×
New!

Bayan Al Islam Encyclopedia Mobile Application

Get it now!

Haj kitaby (Türkmençe)

سیٹنگ: Birnäçe saýlama alymlaryň jemi

Description

Haj kitaby: Bu gysgaça makala, hajyň we umranyň görnüşlerini, oňa degişli meseleleri we onuň nähili dogry edilişi barada öz içinde jemländir.

Download Book

    Haj kitaby

    [ تركماني – Turkmen Türkmençe]

    Taýýarlan: Birnäçe saýlama Alymlaryň jemi

    —™

    Terjime eden: Ebu Huzeýfe Türkmen

    Gözden geçiren: Halid Ebu Enes Türkmen

    كتاب الحج

    إعداد: نخبة من العلماء

    —™

    ترجمة: خالد أبو أنس التركماني

    مراجعة: أبو حذيفة التركماني

    Haj kitaby

    Bu bolsa, ýedi baby öz içine alýandyr:

    Birinji bap: Haj etmeklik babyna giriş

    Bu bolsa aşakdaky meselelerden ybaratdyr:

    Birinji mesele: Haj etmeklik sözüniň açyklamasy:

    Hajyň dil taýdan manysy: “Gönükmek” diýen manyny berýär.

    Şerigat taýdan manysy bolsa: “Allanyň resuly –sallallahu aleýhi we sellemiň- sünnetinde gelişi ýaly, Allaha ybadat edýän diýen niýetiň bilen, haj etmeklik üçin ýörüteleşdirilen ýerde we belli bir wagta, hajyň amallaryny berjaý etmek”.

    Ikinji mesele: Haj etmekligiň hökümi we mertebesi:

    1. Haj etmekligiň hökümi: Haj, yslamyň bäş rüküniniň biridir we paryzlaryňda beýigidir, bu barada Alla tagala şeýle diýýär: “Ýoluna güýç ýetirenleriň (Allanyň) öýüne haj etmegi ynsanlaryň Allanyň öňündäki borjudyr. Kim (hajy) inkär etse, kapyr bolar. Takyk, Alla Baýdyr, älem-jahandaky (hiç zada mätäç däldir) Äli-Ymran: 97.

    Ýene bir aýatda şeýle diýýär: “Alla üçin haj (parzyny) we umra (zyýaratyny) berjaý ediň!” Bakara: 196.

    Sünnetden delil bolsa, Abdulla ibni Omaryň –Alla olardan razy bolsun- rowaýat edýän hadysynda, Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- aýtdy: “Yslam bäş zadyň üstünde dikeldilendir,...”, olaryň biride haj etmekdir.

    Şübhesiz, her bir başarýan adama, ömründe bir gezek, haj etmekligiň wajypdygyna, bütin yslam alymlary bir agyzdan ylalaşandyrlar.

    2. Mertebesi: Haj etmekligiň mertebesini açyklaýan, hadyslar kändir, şolardan biri:

    Ebu hureýräň –Alla ondan razy bolsun- rowaýat edýän hadysydyr: “Umra bilen umranyň aralyklary günä-ýuwujylykdyr, kemçiliksiz edelen hajyň ejiri bolsa, diňe jennetdir”[1].

    Başga bir hadysda Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- şeýle diýýär: “Kimde kim Allanyň razylygy üçin haja gidip, towaf etse, şol dö-würde gödek we ýaramaz sözlerden saklansa, Alla tagala garşy çykmasa, edil ejesiniň dogran günündäki ýaly bolup, günälerden arassalanar”[2]. We başgada şulara megzeň hadyslar bardyr.

    Üçünji mesele: Hajy ömrüňde bir gezekden köp etmeklik wajypmy?

    Hajy, diňe ömrüňde bir gezek etmeklik wajypdyr, birden köp etmeklik, diňe artykmaç sogapdyr, muňa delil, Ebu hureýre –Alla ondan razy bolsun- çünki Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- şeýle diýýär: “Eý, adamlar! Takyk Alla tagala size haj etmekligi parz etdi, hajyňyzy berjaý ediň, olardan birisi aýtdy: Eý, Allanyň resuly, ony her ýyldamy? Soňra Ol aýtdy: Eger hawa diýen bolaýsam, wajyp bolardy, ýöne siz ony, başarmazdyňyz”[3], we-de Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellemde- medinä hijret edeninden soňra, diňe bir gezek haj edipdi, we-de şübhesiz, her bir başarýan adama, ömründe bir gezek, haj etmekligiň wajypdygyna, bütin yslam alymlary bir agyzdan ylalaşandyrlar.

    We şol sebäpli, kimde aşakdaky agzaljak şeritler tapylsa, borjuňy berjaý etmeklik üçin howlukmalydyr, we hiç bir sebäpsiz gijikdirmeklik, günädir, çünki Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- şeýle diýen: “Haj üçin howlukyň, çünki size näme zadyň döwet boljakdygyny bilýän dälsiňiz”[4]. We ýenede bir, kabul ediljek derejedäki hadysda şeýle diýilýär: “Kim-de kim başaryp duran halatynda haj etmese, onda ol, eger islese ýehudilykda ölsün, we eger islese hrystiýanylykda ölsün”.

    Dördinji mesele: Hajyň şertleri:

    Hajyň wajyp bolmagyna, bäş şert gerekdir:

    1. Yslam: Kapyr adama haj etmeklik wajyp däldir, we eger-de ol, haj edäýsede, hajy kabul däldir, çünki ybadatyň dogry we kabul bolmagyna, yslamda edilmekligi şertdir.

    2. Akyl: Mejnuna haj etmeklik wajyp däldir, we eger-de ol, haj edäýsede hajy kabul däldir, çünki akyl, buýrygy berjaý edilmegiň şertidir, we mejnun bolsa, buýrylanlaň içine girýän däldir, we tä aklyna gelinjä, üstünden ýazgy galamy göterlendir, edil Alyň –Alla ondan razy bolsun- hadysynda gelişi ýaly, çünki Allanyň resuly –sallallahu aleýhi we sellem- şeýle diýýär: “Üç görnüşli adamdan, galam göterlendir: ýatan adam, tä turynça, kiçi çaga, tä ýetginjek ýaşa ýetinçä, mejnun, tä akly ýerne gelinjä”[5].

    3. Ýetginjeklik ýaşyna ýetmek: Kämillik ýaşyna ýetmedik çaga, haj etmeklik wajyp däldir, çünki ol, buýrylrnlryň hasabyna girmän, ondan tä kämillik ýaşyna ýetinçä, üstünden galam göterlendir, geçenki hadysda agzalşy ýaly: “Üç görnüşli adamdan, galam göterlendir,...”, ýöne eger-de ol, haj edäýse, onuň hajy kabuldyr, we ol ybadat bilen adaty saýgaryp bilmeýän bolsa, onda onuň jogapkärçisi, onuň ýerine niýet etse bolýandyr, we-de onuň eden hajy, bütin alymlaryň ylalaşmagynda, yslam hajynyň ýerini tutýan däldir, muňa delil, Abdulla ibni Abbasyň –Alla olardan razy bolsun- rowaýat edýän hadysynda, bir aýal çagasyny göterip şeýle diýýär: “Eý, Allanyň resuly, şuňada haj etse bolýamy? diýip soranda, Ol aýtdy: Hawa, saňada sogap beriljekdir”[6]. Ýene başga bir hadysda Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- şeýle diýýär: “Haýsyda bolsa bir çaga haj etse, soňra kämillik ýaşyna ýetse, oňa täzeden haj etmeklik wajypdyr, we haýsyda bolsa bir gul haj etse, soňra ony azatlyga boşadylsa, oňa täzeden haj etmeklik wajypdyr”[7].

    4. Azatlyk: Gul adama haj etmeklik wajyp däldir, çünki ol, özüniň zady bolman, eýesiniň hasabyna ýaşaýandyr, ýöne eger-de ol, eýesiniň rugsady bilen, haj edäýse, hajy kabuldyr. Şübhesiz, gul adam, gul wagtynda haj etse, soňra ony azatlyga çykarylsa, bütin alymlary ylalaşmagynda, täzeden haj etmeklige ýol tapsa, yslam hajyny etmeklik, oňa wajypdyr, we-de onuň gul wagtyndaky eden hajy, onuň ýerini tutýan däldir, muňa Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellemiň- geçenki hadysy delildir: “Haýsyda bolsa bir gul haj etse, soňra ony azatlyga boşadylsa, oňa täzeden haj etmeklik wajypdyr”.

    5. Başarmaklyk: Muňa delil Alla tagala şeýle diýýär: “Ýoluna güýç ýetirenleriň (Allanyň) öýüne haj etmegi ynsanlaryň Allanyň öňündäki borjudyr” Äli-Ymran: 97. Mal sebepli gidip başarmaýan, megerem, özüne gerekli harajatlaryna we taşlap gitjek maşgalasyna ýeterlikli maly bolmazlyk, ýa-da mekkä gidip-gelmeklik üçin ýol ulagy bolmazlyk. Ýa bolmasa sagdynlyk sebäpli, gidip başarmazlyk, megerem, uly ýaşly adam, ýa-da hassa halynda bolup, ulaga minip başarman, sapar etmeklik oňa agyr bolsa, ýa-da haja alyp barjak ýol, asuda bolman, megerem, ýol kesereleriň, ýa-da keseliň we şoňa megzeş zatlaryň bolmaklygynda, haj eduwjy, özünden we malyndan goruksa, onda oňa, tä şol zatlar aýyrylýança, oňa haj etmeklik wajyp däldir, çünki bu barada Alla tagala şeýle diýýär: “Alla hiç kime güýjüniň ýetmejek zadyny ýüklemez (buýurmaz) Bakara: 286, başarmazlyk hem, güýç ýetmezlikdendir, we ýene-de şol başarmaklykdan: aýal maşgalanyň ýanynda mahram adymyň bolmaklygydyr, çünki oňa, haj saparyna we beýleki saparlara, mahramsyz gitmeklik gadagandyr, muňa delil, Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- şeýle diýýär: “Allaha we kyýamat gününe iman eden aýal maşgala, iki günden köp sapar edişlige, ýanynda kakasy, ýa-da ogly, ýa-da adamsy, ýa-da dogany, ýa-da mahramlaryndan biri bolmazdan, sapar etmeklik, oňa halal däldir”[8], ýene başga bir hadysda, Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- şeýle diýän adama: çünki aýalym haj etmeklik üçin çykdy, menem söweş etmeklik üçin ýazyldym diýende, oňa şeýle diýen: “Ýola düşde, maşgalaň bilen haj et”[9]. Eger-de aýal maşgala, bimahram bolup haj etse, onuň hajy dogrydyr, we ony etmekde günäkärdir.

    Bäşinji mesele: Umra etmekligiň hökümi we oňa deliler:

    Başarýan adama, ömründe bir sapr umre etmeklik, wajypdyr, muňa delil, Alla tagala şeýle diýýär: “Alla üçin haj (parzyny) we umra (zyýaratyny) berjaý ediň!” Bakara: 196, hadysdan delil bolsa, Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellemden- Aýşa –Alla ondan razy bolsun- sorap şeýle diýýär: “Aýal maşgalalara jihäd etmeklik ýazyldymy?” Ol aýtdy: “Hawa, olara uruş edilmeýän jihäd ýazyldy: haj we umra etmeklik”[10], ýene bir hadysda, Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellemden- Ebu rozin diýen sahaba, kakasyny haj, umra we ýerinden bytnap bilmaýänligini aýdanda, Ol aýtdy: “Kakaň ýerine, hajyny we umrasyny et”[11].

    Umranyň üç rüküni bardyr: ihram geýmek, towaf (aýlanma) we saý (ýorgalama).

    Altynjy mesele: Haj we umra etmeklik üçin, daşyndan geýänleriň, ihrama girýän ýerleri:

    “Mikot” sözüniň dil taýdan manusu: “çäk” diýmekdir.

    Şerigat taýdan manysy: ybadat ediljek, belli bir ýer, ýa-da onuň wagty, we şelelikde çäklendirilmeklik ikä bölünýär: wagt çäkligi we ýer çäkligi.

    Emme haj we umra üçin, wagt çäkligi:

    Elbetde umrany, ýylyň haýsy wagtynda etseň hem bolýandyr.

    We emma haj bolsa, ýöriteleşdirilen wagtdan başga wagtda, hajyň amallaryny etmeklik dogry däldir, bu barada Alla tagala şeýle diýýär: “Hajyň (wagty) belli aýlardyr” Bakara: 197, we ol aýlar bolsa: Şewwäl (baýram aýy), zul kygda (boş aýy), zul hyjja (gurban aýy).

    Emma haj we umra üçin, ýer çäkligi: Haj we umre eduwjy üçin, ihram geýmeklik üçin, çäklendirilen ýerdir. Çünki Allanyň resuly –sallallahu aleýhi we sellem- ibni Abbasyň –Alla olardan razy bolsun- rowaýat edýän hadysynda, ony beýan edip şeýle diýýär: “Allanyň resuly –sallallahu aleýhi we sellem- Medinäň ýaşaýjylaryna, “zulhuleýfe” diýen ýeri, we Şäm ilinde ýaşaýanlara, “juhfa” diýen ýeri, we Nejd ilinde ýaşaýanlara, “karn al-menäzil” diýen ýeri, we Ýemen ilinde ýaşaýanlara, “ýelemlem” diýen ýeriler, şolar üçin we kim-de kim haj we umra isläp şol tarapdan gelenler üçindir, we kimiň ýeri, ondan bärde bolsa, onda ol, öz ýerinden, we Mekge ýaşaýjylary hem Mekgedendir, diýip çäklendirdi”[12]. Kim-de kim ihram geýmezden, şol ýerlerden geçseler, başarýan bolsa, täzeden yzyna dolanyp, ihramyny geýmelidir, we eger-de dolanyp başarmasa, onda onuň boýnuna, damak çalmak tölegi bardyr, we ol bolsa, bir goýunyň damagyny çalyp, Mekgäň garyp ýaşaýjylaryna paýlamalydyr.

    Ikinji bap: Hajyň rükünleri we wäjipleri

    Bu bolsa iki meseläni içine alýar:

    Birinji mesele: Hajyň rükünleri:

    Hajyň rükünleri, dört sanydyr, olar:

    1- Ihrama girmek: bu bolsa, haja niýet etmek we oňa gönükmekdir. Çünki haj, bütinligine ybdatdyr, şunlukda, bütin musulmanlaryň ylalaşmagynda, niýet etmesiz, amal kabul bolmaýar, Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellemiň- hadysy muňa esas delildir: “Çünki her bir amal niýete görädir”[13], niýetiň bolmaly ýeri ýürekdir, ýöne haj edeniňde, haýsy görnüşli hajy edýänligiňi agzap, diliň bilen aýtmaklyk, has gowydyr, çünki muňa, Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellemiň- edenligi barada delil bardyr.

    2- Arafatda wakfe (ýörite durma ýerinde) bolmak: munyň rükündigine, bütin alymlaryň ijmäsy bardyr, muňa delil, Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- şeýle diýýär: “Haj, arafada durmakdyr”[14], durmaklygyň wagty: arafat gününiň, öýle wagtyndan, tä damak çalynýan güniň, fajirine çenlidir.

    3- Käbä, ziýarat towafyny etmek: muňa dolanyş towafy diýip atlandyrylýar, sebäbi ony, arafadan mekgä dolananyňda edýärsiň, we ýene-de parz topagy hem diýilýär, munyň rükündigine, bütin alymlaryň ijmäsy bardyr, muňa delil, Alla tagala şeýle diýýär: “Soň kir-kimirlerinden dynsynlar, aýdan janlylaryny bersinler we Gadym Öýi (Käbäni) towaf etsinler” Haj: 29.

    4- Sofa we merwäň arasyndan, saý etmek: bu hem rükündir. Muňa delil, Aýşa –Alla ondan razy bolsun- öz hadysynda şeýle diýýär: “Alla tagala, haj we umre edeniň amalyny kabul etmeýär, tä safa we merwäň aralygynda, topag (saý) etmese”[15], we-de Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- şeýle diýen: “Saý ediň (safa we merwäň aralygynda), çünki Alla tagala saý etmekligi, size parz edendir”[16]. Şu agzalan rükünler edilmese, hajyň bitýän däldir, kim-de kim haýsyda bolsa birini taşlasa, hajy bitýän däldir, tä şony edýänçä.

    Ikinji mesele: Hajyň wajyplary:

    1- Şerigat tarapyndan çäklendirilen ýerlerde, ihrama girmek.

    2- Arafada günnizine gelenler, gün ýaşynça, arafada galmaklyk, çünki Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- gün ýaşynça, arafada durandyr –bu barada, birazdan ýörite açyklama gelýär- , şonda şeýle diýýär: “Menden, hajyň edilşini ögreniň”.

    3- Damak çalynýan gijesi, müzdelifede, ýarty gijä çenli galmak, eger şondan öň gelen bolsa, Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellemiň- edenligi, muňa delildir.

    4- Teşryk güleri, gije-gündizine minäde galmak.

    5- Üç ýere, tertip bilen daş oklamak.

    6- Saçy syrmak ýä-da kiçeltmek, muňa delil Alla tagala şeýle diýýär: “...saçlaryňyzy syrdyryp we gysgaldyp...”, we ýene-de Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- ony edip, başgalara hem emir edenligi, muňa delildir.

    7- Aýbaşyly we kyrk çileli maşgalalardan galany, hoşlaşyk towafyny etmek, çünki muňa, ibni Abbasyň –Alla olardan razy bolsun- hadysy delildir: “Adamlara, hajyň soňynda, hoşlaşyk towafyny etmeklik emir edildi, ýöne şolardan aýbaşyly bolanlara, şerigat tarapyndan, towaf etmezlige rugsat berildi”[17].

    Eger kim-de kim, şol wajyplardan, haýsyda bolsa birini, bilip durup ýa-da ýatdan çykaryp taşlasa, onda ol, damak çalmak tölegi bilen, hajyny tamamlap bilýandir, çünki bu barada, ibni Abbas –Alla olardan razy bolsun- şeýle diýýär: “kim-de kim hajyndan bir zady ýatdan çykarsa ýa-da taşlasa, onda ol, damak çalma tölegini etsin”[18].

    Ýokardaky agzalan amallardan başgasy, sünnetdir.

    Şol sünnetleň, iň esaslylary:

    1- Ihram üçin ýuwunmak we atyrlanmak, we üti-aşagy ak bolan, ýörite ihram eşigini geýmek.

    2- Dyrnagyňy artmak, goltugyň we owrat ýerleň, gyllaryny syrmak, murtyňy kiçeltmek we başga gerekli bolan zatlaňňy etmek.

    3- Mufrad we koryn görnüşli haj edýänler, geliş (kudum) towafyny etmek.

    4- Geliş (kudum) towafynda, birden üçe çenli aýlananyňda, haýdap ýöremeklik.

    5- Geliş (kudum) towafynda, ihram eşiginiň ýokarky bölegini, çep egniň üstünden geçirip, sag eliň goltugyndan geçirip, çep egniňde goýmak.

    6- Arafa gijesi (sekizi gijesi), minäde galmak.

    7- Ihram geýeniňden, tä birinji daş syňylşyga çenli, telbiýe (Lebbeýk, Allahümme lebbeýk,...) aýtmak.

    8- Müzdelifede, agaşam namazy bilen ýassy namazy, agşam namazynyň wagtynda, jemläp okamak.

    9- Müzdelifedäki “meşgaryl haram” diýilýän ýerde, fejirden gün dogynja, başarsaň müzdelifede galmak, bolmasa müzdelifäň nirsinde bolanyňda-da, bolýandyr.

    Üçünji bap: Ihramy geýeniňdan soňra etmelidäl zatlar, damak çalmak tölegi we gurbanlyk damagy

    Bu bolsa aşakdaky meselelerden ybaratdyr:

    Birinji mesele: Ihramy geýeniňdan soňra etmelidäl zatlar:

    Bu bolsa, şerigat tarapyndan, ihramy geýen adamyň etmelidäl zatlarydyr, we olar dokuz sanydyr:

    1- Dikilen eşik geýmezlik, ýagny bedeniňi örtýän, balak, köýnek we ş.m dikilgi zatlary geýmezlik, diňe aşagyna örterýaly zat tapmasa, balak geýmeklige rugsady bardyr, we bu gadaganlyk, diňe erkek mäşgaladyr, emma aýal maşgala, ýüzörtgi we ellikden başga, näme islese geýip bilýändir, munuň doly açyklanşy täzeden agzalýar.

    2- Bedenine we eşigine, atyr sepinmezlik, we-de öz islegiň bilen yslmazlyk, we ýerden bitýän ysly gülleri yslasa bolýandyr, we-de ysy bolmadyk, göze çalynýan kühili yllansa bolýar.

    3- Saçyňy we dyrnagyňy aýyrmazlyk, bu höküm, erkege we aýala degişlidir, we-de kelläni ýuwaşlyk bilen ýuwsa bolýandyr, we eger dyrnagy döwülse, aýyryp bilýändir.

    4- Kelläňi örtmezlik, we oňa çadyryň we gagyň kölekesinde, kölekelense bolýandyr. We gerekli halatda, zontyk ullansa bolýandyr, we aýal maşgala, ýüzüni örtmeklik gadagandyr, we nä-tanyş erkekleriň bar wagtynda, ýüzüni örtmeklik, wajypdyr, we ellik geýmeklik hem, gadagandyr, şolardan başga, özüne mynasyp bolan, islän zadyny geýip biler. Kim-de kim bilmezden, ýa-da ýatdan çykaryp, ýa-da zorlyk astynda, atyr sepinse, ýa-da kellesini örtse, ýa-da dikilgi eşik geýse, hiç bir zeperi ýokdyr, çünki Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- şeýle diýen: “Ymmatymyň üstünden, ýalňyşlygy, ýatdan çykarmaklygy we sorluk astynda etdirilmekligi, günäsini aýyrlandyr”. Haçanda hökümini bilmeýän, bilen wagtynda, ýa-da ýadyna salanda, ýa-da zorlyk üstünden aýyrlanda, gadagan edilen zatlardan, dowam etmezden, desine saklanmalydyr.

    5- Özüne we başgalara, nika gymazlyk.

    6- Maşgalasy bilen jynsy gatnaşygyny etmezlik, we bu bolsa, hajyň birinji bitirlişigindan öň edilse, hatda arafada duran hem bolsa, hajy dübünden pozýandyr.

    7- Maşgalasy bilen jynsy gatnaşygyny etmesede, oňa ýakynlaşmazlyk, we muny edeniň, hajy pozulýan däldir, we edil şolar ýalak hem ogşamaklyk, ellemeklik we şähwediň bilen seretmeklik, hajy pozýan däldir.

    8- Düzdäki haýwanlary öldürmezlik we ony awlamazlyk, we Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellemiň- öldürmeklige emir eden, bäş görnüşli haýwany, haram etrabynda bolsun, ýa başga ýerde, ihram eşigini geýen bolsun, ýä geýmedik adam, şol haýwanlary öldürmeklige rugsady bardyr, we olar bolsa: garga, syçan, leňňeç, bürgüt, ýylan we dişlegen it. Düzdäki haýwanlary, öldürmeklige yşarat edip we haýsy görnüşli bolsun, kömek hem bermeli däldir, we-de aw edilip öldürlen haýwanyň etini hem iýmeklik bolýan däldir.

    9- Haram etrabyndaky, seper bermeýan baglary we gök ösümliklere degmeli däldir, we ýoluňa myşaýyt berýän, şahalary aýyrmaklyga rugsat bardyr, we-de bulardan, sünmek ýaprakly ösümlik we adamlaryň elleri bilen eken zatlary, bütin alymlary ylalaşmagynda, ýokardaky hökümi içine alýan däldir.

    Ikinji mesele: Gadagan edilen zatlary, edene töleg:

    Saçyny syrana, dyrnagyny aýrana, dikilgi eşik geýene, kelläni örtene, maşgalaňa seredeniňde, döl çyksa we döl çykmasada, maşgalasyna ýakynlaşsa, aşakdaky agzaljak, üç görnüşli tölegiň birini saýlap bilýär:

    1- Üç gün agyz beklemek.

    2- Ýa-da alty misgini doýurmak.

    3- Ýa-da bir goýunyň damagyny çalmak.

    Muňa delil, çünki Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- haçanda Kaib ibni ajraň beýnisi agyranda, şeýle diýen: “Saçyňy syr, soňra üç gün agzyňy bekle, ýa-da alty misgini doýur, ýa-da bir goýunyň damagyny çal”[19]. Şuň hökümini, galanky agzalanlarada, ýolukdurylýar, we-de olar, hajy düpleýin bozmaýar.

    Emma aw awlasa: aw eden adam, şol awunyň ýerine, öý haýwanlarynyň birini öldürmek, ýa-da şoň ýerine, bahasyny ölçäp, her misgine, agramy (1 kilo, 125 gram) bolan nahar bilen, naharlamaklygy, ýa-da naharyň deregine, şol mykdarda agyz beklemekligi, saýlap bilýär, muňa delil, Alla tagala şeýle diýýär: “Sizden kim ony (awy) bilkastlaýyn öldürse, onuň jezasy öldüren (maly) ýaly (öýde saklanýan mal sadaka bermelidir). Käbä ýetiriljek (iberiljek) ol gurbanlyk malynyň (deregine sadaka beriljek malyň) nähili bolmalydygyny (kesgitlemek üçin) siziň araňyzdan iki sany adyl kişi höküm bersin. Ýa-da (şol malyň bahasynyň) öwezine misginlere tagam bermeli, ýa-da öz etmişiniň jezasyny dadar ýaly, şoňa barabar agyz beklemelidir” Mäide: 95.

    We emma birinji bitirlişikden öň, maşgalasy bilen jynsy gatnaşygyny etse we jynsy gatnaşygyny etmesede, maşgalasyna ýakynlaşyp, döl çykarsa, ýa-da başga ýolar bilen döl çykarsa, ýa-da maşgalasyny ogşap döl çykarsa, ýa-da maşgalasyny şähwet bilen eldäp, döl çykarsa, ýa-da maşgalasyny yzly-yzyna seredip, döl çykarsa: çünki şularyň hemmesi, ýatdan çykarlyp edilsin, ýa-da bilmezzden edilsin, ýa-da mejbur edilen halda, edilsin tapawudy ýokdyr, hajy dübünden pozýandyr. We ony edeniň boýnuna, bir düýäniň damagyny çalmak, hajyň hem kazasyny almaklyk we oňa toba etmeklik, wajypdyr.

    We emma birinji bitirlişikden soň edilse, hajy pozýan däldir, diňe onuň boýnuna, bir goýunuň damagyny çalmak, wajypdyr.

    We emma hajda nika gyýylmaklyk bilsa: onuň boýnuna hiç bir töleg ýokdyr, ýöne onuň nikasy kabul däldir.

    We emma haram etrabyndaky adamlary ekmedik, baglaryny we ösümliklerini kesip-ýolsa: onuň boýnuna, kiçi bagy keseniň ýerine, bir goýun bermek we uly baga bolsa, bir sygyry bermeklikdir, we ösülikleri ýolanyň ýerine, şoň bahasyny berseň bolýandyr. Bu agzalan höküm, haçanda bilip eden bolsa, emma bu hökümi bilmezden we ýatdan çykaryp etse, onuň boýnuna hiç bir töleg ýokdyr.

    Üçünji mesele: Haramda damak çalynşyk mal we onuň hökümleri:

    Allaha ýakynlaşmak üçin, haramda damak çalynjak mallar: düýe, sygyr we guýundyr.

    Olaryň görnüşleri:

    1- Temettug we kyron görnüşli haj edýäniň, damak çalynşy: bu bolsa, mekgede ýaşamaýanlar üçin wajypdyr, we-de ol gurbanlyk malydyr, çünki ol öweze doldurujy mal däldir, muňa delil, Alla tagala şeýle diýýär: “Emma siziň üçin (haj ýolagçylygy) howpsuz bolsa, kim haj döwrüne çenli (wagtdan) peýdalanyp, umra etmek islese, özüne ýeňil bolan gurbanlyk çalmagy (wajypdyr) Bakara: 196. Eger-de gurbanlyk maly, ýa-da ony almaklyga puly bolbasa, onda ol haj günlerinde üç gün agzyny bekläp, we ol günlerde bekläp bilmese, teşryk günleri bekläp bilýändir, we-de ol öýüne dolananyndan soňra, ýedi gün agzyny meklemelidir, muňa delil, Alla tagala şeýle diýýär: “Emma kim (gurbanlyk malyny) tapmasa, haj (döwründe) üç gün, (öýe) gaýdyp geleniňizden soň hem ýedi gün oraza tutmalydyr” Bakara: 196, we-de temettug we kyron görnüşli haj eden adam, öz beren gurbanlygyndan iýmekligi gowy görülendir, muňa delil, Alla tagala şeýle diýýär: “..., ondan özüňiz hem iýiň, kanagatly (dilegçilik etmeýän) mätäje hem, dilegçi garyba hem iýdiriň!” Haj: 36.

    2- Öweze dolduryjy damak çalynyşyk: bu bolsa, hajda wajyp bolan zady taşlanyň, ýa-da ihramdaky adamyň, etmelidäl zady edeniň, ýa-da haýsyda bolsa, bir päsgelçilige sebep bolan adam üçin, töleg malydyr, muňa delil, Alla tagala şeýle diýýär: “Eger (yhrama gireniňizden soň) size (haýsydyr bir) päsgelçilik döredilse (siz hem ony doly berjaý edip bilmeseňiz), özüňize ýeňil bolan bir gurbanlyk (malyny Mina iberip), damagyny çaldyryp (yhramdan çykyň) Bakara: 196, muňa delil, ibni Abbas hem, şeýle diýýär: “kim-de kim hajyndan bir zady ýatdan çykarsa ýa-da taşlasa, onda ol, damak çalma tölegini etsin”[20]. Bu görnüşli damak çalan adam, onuň etinden iýmeklik bolýan däldir, megerem ony, haram etrabyndaky pakyrlara, sadaka bermelidir.

    3- Artykmaç sogap üçin, damak çalynyşyk: bu bolsa, her bir haj we umra eduwja, Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellemiň- yzyna eýgerýän niýeti bilen etmeklik, gowy görülendir, çünki Ol, hoşlaşyk hajynda, Allaha ýakynlaşmak üçin, ýüz (100) düýäniň, damagyny çalandyr. We-de onuň etinden iýmeklik hem, gowy görülendir, çünki Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- her bir düýeden, bir bölek eti alyp, ony bişirmekligi emir edipdi, we-de ondan iýip, çorbasyndan hem içendir[21]. We-de haj ihramynda bolmadyk adamlar hem, Allaha ýakynlaşmak üçin, gidýänlere malyny berip, şol ýerde damak çaldyrmaklygy hem bolýandyr, we ihramdaky adama, gadagan bolýan zat, ihramda bolmadyk adamlara gadagan bolýan däldir.

    4- Aýdylan damak çalynşygy: bu bolsa, haj eduwjy adamyň, käbede Allaň ýoluna aýdylan merjek diýmegidir, we muny berjaý etmeklik bolsa, onuň boýnuna wajypdyr, muňa delil, Alla tagala şeýle diýýär: “Soň kir-kimirlerinden dynsynlar, aýdan janlylaryny bersinler” Haj: 29. We-de oňa, bu maldan iýmeklik, bolýan däldir.

    Käbä alyp barylýan malyň, damagy çalynýan wagty:

    Temettug we kyron görnüşli, haj edýän adamyň damak çalmaly wagty, damak çalynýan güniň, yýd namazyndan soň başlap, tä iň soňky teşryk güne çenlidir.

    Emma hajda etmeli däl zatlary, eden adamyň töleg höküminde, damak çalmaly wagty bolsa, şol işi eden dessine damak çalmalydyr, we şolar ýaly, hajda wajyp bolan zady taşlan hem, şol wagytda töleg damagyny çalmalydyr.

    We emma, haýsyda bolsa, bir päsgelçilige sezewar bolan adam bolsa, şonuň sebebi tapylan wagtynda, damak çalmalydyr, we ol bolsa, bir goýun, ýa-da düýäň we sygyryň ýediden biri, muňa delil, Alla tagala şeýle diýýär: “Eger (yhrama gireniňizden soň) size (haýsydyr bir) päsgelçilik döredilse (siz hem ony doly berjaý edip bilmeseňiz), özüňize ýeňil bolan bir gurbanlyk (malyny Mina iberip), damagyny çaldyryp (yhramdan çykyň) Bakara: 196.

    Damak çalynýan ýer: Temettug we kyron görnüşli haj eden: Minäde damak çalmaklygy sünnetdir, we oňa, haram etrabynyň haýsyda bolsa bir ýarinde, damagyny çalsa bolýandyr.

    We edil şolar ýaly, hajyň wajybyny taşlan we ihramda etmeli däl zady eden hem, haram etrabyndan başga ýerde damagy çalmaly däldir, diňe päsgelçilige uçuran adam, şol ýerde damagyny çalsa bolýandyr. Emma agyz beklemek bolsa, nirde bekläninde-de bolýandyr, we iň gowysy, hajda üç gününi bekläp, we ýedi gününi hem, öýüne dolananda beklemekligi gowy görülendir, muňa delil, Alla tagala şeýle diýýär: “Emma siziň üçin (haj ýolagçylygy) howpsuz bolsa, kim haj döwrüne çenli (wagtdan) peýdalanyp, umra etmek islese, özüne ýeňil bolan gurbanlyk çalmagy (wajypdyr). Emma kim (gurbanlyk malyny) tapmasa, haj (döwründe) üç gün, (öýe) gaýdyp geleniňizden soň hem ýedi gün oraza tutmalydyr. Bu jemi on gündür” Bakara: 196.

    We-de damagy, haj eduwjyň özi çalmaklygy, gowy görilendir, we onuň ýerine başga biri çalanda-da bolýandyr, we damak çalynan wagty: Bismilläh (Allaň ady bilen başlaýaryn), Allahumme häzä minke we leke (Eý Allam, bu seniňki we saňadyr), diýmekligi gowy görilendir.

    Emma käbä alyp barylýan malyň şertleri bolsa: Edil gurbanlyk malynyň şertleri ýalydyr:

    1- Özde saklanýan maldan bolmalydyr (düýe, sygyr we goýun).

    2- Gadagan etjek aýayplardan päk bolmalydyr, mysal üçin: keselli, kör, agsak we hordan ejizlik.

    3- Şerigat tarapyndan kabul edilen ýaşda bolmaly: düýe baş ýyl, sygyr iki ýyl, geçi bir ýyl, goýun alty aý bolmalydyr.

    Dördinji bap: Hajyň we umraň edilişi:

    Alymlaryň, hajyň edilişi barada, asyl edip tutunýan hadyslary, hemmelere mälim bolan, Jäbiriň (sahabalardan biri) hadysydyr[22].

    Takyk biz, Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellemden- gelen dogry rowaýatlary jemläp, hajyň ediliş sypaty, aşakdaky agzaljak görnüşdedir:

    Haçanda haj eduwjy adam, ihram geýinmeli diýip bellenilen ýerik ýetende, oňa suwa düşünmekligi we syrmaklygy halal bolan ýerlerini syrmaklygy, edil goltugyny, owrat ýerlerini we murtyny, we dyrnagyny almaklygyny, gowy görülendir, we-de erkek adama, dikilgi eşiklerini çykaryp, haja niýet etmezinden öň, bedenini atyrlap, üsti-aşaky ak bolan, ýöriteleşdirilen eşigi geýmelidir, we aýal maşgala bolsa, öz islän eşigini geýip bilýandir. We erkek adama, eşigiň üsti bölegi bilen, egnini ýapmalydyr, we-de ol, hajyň haýsy görnüşini islän bolsa, oňa niýet etmelidir, we iň gowysy bolsa, ýol ulagyna mineninde etse gowydyr, we eger-de ol, ihramy geýeninden soň bir zadyň boljagyndan, edil kesellilik, ýa-da ýol talagçyň bolmaklygy we ş.m goruksa, onda ol, niýet eden wagtynda, maňa näme zat myşaýyt etse, şol ýerde ihramdan çykýaryn diýip, şert etmelidir.

    Niýet eden wagtynda, kybla bakyp: “Allahumme häzihi hajjtun, lä riýäe fihä we lä sum-ate” (Eý Allam, bu edýän hajym, göz üçinem däl, öwgi-sena üçinem däl), diýmekligi gowy görilendir, we-de oňa telbiýe aýtmaklygy sünnetdir: “Lebbeýk, Allahumme lebbeýk, Lebbeýke lä şerike leke lebbeýk. İnnel-hamde wen-niýmete leke wel-mülk lä şerike lek” (Eý Allam, çakylygyňa süňňüm bilen ynandym, buýrugyňa taýýar boldum. Sen ýeke-täksiň, deňiň-duşuň we meňzeşiň ýokdur. Saňa ýüz tutdum, at-abraý, nygmat-eşret, mal-mülk bary seňkidir. Sen ýeke-täksiň, deňiň-duşuň we meňzeşiň ýokdur). We-de şoňa artdyryp, Sahabalar şeýle diýerdiler: “Lebbeýke, zel mearij, Lebbeýke zel fewäzyl” (Beýikligiň we tämizligiň eýesisiň). We-de telbiýe aýdanynda, sesini galdyrmaklyk, sünnetdir, we haçanda makgä ýeteninde, suwa düşünmeklik gowy görülendir, we haçanda ol towaf etmeklik islese, erkek kişä, ihram eşiginiň ýokarky bölegini, çep egninde goýup, sag goltugynyň aşagyndan geçirip, çep egnini örtmelidir. We-de onuň towaf eden halynda, täretli bolmaklygy şertdir, we-de oňa, gara daşy (hajar al-eswed) eldäp, ony ogşamaklyk, gowy görülendir, we eger-de ony edip başarmasa, diňe eli bilen eldäp, elini ogşasa bolýandyr, we eger-de ony hem edip başarmasa, diňe şoňa tarap elini yşarat etse bolýandyr, ýöne ol halatda eli ogşalýan däldir, we-de muny, her aýlawda edilýändir, we-de her aýlawa başlanyňda, tekbir bilen (Allahu ekber) diýip başlanýandyr, we towafyny, mismillä we Allahu ekber diýip başlasa, has gowydyr, we haçanda, käbäniň “rükünil ýemäni” diýilen çüňkine ýeteňde, şol çüňki ogşamazdan, diňe ellenýändir, we eger-de ony edip başarmasaň, onda oňa yşarat edip, tekbir (Allahu ekber) edilmeýär, we käbäniň şol çüňki bilen, gara daş (hajar al-eswed) çüňkiniň aralygynda, şul agzaljak dogany aýdylýar: “Robbenä ätinä fiddünýä hasene, we fil ähiroti hasene, we kynä azäbennär” (Eý, Perwerdigärimiz! Bize bu dünýäde gowulyk (halal rysgal) ber, ahyretde hem gowulyk (ýalkaw) ber we bizi ot (dowzah) azabyndan gora!). We towafynyň galanky wagtlarynda, islän dogasyny edip bilýändir, we towaf eden wagtynda, birdan-üçe çenli haýdap ýöremekligi gowy görülendir, soňra dörtden başlap, ýöremekligini dowam edip başlar, we-de ýedi aýlawyny bitireninden soň, açan sag egnini, örtmelidir, soňra Ibrahim –aleýhisselämiň- duran ýerine (makom ibrohima) baryp, şul aýaty okap: “Ybraýymyň makamyndan (özüňize) namaz ýeri ediniň!” Bakara:125, şol ýeriň arkasynda, iki rekagat namazyny okar, birinji rekagatynda “Käfirun” süresini okar, ikinji rekagatynda bolsa, “Yhlas” süresini okar, we eger-de, dyknyşyk sebäpli, şol ýerde okap başarmasa, onda mesjidiň haýsy ýerinde okanynda-da bolýandyr, bu edilen towaf, “ifrot” we “kyron” görnüşli edilen hajyň, kudum towafy (Mekgä geliş towafy) bolýandyr, we “temettug” görnüşli edilen hajyň bolsa, umra towafy, bolýandyr, soňra oňa, zemzem suwyny içip, kellesine akytmaklygy hem, sünnetdendir, soňra başarsa gara daşa (hajar al-eswed) baryp, ellär, soňra Al-safa dagyna çykyp, şul aýaty okar: “Takyk, Safa bilen Merwe (depeleri) Allanyň goýan alamatlarydyr” Bakara:158, soňra käbäni görip biljek derejede, ýokarsyna çykar, käbä tarap bakyp, elini galdyryp, üç gezek Allahu ekber diýip, şul dogany aýdar: “Lä ilähe illallohu wahdehu, lä şerike lehu, lehul mulku we lehul hamdu we huwe alä külli şeý-in kodyr, Lä ilähe illallohu wahdehu, enjeze wagdehu we nasara abdehu we hezemel ahzäbe wahdehu” (Takyk, ybadata hakly, ýeke-täk Alladan başga iläh ýokdyr, Onuň hiç-bir şärigi hem ýokdyr, hamytlar Oňa bolsun we bar-bolan ähli mülkler Onuňkydyr, ýeke-täk ybadata hakly, Alladan başga iläh ýokdyr, beren wadasynda duran, gullaryna ýeňiş beren we bütin duşmanlary ýeňen, ýeke-täk Sensiň), şul dogany üç gezek aýdar, we şol doganyň arasynda, uzyndan islän dogasyny edip biler, soňra ol ýerden düşip, Al-merwe dagyna tarap ýöräp gider, we iki ýaşyl çyzygyň arasynda bolsa, haýdap ýörär, bul bolsa diňe erkek maşgala degişlidir, soňra Al-merwe dagyna galyp, Al-safa dagynda näme eden bolsa, şony hem eder, ine şunyň bilen, birinji aýlawy bitýändir, soňra ýedi aýlawy bitýänjä, şol iki dagyň arasynda, aýlaw eder, we bul bolsa, “ifrot” we “kyron” görnüşli hajyň, saýy hasaplanar, mundan soňra, ol iki görnüşli haj eden adam, haj ihramyndan çykýan däldir (tä hajyny dynýança ihram eşiginde galmalydyr), we “temettug” görnüşli hajyň bolsa, umrasynyň saýy hasaplanýandyr.

    “Temettug” görnüşli haj eduwjy, umrasyndan çykmaklyk üçin, saçyny kiçeldip, ihram eşigini çykaryp, adaky eşigini geýmelidir, haçanda “terwiýe” (gurban aýynyň sekizi) gününi gelende, “temettug” görnüşli haj eduwjy, şol ýerinde ihram eşigini geýmelidir, we şolar ýalak hem, Mekgäň we şoňa golaý etrabyň ýaşaýjylary hem, öz ýerlerinden ihram eşigini geýmelidir, we-de oňa başdaky ihrama girmezinden öň eden zadyny, ýuwunmaklyk, atyrlanmaklyk we arassalanmaklygy gowy görülendir. Şol günde, bütin haj eduwjylar, telbiýe aýdyp, minä diýlen ýerik tarap gönükmelidirler, we şol ýerde olar, öýle, ikindi, agşam, ýassy we ertir namazyny jemlemezden, gysgaldyp okamalydyrlar, soňra baýram aýynyň dokuzlanjy güniň säherinde, Arafa meýdanyna tarap, gönükmelidirler. Eger-de başartsa, günorta çenli Nemre metjidine barmaklygy has gowydyr. We haçanda günorta wagtyndan geçenden soňra, Ymam ýa-da onuň orun basary, gysgadan hutba edip, öýle namazy bilen ikinda namazyny, gysgaldyp, jemläp, öýle namazynyň wagtynda okamalydyrlar, soňra Arafa durulşygyna girmelidirler. We-de her bir haj eduwjy, özüniň Arafa çäklendirilen ýerdedigini, doly bilmelidirler, kybla tarap bakyp, ellerini galdyryp, doga we telbiýe ederler, we şol beýik günde, Allasyna hamyd aýdyp, we Onuň huzurynda har-zelil bolup, Oňa zikir we doga etmekde, bar güjüni bermelidir. We şol günde, iň gowy aýdylmaly doga, şudyr: “Lä ilähe illalohu wahdehu lä şerike lehu, lehul mulku we lehul hamdu we huwe alä külli şeý-in kodyr” (Takyk, ybadata hakly, ýeke-täk Alladan başga iläh ýokdyr, Onuň hiç-bir şärigi hem ýokdyr, hamytlar Oňa bolsun we bar-bolan ähli mülkler Onuňkydyr), we şol günde, onuň agzy açyk bolmalydyr, çünki onuň etjek ybadatlaryny, uly güji bilen ederligi sebäplidir, we-de güniň ýaşanyna çenli, Allasyna ybadatda, pes ýürekli har-zelillikde bolmalydyr, güniň ýaşanyny bileninden soňra, Arafa ýerinden, ýuwaşly rahatlylyk bilen, Muzdelifä tarap, telbiýe aýdyp, ýola düşer, haçanda Muzdelifä baranynda, agşam namazy bilen ýassy namazyny bilelikde, we ýassy namazyny gysgaldyp okar, we ol ýerden ejiz adamlara, gijäniň ýarynda, daş zyňylyş tarapa, gönükmekliklerine rugsatlary bardyr, we beýleki adamlar bolsa, ertir namazyna çenli şol ýerde galyp, namazlaryny okap bolanlaryndan soňra, güniň çykyp başlanyna çenli, ýüzlerini kybla bakyp, Allasyna hamyd aýdar we Ony beýikläp, kelimelerini çögürürler, we güniň çykmazyndan öň, Muzdelifeden telbiýelerini aýdyp, ýuwaşly rahatlylyk bilen, daş zyňyljak ýere tarap ugrykarlar, we-de olar, öz zyňjak ownuk daşlaryny, ýoldan çöpläp almalydyrlar, haçanda olar, jemeretyl akobä (soňky uly daş zyňylşyga) ýetenlerinde, telbiýe aýtmaklaryny besedip, her daşy zyňanlarynda “Allahu ekber” diýip, ýedi daşy zyňmalydyrlar, muny bolanlaryndan soňra, mallarynyň damaklaryny çalarlar, we onuň etinden, iýmeklik hem gowy görülendir, soňra olar saçlaryny syrarlar, we ondan soňra, dolanyş (zyýarat) towafyny ederler, we “temettug” görnüşli haj edýän, ýa-da “ifrod” we “kyron” görnüşli haj edýänler, haçanda kudum (Mekgä geliş) towafyny edenlerinde, saýy etmedik bolsalar, şol towafdan soňra, saýy ederler. Muzdelifeden soňky edilmeli amallaryň, sünnete görä ediliş tertibi: daş zyňmak, damak çalmak, saçy syrmak ýa-da kiçeltmek, eger-de tertibini çalyşaýanda-da zeperi ýokdyr, we eger-de ýokardaky agzalan tertibiň ikisini edip, üçinjisini etmese, ol adama, maşgalasyna ýanaşmakdan, başga gaýtarlan amallardan boşaýandyr, we eger-de olaryň üçisini hem edäýse, onda oňa, maşgalasyna ýanaşmaklyk hem, bolýandyr. We ondan soňra olara, on birinji we on ikinji gije, Minäde galmaklyk wajypdyr, on birilenji gün, üç daş zyňylşygy, kiçiden başlap, soňra ortaka we soňra ula zyňmalydyr, we edil şolar ýalak hem, on ikisine.

    Daş zyňylşygyň başlaýan wagty, gün ortadan başlap, ertir namazyna çenlidir, haçanda kiçi daş zyňylşygyny edip bolanyndan soňra, biraz sag tarapyna ýöräp, ýüzüni kybla bakyp, elini galdyryp doga etmekligi, sünnetdir. We haçanda ortaky daş zyňylşygyny edip bolanyndan soňra, çep tarapa geçip, ýüzüni kybla bakyp, elini galdyryp, uzyndan doga etmekligi, sünnetdir, soňky daş zyňylşykdan soňra, durulmaýandyr. We eger-de ol, on ikilenji güni, howlykmaç bolup çykmak islese, onda oňa, gün batmazyndan öň, çykmaklyk wajypdyr, we eger-de ol, öz islegi bilen gijikdiräýse, onda oňa, on üçinji gije Minäde galmaklyk wajypdyr. Soňra ol, Mekgeden çykmaklyk islese, haşlaşyk towafyny etmeklik, wajypdyr, ine şunuň bilen ol, iň soňky işini, towaf etmeklik bilen biterýändir, şul haşlaşyk towafy, aý başyly we kyrk çileli maşgalanyň üstünden, gaçýandyr.

    ***

    [1] Rowaýat eden: Muslim: (1349).

    [2] Rowaýat edenler: Buhary: (1521), Muslim: (1350).

    [3] Rowaýat eden: Muslim: (1337).

    [4] Rowaýat eden: Ahmet: (1/314), Albäni hadysyň derejesine gowy diýen.

    [5] Rowaýat edenler: Ebu däwud: (4401), Ibni Mäje: (2041), Albäni hadysyň derejesine dogry diýen.

    [6] Rowaýat eden: Muslim: (1336).

    [7] Rowaýat edenler: Ymam Şäfigy öz “Musnet” kitabynda: (743), Beýhaky: (5/179), Şeýh Albäni hadysa dogry diýen.

    [8] Rowaýat eden: Muslim: (1340).

    [9] Rowaýat edenler: Buhary: (1862), Muslim: (1341).

    [10] Rowaýat edenler: Ahmet: (6/165), Ibni Mäje: (2901), Albäni hadysyň derejesine dogry diýen.

    [11] Rowaýat edenler: Ebu däwud: (1810), Nesäýi: (5/111), Ibni Mäje: (2904, 2905), Ahmet: (1/244), Albäni hadysyň derejesine dogry diýen.

    [12] Rowaýat edenler: Buhary: (1524), Muslim: (1181).

    [13] Rowaýat edenler: Buhary: (1), Muslim: (1907).

    [14] Rowaýat edenler: Tirmizi: (889), Ebu däwud: (1949), Nesäýi: (5/256), Ha-kim: (2/278) we oň derejesine dogry diýen, Albäni hadysa dogry diýen.

    [15] Rowaýat eden: Muslim: (1277).

    [16] Rowaýat edenler: Ahmet: (6/421), Ibni Huzeýme: (2764), Beýhaky: (5/98), Albäni hadysyň derejesine dogry diýen.

    [17] Rowaýat edenler: Buhary: (1755), Muslim: (1328).

    [18] Rowaýat edenler: Därikutny: (2/191), Beýhaky: (5/152).

    [19] Rowaýat edenler: Buhary: (1815), Muslim: (1201).

    [20] Rowaýat eden: Beýhaky: (5/152).

    [21] Rowaýat eden: Muslim: (1218).

    [22] Rowaýat eden: Muslim: (1216).

    معلومات المادة باللغة العربية