaýdaky daglaryň üstüne goýuşdyrmagy we soňra olary çagyrmagy buýranda, ol bölekler bir-birine sepleşip öňki halynda Ybraýyma tarap gelenligi baradaky kyssadyr.
Bu babatda Alla tagala aýtdy: «Ybraýým (hem): «Eý, Perwerdigärim! Maňa ölüleri nädip direldýändigiňi görkez» diýipdi. (Alla): «Sen näme ynanmadyňmy?» diýdi. (Ybraýym): «Ýok (ynandym), ýöne kalbymyň ynjalmagy üçin (görmek isleýärin)» diýdi. (Alla): «Sen dört sany guşy alyp, olary (gowy tana), soň (öldürip, etlerini bölekläp, biri-birleri bilen garyşdyryp) ýanyňa al! Soň her dagyň başyna olardan bir bölek et goý! Soň olary çagyr, derrew seniň ýanyňa gelerler» diýdi. Takyk, Allanyň Gudraty güýçlüdigini‚ hikmet eýesidigini bilip goý!» (Bakara:260).
Bular, ölüleri direltmekligiň mümkin zatdygyna delalat edýän, bolup geçen, duýgy tarapdan mysallardyr.
Ýene-de Merýem ogly Isanyň Alla tagalanyň rugsady bilen, ölüleri direldip we olary gabyrlaryndan çykaranlygy baradaky gudratlaryny hem ýatlap geçipdik.
3. (Alla tagalanyň bardygyna) Akylyň delalat etmegi iki görnüşdir:
1. Takyk, Alla tagala asmanlaryň, ýeriň we olaryň arasyndaky zatlaryň ilkibaşdaky Ýaradyjysydyr! Indi olary ilkibaşda ýaratmagy başaran, gaýtadan ýaratmaga hem ejizlik etmez.
Bu babatda Alla tagala şeýle aýtdy: «Ähli zady ilkibaşda ýaradyp, soň bolsa (ölenlerinden soň) olary gaýtadan ýaratjak Oldur (Alladyr) we bu iş Onuň üçin örän aňsatdyr». (Rum:27).
«...Ilkinji ýaradanymyzdaky ýaly, öňki ýagdaýyna (täze dogan çaga ýaly edip) getireris. Bu (Biziň) Öz üstümize alan wadamyzdyr. Takyk, biz ony ýerine ýetireris». (Enbiýa:104).
Alla tagalanyň süňkleri gaýtadan direltmegini inkär edenlere, şeýle jogap bermegi buýrandyr: «Oňa: «(Olary) ilkibaşda kim ýaradan bolsa, şol hem (täzeden) direlder. Çünki Ol ähli ýaradan (zatlaryny) bilýändir» diýip aýt». (Ýasin: 79).
2. Ýer ýüzi ýaşyl agaçsyz, gury we jansyz halda bolup, onuň üstüne ýagmyr ýaganda, ol ýeriň ösümlikleri yranyp, gögermäge başlar we gök öwsüp duran hala geler. Onuň her jübütinden owadan ösümlikler emele geler. Çünki ýeri gaýtadan direltmäge kadyr bolan Alla, Kyýamat güni ölüleri gaýtadan direltmäge-de kadyrdyr.
Bu barada Alla tagala şeýle aýtdy: «Seniň ýeri gurap ýatan ýagdaýda görmegiň hem, Allanyň aýatlaryndandyr (alamat-gudratlaryndandyr). (Sebäbi) Biz ýere suwy (ýagşy) ýagdyranymyzda, (ösümlikler) gymyldaşyp, gögerip çykýar. Oňa (guran ýere) jan berýän, elbetde, ölüleri hem direlder. Ol ähli zada kadyrdyr». (Fussylat: 39).
«Biz asmandan bereketli suw inderdik. Onuň bilen bag-bakjalary we oruljak ekinleri, (şahalary) biri-biri bilen çyrmaşyp giden uzyn boýly hurma agaçlaryny ýetişdirdik. Bendelerimize rysgal (bermek) üçin, ol (suw) bilen öli ýere (topraga) ýaşaýyş berdik. (Ölenleriň öz gabyrlaryndan gaýtadan direlip) çykmaklary hem, ine, şeýle bolar». (Kaf:9-11).
Hak ýoldan gyşaran käbir topar adamlar, (gabyr azaby we nygmaty) akla sygmaýanlygy üçin, munuň bolmajagyny aýdyp ýoldan azaşdylar. Olar gabyr azabyny we onuň nygmatlaryny inkär edip şeýle diýdiler: «Eger öliniň gabry açylsa we oňa hiç zat bolman, adaty haldadygyny we gabyryň ne giňelendigini, ne-de daralandygyny görersiň» diýdiler.
Olaryň bu sözleri şerigat (din), duýgy we akyl taýdan ýalňyşdyr:
1. Şerigat tarapdan ýalňyşdygyna delil: Ýokarda gabyr azabynyň we onuň nygmatlarynyň hakdygy baradaky bölümde, olara iman etmeklik, Ahyret gününe iman etmeklik bilen baglydygyna (Kurandan we Hadysdan) delilleri bilen agzalyp geçilendir. Sahyh Buhary kitabynda Abdulla ibn Abbas -Alla olardan razy bolsun- rowaýat eden hadysynda şeýle gürrüň berdi: «Pygamber -sallallahu aleýhi wesellem- bir gün Medinäniň hurma bagçylygynyň ýanyndan geçip barýarka, gabyrlarynda azap çekip ýatan iki kişiniň sesini eşidýär. Şonda (Pygamber -sallallahu aleýhi wesellem-) aýtdy: «Takyk ki, olardan biri peşewden (syçramasyndan) goranmaýardy -başga rowaýatda: «peşewinden goranmaýardy» (diýip hem gelýär). Emma beýlekisi bolsa, (adamlaryň arasynda) gybat ederdi». (Buhary).
2. Duýgy tarapdan ýalňyşdygyna delil: Elbetde, ýatan adam düýşünde giň, owadan ýerde bolup ýörenini görüp, ondan lezzetlenip bilýär, ýa-da ol düýşünde dar, gorkunç ýeri görüp ezýetlenip hem bilýär. Käwagt öz gören düýşünden ýaňa oýanýaram. Ýöne şonda-da ol öz otagynda, düşeginde zat bolmadyk ýaly öňki halyndadyr. Uky bu ölümiň doganydyr. Şonuň üçin Alla tagala ony (ukyny) ölüm diýip atlandyrdy.
Bu barada Alla tagala şeýle aýtdy: «Alla (ajaly ýeteniň) janlaryny ölüm pursatynda alar, (entek ajaly ýetmän) ölmedik (dirileriň janlaryny) bolsa uklap ýatyrka alar. (Alla) janyny almak üçin höküm berenleriniň janlaryny saklar, beýleki (ajaly ýetmedikleriň) janlaryny bolsa bellenilen wagta (ölüme) çenli goýberer. Takyk, bu barada pikirlenip bilýänler üçin ybratlar bardyr». (Zümer:42).
3. Akyl tarapdan ýalňyşdygyna delil: Takyk ki, ýatan kişi öz düýşünde hakyky akla laýyk düýşi görüp biler. Belki-de Pygamber -sallallahu aleýhi we sellemi- onuň hakyky sypatynda görüp hem biler. Ony hakyky sypatynda gören adam, durmuşda gören ýalydyr. Ýöne şonda-da ýatan şol öňki otagynda, öz düşeginde, gören zatlaryndanam daşdadyr. Indi bu zatlar dünýe kanunlarynda başdan geçýän bolsa, ahyretde näme üçin bolmasyn!?
Emma olaryň: «Eger öliniň gabry açylsa we oňa hiç zat bolman, adaty haldadygyny we gabryň ne giňelendigini, ne-de daralandygyny görersiň» diýen geplerini delil tutunmaklaryna gelsek, oňa aşakda birnäçe ýol bilen jogabyny bereris:
1. Bu bolgusyz şübheler bilen diniň getiren zadyna garşy çykmak bolmaýar. Muňa garşy adam eger diniň getiren zatlary barada bir oturyp akyl işletse, bu şübheleriň dereksizdigini bilerdi. Öňde-de bir (şahyr) şeýle diýen:
«Dogry sözi aýyplap, ýazgarýan birnäçe kimseler bardyr,
Munuň apaty bolsa, onuň ýalňyş düşünşindedir»
2. Elbetde, «Barzah[1]» älemdäki ahwallar, duýgy bilen ýetip-düşünip bolmajak bizden gaýyp habarlardandyr. Eger bu zatlar duýgy bilen ýetip bolýan bolsa, onda gaýyp (görünmeýän) zatlara iman etmekden hiç-hili peýda bolmazdy we gaýyba iman eden möminler bilen, gaýyby inkär eden kapyrlar deň bolardy.
3. Gabyr azabyny we onuň nygmatlaryny, onuň giňligini ýa-da darlygyny ölüden başga adam bilmez. Edil şonuň ýaly hem, ýatan adam düýşünde, ol dar, gorkunç ýa-da ol giň, owadan bir ýerdedigini görüp biler we onuň ukysy başga kişä bildirip durmaz. Ol (adatdaky ýaly) öz ýorgan-düşeginiň arasyndadyr.
Hakykatdan-da, Pygamber -sallallahu aleýhi weselleme- wahyý inen wagty ol sahabalarynyň ýanynda bolsa-da, ony diňe özi eşidip, beýleki sahabalar bolsa, ol wahyýny eşitmeýärdiler. Kä wagtlar bolsa, onuň ýanyna perişde erkek adam sypatynda gelende, ol onuň bilen gürleşerdi. Emma sahabalary (onuň ýanynda bolup hem), perişdäni görmezdilerem, eşitmezdilerem.
4. Alla tagalanyň gullaryna bagyş eden duýgy diýilýän zady olarda çäklidir. Olar ähli zatlary duýup-görüp bilmezler. Ýedi gat asmanlar, ýer we olaryň içindäki zatlar we ähli barlyklar, hakyky görnüşde Alla tagala tesbih aýdýarlar (Allany aýyplardan päkleýärler), Oňa öwgi-alkyşlar aýdýarlar. Alla tagala gullaryndan islänine ol tesbihleri eşitdirer, ýöne bu zatlar bar hem bolsa, bize gizlindir, bizden perdelenendir.
Alla tagala aýtdy: «Ýedi gat asman, ýer we bularda bar bolan zatlar Ony (Allany) tesbih edýärler. Oňa hamdy-sena bilen zikir aýtmaýan hiç bir zat ýokdur. Ýöne siz olaryň hamdy-senasyny bilmersiňiz». (Isra:44).
Şonuň ýaly hem, şeýtanlar, jynlar, ýeriň ýüzünde oňa- muňa gidip-gelip ýörendirler. Hakykatdan-da jynlar Pygamber -sallallahu aleýhi wesellemiň- ýanyna gelip, Kuran okamaasyna gulak asyp diňläp, soňra bolsa olar öz halklaryna (dowzah) azapdan ägälendirijiler bolup dolanandyrlar. Ýöne şonda-da bu zatlar bar hem bolsa, bize gizlindir, bizden perdelenendir.
Alla tagala aýtdy: «Eý‚ Adam ogullary! Şeýtanyň ene-ataňyzyň uýat ýerlerini ýüze çykarmak üçin eginlerindäki takwalyk geýimlerini çykardyp‚ jennetden daşlaşdyryşy ýaly, sizi-de bela duçar etmeginden seresap boluň! Çünki ol we onuň nökerleri siziň görünmeýän ýerleriňizden sizi görerler. Takyk‚ Biz şeýtanlary iman getirmedikleriň dostlary etdik». (Agraf:27).
Indi Alla tagalanyň bendeleri her bir barlygy duýup-görüp bilmeýän bolsalar, onda (Kuran we hadysda) bize gelen gaýyp habarlary duýup, görmeseler-de, olara ony inkär etmek bolýan däldir.
***
Kadar (Takdyr) bu: «Alla tagalanyň ylmyna we hikmetine görä, barlyklaryň ýazgydyny ýazmaklygydyr».
Takdyra iman etmek dört sany meseläni öz içine alýar:
1. Alla tagala ähli zady gysgaça we giňişleýin, geçmişden we geljekden, goý, ol zatlar Onuň Öz işleri bilen bagly bolsun, ýa Onuň gullarynyň işleri bilen bagly bolsun tapawudy ýok, ählisini bilendigine (bilýändigine) iman etmek.
2. Alla tagala kadary «Lewhul-Mahfuzda» ýazyp goýandygyna iman etmek. Bu babatda Alla tagala şeýle diýdi: «(Eý, Muhammet!) Sen Allanyň asmanlardaky we ýerdäki (ähli zady) bilýändigini, munuň bir kitapda (Lawhul-Mahfuzda) ýazylgy durandygyny bilmeýärsiňmi?! Takyk, bu Alla üçin örän ýeňildir» (Haj:70).
Sahyh Muslimde gelişi ýaly, Abdulla ibn Amr ibn Asdan -Alla olardan razy bolsun- rowaýat edilmeginde şeýle diýdi: «Allanyň resuly -sallallahu aleýhi wesellemiň- şeýle aýdanyny eşitdim: «Alla tagala ýeri we asmanlary ýaratmazdan elli ýyl öň, ähli barlyklaryň ýazgydyny ýazyp goýandyr» (Muslim).
3. Mahluklaryň (ýaradylanlaryň) işleri bilen bagly bolsun, ýa (Alla tagalanyň) Öz işleri bilen bagly bolsun tapawudy ýok, Alla tebärek we tagalanyň isleginden başga zat bilen bolmajakdygyna iman etmek.
Öz işi barada Alla tagala şeýle diýdi: «Seniň Perwerdigäriň islän zadyny ýaradar we (islän zadyny) saýlar» (Kasas: 68).
«Alla islän zadyny eder» (Ibrohim:27).
«(Eneleriňiziň) göwrelerinde size islän görnüşinde şekil beren Oldur (Alladyr)» (Äli-Imran:6).
Mahluklaryň işleri barada Alla tagala şeýle aýtdy: «Eger Alla islesedi, olary siziň başyňyza musallat ederdi we olar hem siziň bilen söweşerdiler» (Nisä:90).
«Eger Alla islesedi, olar muny edip bilmezdiler. Bes, sen olary (müşrikleri) toslan ýalanlary bilen ýalňyz goý!» (Engam:112).
4. Ähli barlyklar, olaryň sypatlary we hereketleri, Alla tarapyn ýaradylandygyna iman etmek.
Alla tagala aýtdy: «Alla barça zatlaryň ýaradyjysydyr. Ol ähli zadyň gözegçisidir». (Zumer:62).
«Ol ähli zady ýokdan bar edip, olara şekil (nyzam) berip, (her zadyň ýazgydyny) kesgitländir». (Furkan:2).
Allan tagala, pygamberi Ybraýym -aleýhis-selämiň- öz halkyna aýdan sözüni getirip şeýle diýdi: «Alla sizi we siziň işleriňizi ýaradandyr». (Soffät:96).
Ýokardaky kadara iman etmek baradaky waspymyz adamyň özygtyýaryna iş etmekligini inkär etdigi däldir. Çünki din we durmuş kanuny munuň hakdygyna delalat edýändir.
Din tarapdan: Isleg hakynda Alla tagala aýtdy:
«Indi islän adam Rebbine barýan ýoly tutsun!». (Nebe:39).
«Aýallaryňyz sizin üçin (çaga öndürýän) ekin ýeriňizdir. Öz ekin ýeriňize (halal edilen ýerden) öz göwün isleýşiňiz ýaly baryň!» (Bakara:223).
«Başardygyňyzça Alla garşy çykmakdan we haram işlere baş goşmakdan saklanyň!». (Tagabun:16).
«Alla hiç kime güýjüniň ýetmejek zadyny ýüklemez (buýurmaz). (Her kimiň) gazanan (ýagşy işi) öz bähbidine, gazanan (erbet amaly) hem öz zyýanynadyr». (Bakara:286).
Adamyň özygtyýaryna iş etmekligi barada adaty durmuş kanuny hem, delalat edýändigi mälimdir.
Her bir ynsan özünde islegiň we güýjüniň bardygyny bilýändir, olara görä islän zadyny bitirýär ýa-da taşlaýar. Ýöremek ýaly adamyň öz islegi bilen bolýan zatlar bilen, titremek ýaly öz islegi bilen bolmaýan zatlar parhlanýandyr. Emma adamyň islegi we başarjaňlygy, Allanyň isleginiň we güýç-kuwwatynyň astynda bolýandyr.
Alla tagala aýtdy: «(Emma bu dogry ýolda berk durmak) siziň islegiňize bagly däldir, ol diňe älemleriň Perwerdigäri bolan Allanyň islegi bilen (amala aşar)». (Tekwir:28-29).
Çünki bu barlyklaryň hemmesi Allanyň mülkidir. We onuň mülkinde hiç bir zat onuň biliminden we isleginden çykýan däldir.
Biziň ýokardaky agzap geçişimiz ýaly kadara iman etmeklik, parz ybadatlary taşlap, günäler edip ýörmekligi ündeýän däldir.
Şonuň üçin onuň (günä edip, ýazgydy bahanalap ýöreniň) bahanasy birnäçe sebäplere görä ýalňyşdyr:
Birinji: Alla tagala aýtdy: «(Alla) şärik goşanlar: «Eger Alla islesedi‚ bizem‚ ata-babalarymyzam (Alla) şärik goşmazdyk. Hiç bir zady hem (öz-özümizden) haram etmezdik» diýerler. Olardan öňküler hem, tä Biziň azabymyzy dadýançalar, (pygamberlerini) ýalançy hasaplapdylar. Aýt: «Siziň ýanyňyzda (eliňizde) Bize (orta) goýup biljek anyk maglumatyňyz (belli bir deliliňiz) barmy? Siz diňe (ýalňyş) çaklama uýýarsyňyz hem-de diňe ýalan sözleýärsiňiz». (Engam: 148).
Ikinji: Alla tagala aýtdy: «Ilçiler (gelip, dogry ýol äşgär edilenden) soň, ynsanlarda Alla garşy (öňe sürüp biljek hiç bir) bahanalary bolmazlygy üçin, (Biz ol) ilçileri (rahmetimizi) buşlaýjylar we (gazabymyzy) duýduryjylar edip (iberdik). Alla Gudraty güýçlüdir‚ hikmet eýesidir». (Nisä:165).
Eger ýazgyt günäkärlere bahana bolan bolsa, pygamberleriň iberilmegi bilen olaryň bahanalaryna jogap bolmazdy. Çünki günäler pygamberler iberilenden soňra Allanyň ýazgydy bilen boldy.
Üçünji: Buhary we Muslimiň kitabynda Aly ibn Ebu Talypdan -Alla ondan razy bolsun- rowaýat edilmegine görä, Pygamber -sallallahu aleýhi wesellem- aýtdy: «Siziň her biriňiziň dowzahda ýa-da jennetde barjak ýeri, takdyrlanyp ýazylyp goýlandyr». Märekeden biri turup: «Onda hiç bir amal etmälimi Eý, Allanyň resuly?!» diýip sorady. Ol: «Ýok! Hökman amal ediň! Her kime (barjak ýeri) ýeňilleşdirilendir». Soňra hem: «Kim (emlägini Allanyň ýolunda) sarp etse, günälerden saklansa we iň gowyny (Allanyň birligini) tassyklasa, Biz oňa iň aňsady (jenneti) miýesser ederis...» diýen aýaty okady». Muslimiň getiren hadysynda: «Her kim ýaradylan zadyna ýeňilleşdiriler» diýilýär.
Çünki Pygamberimiz kadar diýip ýatmaklykdan gaýtaryp, ýagşy amal etmekligi buýrandyr.
Dördünji: Alla tagala Öz bendesine ybadatlary buýrup, ony ýaman zatlardan gaýtardy we oňa başarmajak zadyny buýurmady. Bu barada Alla tagala şeýle aýtdy: «Başardygyňyzça Alla garşy çykmakdan we haram işlere baş goşmakdan saklanyň!». (Tagabun:16).
«Alla hiç kime güýjüniň ýetmejek zadyny ýüklemez (buýurmaz). (Her kimiň) gazanan (ýagşy işi) öz bähbidine, gazanan (erbet amaly) hem öz zyýanynadyr». (Bakara:286).
Eger adam ýazgydy sebäpli amal etmeklige mejbur edilen bolsa, onda oňa başaryp bilmejek zady hem buýrulardy we ony etmesizlikden sypyp bilmezdi. Bu düýbünden ýalňyşdyr. Şonuň üçin hem, ol bir günäni (onuň günädigini) bilmän etse, ýa ýadyndan çykaryp etse, ýa-da zorluk bilen etdirilse, oňa günä ýazylmaz. Sebäbi, onuň özüni aklar ýaly uzury (sebäbi, delili) bardyr.
Bäşinji: Alla tagalanyň ýazgydy gizlin bolan bir syrdyr, eger ýazgyt amala aşmasa bilinmez. Adamda iş etmeklik üçin bolýan islegi, ony etmeginden öň, bolup geçýändir. Onsoň onuň iş etmeklik islegi Allanyň ýazgydyna görä, oňa belli bolýan däldir. Şeýlelik-de ýazgydy bahana tutunmaklygy aradan aýrylýar. Çünki adam bilmeýän zadyna, kadary bahana tutunsa, ondan kabul edilmez.
Altynjy: Hakykatdan-da biz, adamyň dünýe işlerinde onuň özüne ýaraýan zatlarynyň yzynda tä oňa ýetýänçä, hars urýanyny görýäris we ondan öz peýdasyna däl işlere dänmeýänini hem görýäris. Soňra hem bu edenine kadary delil tutunýar. Onda näme üçin din işlerinde özüne peýda berýän zatlardan ýüz öwürip, zerer berýän zatlara tarap gidýär, soňam ýazgydy bahanalaýar. Bularyň ikisi, bir zat dälmidir?!
Saňa gowy düşnükli bolar ýaly bir mysal getireliň: Eger adamyň öňünde iki sany ýol bolsa, biri durşuna eden-etdilik, ölüm-ýitim, ogurlyk, namysa degişlik, gorky, açlyk we ş.m. ülkesine eltýän bolsa we ikinjisi düzgün-nyzamly, howpsyz, parahat ýaşaýyş, adamlaryň janlaryna, ar-namyslaryna we emläklerine sylag-hormat goýulýan ülkesine eltýän bolsa, ol haýsy ýoldan gider? Elbetde düzgün-nyzamly, howpsyz bolan ýere barýan ýoly saýlar. Akyly bar adam eden-etdilikli, howply bolan ülkä barýan ýoly saýlamaklygy we eden işine hem ýazgydy delil tutmaklygy mümkin däldir.
Onda näme üçin ol ahyret işine gezek galanda, jennetiň ýoluny dälde, dowzaha barýan ýoly saýlaýar we kadary hem bahana tutunýar?!
Başga bir mysal: Biz hassa adamyň işdäsi almasa-da özüne içmegi buýrulan dermany içýändigini we işdäsi bolsada, özüne zyýan berjek gadagan edilen tagamy iýmeýändigini görýäris. (Sebäbi) bular onuň sag-salamatlygy we şypalanmagy üçin edilýändir. Onuň dermany içmekden saklanyp we zeper berjek tagamy hem iýip, soňra hem ýazgydy delil tutunmaklygy mümkin däldir.
Onda näme üçin, Alla we Onuň resulynyň buýran zadyny etmän, gaýta olaryň haram eden zatlaryny edip, ýazgydy bahana tutunýar?!
Ýedinji: Allanyň buýran zatlaryny etmän, günäler edip, soňra hem ýazgydy bahana edýän adama, biri haksyzlyk edip, onuň emlägini alsa ýa-da onuň hormatyny gaçyrsa, soňra hem ýazgydy delil tutunyp: «Meni günäkerleme, meniň eden haksyzlygym Alla tagalanyň ýazgydy sebäpli boldy» diýse, ol onuň bahanasyny kabul etmez.
Onda näme üçin, özüne başga biri haksyzlyk edende, ýazgydy bahana tutunmak bolmaýar-da, Allanyň hakyna nähaklyk etmegine, öz peýdasy üçin ýazgydy bahana tutunýar?!
(Şerigat eserlerde) aýdylmagyna görä, möminleriň emiri Omar ibn El-Hattab -Alla ondan razy bolsun- eliniň kesilmegine mynasyp bolan bir ogrynyň dawasy arz edilende, ol onuň eliniň çapylmagyny buýurýar. Şonda ol (ogry): «Duruň! Eý, möminleriň emiri! Men diňe Allanyň kadary sebäpli ogurlyk etdim» diýende, Omar: «Biz hem seniň eliňi Allanyň kadary bilen kesýäris» diýip jogap berdi.
Kadara (ýazgyda) iman etmegiň birnäçe miweleri bardyr:
Birinjisi: Bir iş edeniňde esbaplary alyp, Alla daýanmaklykdyr. Esbaplara daýanylmaz (oňa daýanylmak şirk günäsidir) çünki, her bir iş Allanyň ýazgydyna görädir.
Ikinjisi: Adam öz islän maksadyna ýetende, özünden göwni hoş bolup ýörmeklikden saklanmalydyr. Sebäbi, haýyr we ýeňiş Alla tagalanyň takdyry esasynda ýetilen nygmatdyr. Emma onuň özünden hoşal bolmaklygy, nygmata şükür etmekligi ýadyndan çykardýandyr.
Üçünjisi: Alla tagalanyň ýazgydy bilen başyna düşen zatlara kalby rahatlyk tapar we arkaýyn bolar. Arzuw eden, söýen zadynyň elden gidenine ýa-da halamadyk zadynyň başyna düşenine, närahat bolup ýörmez. Sebäbi, bu zatlar asmanlaryň we ýeriň mülküne eýe bolan Allanyň ýazgydy bilen bolandyr. Ol bolaýmaly zatdyr, gaçara ýer ýokdur.
Bu babatda Alla tagala aýtdy: «Ýer (ýüzünde) bolup geçýän we siziň başyňyza gelen (islendik) belany, Biz heniz ony ýaratmagymyzdan öň, bir kitapda ýazyp goýandyrys. Takyk, bu Alla (üçin) aňsatdyr. (Alla muny) siziň gidiren zatlaryňyza gynanmazlygyňyz, size berlen zatlar (nygmatlar) üçin hem, ulumsy (tekepbir) bolmazlygyňyz üçin (beýan edýär). Ol (Alla) öwnüp duran ulumsylaryň hiç haýsyny halamaz». (Hadid:22-23).
Pygamber -sallallahu aleýhi wesellem- aýtdy: «Möminiň işine berekella! Onuň işiniň her biri haýyrdyr. Bu diňe mömin üçindir, ondan başgalar üçin däldir. Eger onuň başyna şatlyk gelse, Alla şükür eder we oňa sogap bolar we eger oňa bir musybet degse, sabyr-takat eder we bu hem oňa sogap bolar». (Muslim).
Kadar meselesinde iki sany topar azaşandyr:
Birinjisi: Jebriýýe, (olar): «Adam amal etmeklige mejbur edilendir, onuň hiç-hili öz islegi, güýji ýokdur!» diýdiler.
Ikinjisi: Kadariýýa, (olar): «Adam islegde we mümkinçilikde amal eder we ol özbaşdak hereket eder, munda Alla tagalanyň isleginiň we güýjiniň dahyly ýokdur!» diýdiler.
Birinji azaşan topar bolan «Jebriýýä» din taýdan we adaty durmuş kanuny tarapdan jogap (bereliň):
1. Şerigat tarapdan «Jebriýýelere» şeýle jogap berýäris: Alla tagala bendesiniň isleg-eradasynyň bardygyny aýdyp, oňa amaly baglandyr. Alla tagala aýtdy: «Sizden kim dünýä (bähbidini), kimler (bolsa) ahyret (sogabyny) isleýärdi». (Äli-Imran:152).
«(Eý, Muhammet!) Aýt: «(Bu Kuran) Perwerdigäriňizden (gelen) hakykatdyr. Islän kişi iman getirsin, islän kişi inkär etsin! Takyk, Biz zalymlar üçin (daş-töweregi) diwarlar bilen gurşalan ody (dowzahy) taýýarlap goýduk». (Kehf:29).
«Kim ýagşy iş etse, öz peýdasynadyr. Kim erbet iş etse, öz zyýanynadyr. Perwerdigäriňiz bendelere zalymlyk (adalatsyzlyk) etmez!» (Fussylat:46).
2. Adaty durmuş tarapdan jogap:
Elbetde her bir adam, iýmek-içmek, alyş-beriş etmek ýaly, öz isleg-ygtyýary bilen edýän işleri bilen, gyzdyrmak keselden ýaňa titremek, ýa-da jaýyň üstünden ýykylmak ýaly, öz islegi bilen bolman başyna düşýän işleriniň parhyny bilýändir.
Ol birinji mysalda mejbur edilmesizden öz ygtyýary bilen edendir, ikinjide bolsa başyna inen musybet sebäpli islegsiz, ygtyýarsyz bolandyr.
Ikinji azaşan topar bolan «Kadariýýa» din we akyl tarapdan jogap:
1. Din «Kadariýýäniň» bu sözüne şeýle jogap berýär:
Takyk, Alla tagala her bir işi ýaradandyr we her zat Onuň islegi bilen bolandyr. Alla tagala gullarynyň işleriniň Öz islegi bilen bolýandygy barada, Öz kitabynda şeýle diýdi:
«Eger Alla islesedi, olardan soň gelen (milletler) özlerine äşgär deliller geleninden soň, biri-birleri bilen söweşmezdiler. Emma çaprazlyga düşendikleri (sebäpli), olaryň käbiri iman getirdi, käbiri hem inkär etdi. Eger Alla islesedi, olar söweşmezdiler. Emma Alla islän zadyny amala aşyrýandyr». (Bakara:253).
«Biz islesek, her bir adamyň dogry ýola gelmegini miýesser ederdik. Emma Menden: «Dowzahy jynlaryň we adamlaryň bir topary bilen dolduraryn» diýen gutarnykly söz çykandyr». (Sejde:13).
2. Akyl tarapdan jogap.
Hakykatdan-da bu barlyklaryň ählisi Alla tagalanyň mülkidir, ynsan hem bu barlyklaryň biridir! Indi Allanyň mülkündäki bu zatlar öz Patyşasynyň mülkinde, eger Onuň rugsady we islegi bolmasa, heý, islän hökümlerini edip bilerlermi?! (Elbetde, bu mümkin däldir).
***
(El-hedef) sözi Arap dilinde köp manyda gelýär. Olardan: «Atmaklyk üçin dikilen nyşana we maksat-myrat edilen her-bir zat (hedefdir)».
Yslam akydasynyň we oňa berk ýapyşmaklygynyň hedefleri:
1. Niýetiňi we ybadatyňy ýeketäk Alla tagalanyň razylygy üçin bolmagydyr. Çünki Alla tagala deňi-taýy we şärigi bolmadyk Ýaradyjydyr! Şu sebäpden hem, niýet we ybadat diňe Oňa bagş edilmelidir, Onuň razylygy üçin bolmalydyr.
2. Kalbyň dogry akydadan boş bolmaklygy esasyndan emele gelýän, daş töwerekdäki goh-galmagally şüphelerden akylyňy we pikiriňi päklemeklik. Çünki kalbyň dogry akydadan boş bolmaklygy, onuň içiniň batyl we azgynlaşan akydalar bilen dolmaklygy mümkindir.
3. Adam nebsi taýdan närahat bolmaz, akyl taýdan durnuksyz bolmaz, nebsi we pikir tarapdan rahat bolar. Çünki bu akyda mömini Öz Rebbi bilen baglar. Soňra ol Rebbiniň älem-jahany Dolandyryjy we kanun goýup Höküm edijigini bilip, başyna inen zada razy bolar we kalby rahat tapar. Ýüregi Yslama tarap açylar we Yslamy hiç zat bilen çalşasy gelmez.
4. Alla tagala ybadat etmekde ýa-da Onuň ýaradan mahluklary bilen bolan aragatnaşykda, adamyň niýetiniň we işleriniň azgynlyga tarap ýykgyn etmeginden saklar. Çünki bu akydanyň esaslaryndan, niýetde we amalda päk bolan ýollaryna eýermegi içine alan resullara iman etmekdir.
5. Amal etmekde kararly we tutanýerli bolmakdyr. Çünki adam sogap umyt edip salyh amal görse, pursaty elden bermän peýdalanar. We Allanyň azabyndan gorkup günä bar ýerden daşlaşar. Çünki akydanyň esaslaryndan Ahyret gününde direlişe we hasabata iman etmekdir.
Alla tagala aýtdy: «Her kim eden işine görä (dürli) derejeleri gazanar. Seniň Rebbiň olaryň edýän işlerinden gapyl däldir». (Engam:132).
Bu maksada Pygamber -sallallahu aleýhi wesellemde- iterendir: «Alla tagala üçin güýçli mömin gowşak möminden sögülidir we haýyrlydyr, ýöne olaryň hersinde-de haýyr bardyr. Saňa peýda berjek zada ymtyl we Alladan medet sorada ejizlik etme! Eger başyňa bir musybet gelse: «Käşgä plan eden bolsadym, şeýle-şeýle bolardy» diýme, gaýta: «Allanyň ýazan-ýazgydydyr we Ol islän zadyny eder» diý, çünki «käşgä (bolan-bolsa)» sözi, şeýtanyň amaly üçin gapy açar (we adamyň ýazgydyna närazy bolmagy üçin was-wasa berer)». (Muslim).
6. Diniň bekemegi we diregleriniň mäkämleşmegi üçin, bu ýolda başyna gelen belalara üns bermän, arzanyndan-gymmadyndan her zadyny şu ýol üçin bagş etjek güýçli ymmatyň gurulmagydyr.
Bu babatda Alla tagala aýtdy: «Takyk (hakyky) möminler Alla we Onuň ilçisine iman getiren, soň (imanlarynda hiç hili) şek-şübhä düşmezden Allanyň ýolunda emläkleri we janlary bilen söweşen kişilerdir. Olar dogruçyllaryň hut özleridir». (Hujurat:15).
7. Şahslary we topar-topar adamlary ruhy taýdan sagaltmak bilen, dünýe we ahyrediň bagtyýarlygyna ýetmek, sogap gazanyp ýokary derejelere ýetmekdir.
Bu babatda Alla tagala aýtdy: «Erkek bolsun, ýa aýal, (her) kim iman getirip, ýagşy amallary etse, takyk, ony gözel durmuşda ýaşadarys. Olaryň eden işleriniň sylagyny iň gözel görnüşde bereris». (Nahl:97).
Bu entäk Yslam akydasynyň käbir maksatlaryndandyr. Ol maksatlaryň, biziň we ähli mömin-musulman ülkelerinde amala aşmagyny beýik Alladan umyt edýäris!
***
[1] Barzah: “Adamyň ölüminden soň, onuň başyndan geçýän ähli gaýyp hadysalardyr".