الوصف
مقالة باللغة التركمانية، تتحدث عن الإيمان بالقدر، وهذه المقالة مأخوذة من كتاب "عقيدة أهل السنة والجماعة"، لفضيلة الشيخ محمد بن صالح العثيمين - رحمه الله -.
ترجمات أخرى 5
Kadara (Takdyra) iman etmek
الإيمان بالقدر
< التركمانية – Türkmençe- Turkmen >
Ýazyjy: Şeýh Muhammet ibn Salyh Al-Useýmin
المؤلف: الشيخ محمد بن صالح العثيمين
Terjimeçi: Ebu Huzeýfa Türkmen
Gözden geçiren: Halid Ebu Enes Türkmen
ترجمة: أبو حذيفة التركماني
مراجعة: خالد أبو أنس التركماني
Kadara (Takdyra) iman etmek
Alla tagalanyň öňden bilijilik ylmyna we hikmetine görä, bar ýaradylanlara takdyr edilen, kadaryň haýyryna we şerine iman getirýäris.
Kadar dört bölümden ybaratdyr:
Birinji bölümi: Ylym.
Alla tagalanyň hemme zatdan habarlydygyna iman getirýäris. Ol bolan zady, boljak zady, bolanda nähili boljakdygyny, öňki we ebedilyk ylmy bilen bilýändir. Onuň bilmeýän zady bolup, soňra bilmekligi ýa-da bileninden soň unutmaklygy, ýokdur.
Ikinji bölümi: Ýazgy.
Alla tagala kyýamat gününe çenli, boljak ähli zatlary Lawhil Mahfuzda[1] ýazandygyna iman getirýäris.
Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:
ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﲑ ﲒ ﲓ ﲔ ﲕ ﲖ ﲗ ﲘ ﲙﲚ ﲛ ﲜ ﲝ ﲞﲟ ﲠ ﲡ ﲢ ﲣ ﲤ ﲥ ﱠ الحج: ٧٠
“Sen Allanyň asmanlardakylary we ýerdäkileri bilýändigini, munuň bir kitapda ýazylgy durandygyny bilmeýärsiňmi?! Takyk, bu Alla üçin örän ýeňildir" (Haj:70).
Üçinji bölümi: Isleg.
Alla tagalanyň asmandaky we ýerdäki bolan her bir zady isländigine, Onuň islegi bolmazdan hiç bir zadyň bolmajakdygyna, islän zadynyň boljakdygyna we islemedik zadynyň bolmajakdygyna iman getirýäris.
Dördünji bölümi: Ýaratmak.
Her bir zady ýaradan ýeketäk Alla tagaladygyna iman getirýäris.
Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:
ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﱿ ﲀ ﲁ ﲂﲃ ﲄ ﲅ ﲆ ﲇ ﲈ ﲉ ﲊ ﲋ ﲌ ﲍﲎ ﲏ ﲐ ﲑ ﲒ ﲓ ﲔ ﲕ ﲖ ﱠ الزمر: ٦٢ - ٦٣
“Alla barça zatlaryň ýaradyjysydyr. Ol ähli zadyň gözegçisidir. Asmanlaryň we ýeriň açarlary (hökmürowanlygy) Onuňkydyr" (Zümer:62,63).
Bu dört bölüm Alla tagalanyň bütin ýaradan zatlary, öz islegine görä boluşy ýaly, ýaradan zatlarynyň edýän işleri hem Onuň islegine görä boljakdyr. Gullaryň aýdan sözleri, edýän amallary ýa-da etmän taşlan zatlary, Alla tarapyndan bilinen we Onuň özünde ýazgyda durandyr. Bularyň hemmesini Ol isländir we ýaradandyr.
Bu barada Alla tagala şu aýatlarda şeýle diýýär:
ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﲿ ﳀ ﳁ ﳂ ﳃ ﳄ ﳅ ﳆ ﳇ ﳈ ﳉ ﳊ ﳋ ﳌ ﳍ ﱠ التكوير: ٢٨ - ٢٩
“Dogry ýoly tapmak isleýänler üçin (öwüt-ündewdir). (Emma bu dogry ýolda berk durmak) siziň islegiňize bagly däldir, ol diňe älemleriň Perwerdigäri bolan Allanyň islegi bilen (amala aşar)" (Tekwir:28,29).
ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﱱ ﱲ ﱳ ﱴ ﱵ ﱶ ﱷ ﱸ ﱹ ﱺ ﱻ ﱠ البقرة: ٢٥٣
“Eger Alla islesedi, olar söweşmezdiler. Emma Alla islän zadyny amala aşyrýandyr" (Bakara:253).
ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﲹ ﲺ ﲻ ﲼ ﲽﲾ ﲿ ﳀ ﳁ ﳂ ﱠ الأنعام: ١٣٧
“Eger Alla islesedi, olar muny edip bilmezdiler. Bes, sen olary toslan ýalanlary bilen ýalňyz goý!" (Engam:137).
ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﲤ ﲥ ﲦ ﲧ ﲨ ﱠ الصافات: ٩٦
“Sizi we siziň edýän zatlaryňyzy Alla ýaratdy" (Saffät:96).
We şol bir wagtda, Alla tagala guluna, saýlamaklyk hakyny we oňa ony etmeklik güýjüni berendigine we bu ikisi bilen, amal berjaý bolýanlygyna iman getirýäris.
Guluň eden amaly, onuň saýlamagy we güýji bilen edendigine delalat edýän aýatlar kän.
Birinjisi:
ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﲲ ﲳ ﲴ ﲵﲶ ﱠ البقرة: ٢٢٣
“Aýallaryňyz sizin üçin (çaga öndürýän) ekin ýeriňizdir. Öz ekin ýeriňize (halal edilen ýerden) öz göwün isleýşiňiz ýaly baryň!" (Bakara:223).
ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﲘ ﲙ ﲚ ﲛ ﲜ ﲝ ﲞ ﱠ التوبة: ٤٦
“Eger olar dogrudan hem söweşe çykmak islesediler‚ elbetde‚ munuň üçin taýýarlyk görerdiler" (Tewbe:46).
Alla tagala bu iki aýatda her bir gul adamyň maşgalasyna ýakynlaşmagy we söweşe taýýarlyk görmegi, onuň islegine görä bolýandygyny aýdýar.
Ikinjisi: Alla tagala guluna bir zady buýruk etmekligi ýa-da guluny ol zatdan saklamaklygy.
Egerde guluň, bu halda, saýlama haky we güýji bolmasady, onda onuň başarmajak zady hem talap edilerdi. Bu bolsa, Alla tagalanyň hikmetine, rehmetine we şu aşakdaky agzaljak aýata ters gelýär.
Alla tagala aýdýar:
ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﲦ ﲧ ﲨ ﲩ ﲪ ﲫﲬ ﱠ البقرة: ٢٨٦
“Alla hiç kime güýjüniň ýetmejek zadyny ýüklemez (buýurmaz)" (Bakara:286).
Üçinjisi: Gowlyk edeniň, eden gowlygyna görä öwülmesi, erbetlik edeniň bolsa, erbetligine görä ýigrenilmesi we herkimiň öz etmişine görä hakyny almasy.
Egerde guluň eden amaly, öz arkaýyn islegine we saýlamagyna görä bolmasady, onda Alla tagalanyň gowlyk edeni öwmesi we erbetlik edeni jezalandyrmasy zulum bolardy. Alla tagala bolgusyzlykdan we zulum etmekden päkdir.
Dördünjisi: Çünki adamlarda uzur bolmaz ýaly, Alla tagala ilçileri gönderdi.
Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:
ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﱮ ﱯ ﱰ ﱱ ﱲ ﱳ ﱴ ﱵ ﱶ ﱷ ﱸﱹ ﱠ النساء: ١٦٥
“Ilçiler (gelip, dogry ýol äşgär edilenden) soň, ynsanlarda Alla garşy (öňe sürüp biljek hiç bir) bahanalary bolmazlygy üçin, (Biz ol) ilçileri (rahmetimizi) buşlaýjylar we (gazabymyzy) duýduryjylar edip (iberdik)" (Nisa:165).
Egerde guluň eden amaly, öz arkaýyn islegine we saýlamagyna görä bolmasady, Alla tagalanyň ilçiler göndermesiniň hiç bir peýdasy bolazdy.
Bäşinjisi: Her bir ynsan, bir işi edeninde ýa-da etmediginde, hiç bir zorluk çekmezden hereket edendigini duýar. Turar, oturar, girer, çykar, sapar eder ýa-da galar. Bularyň hemmesini öz islegine görä eder. Bulary eden halynda, hiç birisi özüniň zorlanyp etdirilendigini duýmaz. Tersine, bir işi öz arkaýyn islegine we saýlamagyna görä edenini biler, özüni zorlap etdirileniň tapawudyny saýgaryp biler.
Şol halda-da dinimiz hem bu ikisiniň arasyny hikmet bilen bir şekilde saýgarandyr. We-de Alla tagala öz hakyny, öz islegi bilen etmezden, başga biriniň zorlugy bilen eden guluň etmişini bagyşlandyr.
Her bir günä eden, Alla tagalanyň kadaryna delil tutunmaklyga hiç bir haky ýokdyr. Çünki günä eden adam, Alla tagalanyň oňa, näme takdyr edenini bilmezden, ol günäni öz islegi bilen edendir. Bu sebäpli her bir adam, Alla tagalanyň özüne näme takdyr edenini, diňe amal edileninden soň bilip galar.
Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:
ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﳇ ﳈ ﳉ ﳊ ﳋ ﳌﳍ ﱠ لقمان: ٣٤
“Hiç kim ertir näme gazanjagyny bilmez" (Lukman:34).
Her bir günä eden, takdyrynda nämäniň ýazylandygyny bilmän, soňrada şony delil tutunup uzur gözlemekligi, dogry bolup bilermi?
Bu barada Alla tagala, olaryň tutunjak uzuryny batyla çykaryp şeýle diýýär:
ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﱏ ﱐ ﱑ ﱒ ﱓ ﱔ ﱕ ﱖ ﱗ ﱘ ﱙ ﱚ ﱛ ﱜﱝ ﱞ ﱟ ﱠ ﱡ ﱢ ﱣ ﱤ ﱥﱦ ﱧ ﱨ ﱩ ﱪ ﱫ ﱬ ﱭﱮ ﱯ ﱰ ﱱ ﱲ ﱳ ﱴ ﱵ ﱶ ﱷ ﱠ الأنعام: ١٤٨
“(Alla) şärik goşanlar: «Eger Alla islesedi‚ bizem‚ ata-babalarymyzam (Alla) şärik goşmazdyk. Hiç bir zady hem (öz-özümizden) haram etmezdik» diýerler. Olardan öňküler hem, tä Biziň azabymyzy dadýançalar, (pygamberlerini) ýalançy hasaplapdylar. Aýt: «Siziň ýanyňyzda (eliňizde) Bize (orta) goýup biljek anyk maglumatyňyz (belli bir deliliňiz) barmy? Siz diňe (ýalňyş) çaklama uýýarsyňyz hem-de diňe ýalan sözleýärsiňiz" (Engam:148).
Kadary delil tutunyp, günä edýäne şeýle diýýäris:
Alla tagala saňa tagat etmekligi takdyr etdi diýip, näme üçin ony delil tutunyp tagat edeňok? Çünki belli bolmazdan öň, takdyr edilen zadyň bilinmedigi üçin, tagat bilen günäň arasynda hiç bir tapawutlyk ýokdyr. Bu sebäpli Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem-, Alla tagalan her kişiniň jennetde we jähennemde galjak ýerini taýýarlandygyny, sahabalara habar berende, sahabalar aýtdylar: “Onda tewekkül edip (Alla sygynyp), amal etmegimizi taşlamalymy?", aýtdy: “Ýok, amallaryňyzy ediň, çünki her bir adam, nämä ýaradylan bolsa, şoňa ýeňilleşdirilendir".
Kadary delil tutunyp, günä edýäne ýene-de şeýle diýýäris:
Mekgä sapar etmek islediň we oňa gitmeklik üçin iki ýoluň bardygyny, saňa dogruçyl biri habar berdi. Bu iki ýoluň biri, gorkunç we kyn, beýlekisi bolsa, howpsyz we golaý, indi seniň ikinji ýoly saýlajakdygyňa gözüň ýetip dur. Ýöne sen, maňa takdyr edildi diýip, birinji ýoly saýlamaklygyň mümkin däldir. Eger-de sen ony saýlaýsaň, onda seni adamlar dälileriň hataryna salarlar.
Kadary delil tutunyp, günä edýäne ýene-de şeýle diýýäris:
Eger-de saňa iki wezipe hödürlense we biriniň aýlygy, beýlekisine görä has köpüräk bolsa, onda belli bolşy ýaly, sen aýlygy köp bolan wezipäni saýlarsyň. Beýle bolsa, näme üçin ahyrete degişli amallaryň iň pesini saýlap, soňam ol etmekligiňe kadary delil tutunýaň?!
Kadary delil tutunyp, günä edýäne ýene-de şeýle diýýäris:
Syrkawlan halyňda, ondan açylmaklyk üçin ähli lukmanlaryň gapysyny kakýarsyň. Endamyňdaky agyryny aýyrmak üçin, operasiýa etdirip, dermanyň ajysyna sabyr edýärsiň. Ýöne şol bir halda kalbyňdaky keseller (günäler) üçin, hiç bir zat etmeýärsiň?
Rehmet we hikmetiň kämil eýesi bolan Alla tagala hiç-hili erbetlik ýöňkelmeýändigine iman getirýäris.
Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- bu barada şeýle diýýär: “Erbetlik (şer) saňa (Alla) laýyk däldir" (Rowaýat eden Muslim).
Hatda Alla tagalanyň takdyr eden höküminde hem hiç hili şer ýokdyr. Çünki bu höküm, Onuň rehmet we hikmetinden çykyp gelýändir.
Şer Allahyň takdyr eden zatlarynyň netijesinde döreýändir.
Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellemiň- agtygy Hasana kunut dogany öwredende şeýle diýen: “Meni, ýazgyt edilen hökümleriň şerinden gora".
Bu hadysda agzalan şer, Allaha ýolukýan däldir, megerem Onuň takdyr eden zadyna ýolukýandyr. Şol bir wagtda, şol takdyr edilen zatlar hem şer hasaplanýan däldir. Bir tarapdan şer bolsa, başga tarapdan haýyr bolup biler ýa-da biriniň ýanynda şer bolsa, beýlekiniň ýanynda haýyr bolup biler.
Ýer-ýüzünde guraklygyň, keseliň, garyplygyň we gorky ýaly zatlaryň bolmaklygy, ýaşaýyş düzgünini bulaýan zatlardyr, ýöne ol bir tarapdan şer bolsa, beýleki tarapdan haýyrdyr.
Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:
ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﳍ ﳎ ﳏ ﳐ ﳑ ﳒ ﳓ ﳔ ﳕ ﳖ ﳗ ﳘ ﳙ ﳚ ﳛ ﳜ ﱠ الروم: ٤١
“Adamlaryň öz elleri bilen eden erbetlikleri sebäpli, gury ýerde we deňizde pitne-pisat ýüze çykdy. Olaryň (öz etmişlerinden) dänmekleri üçin Alla olaryň eden etmişleriniň käbirini (bu dünýäde) özlerine dadyrar" (Rum:41)
Ogrynyň eli kesilmegi, öýlenen erkek ýa-da aýal maşgala zyna edende, daşlanyp öldürilmegi, bu jeza, eli kesilen ýa-da öldürilen adama görä şerdir, ýöne beýleki tarapdan bolsa, bu jeza her biri üçin haýyrdyr. Çünki had (kanun) jezasynyň edilmegi ikisiniň hem günäleriniň geçilmegine sebäp bolýandyr. Olara şol bir wagtda, dünýä we ahyret azaby berilýän däldir. Beýleki tarapdan had jezasynyň edilmekliginde mal, ar-namys we nesil goranyp durýar, bu bolsa, adam ýaşaýşy üçin haýyrdyr.
(Bu makala Şeýh Muhammet ibn Salyh Al-Useýminiň “Ähli sünnet we jemagatyň ynanjy" atly kitabyndan alnan bir parçadyr).
***
[1] Lawhil-Mahfuz: “Alla tagalanyň ýanynda bolup, onda ähli boljak zatlar ýazylandyr".