×

Dogry akydadan azaşmaklyga eltýän zatlar we olardan goranyş ýollary (Türkmençe)

Taýýarla: Salyh ibn Fewzan El-Fewzan

Description

Bu türkmen diline terjime edilen gysgaça makala, dogry akydadan azaşmaklyga eltýän zatlar we olardan goranyş ýollary barada ýazylandyr.

Download Book

    Dogry akydadan azaşmaklyga eltýän zatlar we olardan goranyş ýollary

    بيان الانحرافِ عن العقيدة وسبل التوقي منه

    < التركمانية – Türkmençe- Turkmen >

    Ýazan: Hormatly Şeýh Salyh ibn Fewzan Al-Fewzan

    المؤلف: فضيلة الشيخ صالح بن فوزان الفوزان

    —™

    Terjime eden: Ebu Ibrohim El-Merwezi

    Gözden geçiren: Halid Ebu Enes Türkmen

    ترجمة: أبو إبراهيم المروزي

    مراجعة: خالد أبو أنس التركماني

    Dogry akydadan azaşmaklyga eltýän zatlar

    we olardan goranyş ýollary

    Takyk ki, dogry akydadan azaşmaklyk bu howply zatdyr we diýseň uly ýitgidir. Sebabi, dürs akyda, haýyrly amallara itergi bolup, durýandyr. Emma dürs akydasy bolmadyk adamy, dürli-dürli şübheler we azgynlyklar ony gaplap alyp, (iki dünýede-de) bagtyýar ýaşaýşa ugrukdyrýan ýollary görmeklikden, oňa perde bolup durýandyr. Şeýle derejä ýetýar ki, hatda oňa ýaşaýyş dar görünip, soňra hem ol bu darlykdan çykasy gelip, öz janyna kast etmägide, hiç zatça görmez. Bu aýdyp oturan zadymyzy, elbetde biz, häzirki wagtda, dogry ynanç hidaýatyny ýitiren adamlarda görýäris. Eger bir halkda dogry dürs ynanç ýolbaşçylyk etmese, ol halk haýwanlar ýalydyr, olar bagtyýar ýaşaýyşyň ähli açarlaryny ýitirendirler. Kapyr döwletlerde görüp durşumyz ýaly, olarda näçe maddy gymmatlyklar kän bolsa-da, olaryň bu maddy-mallary, ýer ýüzünde harabaçylyk we ýumrulşykdan başga zat getirenok. Sebäbi, ol maddy baýlyklardan peýda geler ýaly, olary ýerlikli ulanmaklyk üçin, bir ugrukdyryjy zat gerek, ol dogry ýol görkeziji zat bolsa, dürs akydadyr.

    Alla tagala Kurany-Kerimde aýtdy :

    “Eý, pygamberler! Tämiz-päk zatlardan iýiň we ýagşy işleri ediň! Takyk, Men edýän işleriňizi bilýändirin." (El-Mu'minun:51).

    “Anyk ki, Biz Dawuda bir fazly-mertebe berip: "Eý, daglar we guşlar! Onuň bilen bilelikde tesbih ediň" diýdik. Şeýle hem oňa, «(Demirden) giň we pugta edip, sowut ýasa» diýip, demiri (hamyr ýaly) ýumşak kyldyk. (Eý, Dawudyň neberesi!) Ýagşy amallary ediň! Çünki Men siziň edýän amallaryňyzy görýändirin. Ertirine bir aýlyk, agşamyna bir aýlyk ýol geçýän şemaly, Süleýmana tabyn etdik we onuň üçin misi, çeşme ýaly eredip, akdyrdyk. Onuň gol astynda işleýän birnäçe jynlary Perwerdigäriň izin-eradasy (rugsady) bilen, (oňa tabyn edip, gullukda goýandyrys). Olardan haýsysy buýrugymyzdan çyksa, oňa ýalynly azap bererdik. Olar Süleýman üçin ybadathanalar, heýkeller, howuzlar, giň okaralar we berkidilen gazanlar ýaly, onuň islän zatlaryny ýasaýardylar. Eý, Dawudyň nesli! Şükür ediň! Bendelerimiň arasynda şükür edýäni gaty azdyr. " (Sebe:10-13).

    Akyda, maddy gymmatlyklardan bölünip, gyra aýyrylmaly däldir. Eger-de ondan aýyrlyp, ýalňyş akyda tarap gyşaraýsa, onda ol maddylyklar, edil kapyr döwletlerde görüp oturyşymyz ýaly, ýeriň ýüzünde bozukçylykdan, weýrançylykdan, we derbi-dagynçylykdan başga zat getirmez.

    Dürs akyda-dan azaşdyrýan sebäpler bardyr we olary bilmeklik wajypdyr, olaryň iň esasylary şu aşakdakylardyr:

    1. Dogry akydany bilmesizlik. Ony öwrenmekden we öwretmekden ýüz döndermek, ýa-da ol baradaky aladalary, geleňsiz alyp barmak, hat-da soňa baka, täze nesiller dogry akydalaryny bilmän, oňa garşy gidýän we ony puja çykarýan zatlary hem bilmän, hak (akydany) batyl saýyp, batyl (akydany) hem hak saýýan derejä ýetýärler.

    Bu babatda Hezreti Omar ibn el-Hattab -Alla ondan razy bolsun- şeýle diýdi: "Şübhesiz, Eger-de yslam dininde jähilliýedi (ylymsyzlykdaky azgynlyklary) bilmeýän adamlar ösüp ýetişse, Yslamyň daňysy (özeni, akydasy) bogma-bogma bozulýandyr."

    2. Ata-babalaryň ýollary ýalňyş hem bolsa, olara çenden aşa eýermeklik, we olaryň garşy çykan zatlary hak hem bolsa, ony terk etmeklik. Alla tagala Kuranda aýtdy:

    "Olara (kapyrlara): «Siz Allanyň inderen zadyna tabyn boluň!» diýlende, olar: «Ýok! Biz ata-babalarymyzdan gören (zadymyza) tabyn bolarys» diýdiler. Eger olaryň ata-babalary hiç zada akyl ýetirip bilmän, dogry ýoly tapyp hem bilmän, geçen bolsalar (onda hem olara tabyn boljaklarmyka)?" (Bakara:170).

    3. Ynsanlaryň sözlerine hiç-hili delilsiz, köre-kör eýermeklik we olaryň delilleriniň dogrylygynyň anygyna ýetmezden almaklykdyr. Edil şu wagtky görüp oturşymyz ýaly, birnäçe azaşan fyrkalar (akymlar): jähmiler, mugteziler, aşariler, sopylar, we ş.m-ler. Olar özlerinden öňki azaşan ymamlara eýerip, dogry akyda-dan azaşdylar.

    4. Öwlüýaleriň (Alla tagala ýakyn bolan adamlaryň) we salyh bendeleriň hakynda, çenden geçip, olary öz ynsanlyk derejesinden-de ýokary galdyrmak. Ýagny, diňe Alla tagalanyň başarýan zadyny, olar hem başarýar diýip ygtykat etmek, olar haýr getirer ýa-da bir şeri dep eder diýip ynanmak, Alla bilen adamlaryň arasynda, hajatlary bitirer ýa-da doga-dileglere jogap berer ýaly, olary araçy tutunmak, megerem, bu işleriň soňy Alla tagalany taşlap, gaýrylara ybadat etmeklige, olaryň gabyrlaryna baryp, aýdylan janlylary soýup ýakynlaşmaklyga, olardan medet soramaklyga, gyssanylanda olary çagyrmaklyga, olara doga-dileg etmeklige eltýändir. Çünki, Nuh pygamberiň halkynda hem, edil şunuň ýaly bolup geçipdi.

    Alla tagala Kurany-Kerimde aýtdy:

    "Olar (biri-birlerine): «Siz ilähleriňizi taşlamaň! Weddi, Suwagy, Ýegusy, Ýeguky we Nesri (bularyň hiç haýsyny) taşlamaň!» diýişdiler." (Nuh:23).

    Şu günümizde hem, köp ýurtlarda (bu çenden aşalykly işler) gabyrparaz adamlar tarapyn edilip ýörülendir.

    5. Daş töweregiňdäki Alla tagalanyň ýaradan barlyklary barada we Onuň Kurany-Kerimindäki aýatlary barada, akyl işletmeklikden gümra bolmaklyk, ýa-da häzirki zaman maddy ösüşler bilen magrur bolmaklyk.

    Hatda (käbir adamlar) ol maddy ösüşler adamyň diňe özüniň başaran zadydyr diýip oýladylar we adamzady tagzym edip (öz derejesinden ýokary beýikläp) başladylar. Olar bu ösüşligi diňe onuň eden yhlasyna we açyşlaryna ýöňkediler.

    Alla tagala Kuranda, Karunyň (zalym patyşanyň) aýdan sözüni getirip şeýle diýýär:

    "Ol (Karun): «Baýlyk maňa, diňe özümde bolan ylym sebäpli, berildi» diýdi." (Kasas:78).

    Ýenede ynsanyň aýdýan sözüni nygtap:

    "...Biz oňa Öz tarapymyzdan bolan bir merhemeti dadyrsak, elbetde, ol: "Bu diňe özümiň (danalygym we herekedim bilen boldy)" diýer." (Fussylat:50).

    "Haçanda ynsana bir zyýan ýetende, Bizi çagyrar. Soňra haçanda, Biz oňa Öz tarapymyzdan nygmat berenimizde: «Şek-şübhesiz, bu (zatlar) maňa, diňe meniň (danalygym) saýasynda berilendir» diýer." (Zümer:49).

    Olar, bu mahlukatlary ýokdan bar edip, olara özboluşly aýratynlyklary eýe eden, azym we beýik Ýaradyjy barada hiç oýlanmadylar. Ynsany ýaradyp, oňa bu görnükli zatlary öndürmeklige güýç beren we olardan peýdalanmaklyga mümkinçilik beren, Allanyň näderejede beýikdigine bakmadylar.

    Alla tagala aýtdy:

    "Alla sizi we siziň işleriňizi hem ýaradandyr."(Saffat:96).

    "(Olar) Asmanlara, ýer älemine hem-de Allanyň ýaradan zatlaryna nazar aýlamaýarlarmy?" (Agraf:185).

    "Alla şeýle bir Perwerdigär bolup, Ol asmanlary we ýeri ýaratdy. Asmandan suw inderdi. Ol (suw) bilen, siziň üçin rysgal edip, (toprakdan dürli) miweler çykardy. Emri bilen deňizde ýüzmegi üçin gämini siziň erkiňize berdi. Derýalary size boýun egdirdi. (Borjuny berjaý etmek üçin) dowamly hereket edýän Güni we Aýy size boýun egdirdi. Gijäni we gündizi-de size boýun egdirdi. Size Ondan islän zatlaryňyzyň ählisini berdi. (Eý, ynsanlar!) Eger Allanyň (size beren) nygmatlaryny sanamaga çalyşsaňyz, sanap gutaryp bilmersiňiz. Elbetde, ynsan örän zalymdyr, diýseň näşükürdir." (Ibrahim:32-34).

    6. Musulmanlaryň öýleri köplenç halda ýagşy ündewler edilip durulmakdan boşap galdy.

    Pygamber -sallallahu aleýhi wesellem– aýtdy: "Her bir dogulan çaga, dogulanda fytrada (asly musulman halda) dogulýandyr, emma onuň ene-atasy, ony ýa-ha ýahudy (jöhit), ýa-da haçparaz (hristian), ýa-da otparaz edip ýetişdirýändir." (Buhary, Muslim).

    Elbetde, çaganyň ýörejek ýoluny dogry alyp barmakda ene-atanyň döwürleri ulydyr.

    7. Yslam äleminiň köpüsiniň habar beriş serişdeleri we ylym öwrediş ulgamlary öz boýnundaky (Yslam borçlaryny) bitirmekden boýun gaçyrmaklarydyr. Takyk, bu okuw programmalary köplenç din hakyndaky möhüm bolan maglumatlary, alyp barmaýarlar ýa-da düýbünden dine üns bermeýärler. Görülýän, diňlenýän, we okalýan habar beriş serişdeleri, indi (din) ýumurmak we azaşdyrmak guralyna öwrüldi ýa-da olar maddy we bisarpa wagt geçirdiji güýmenjeleri, ýaýratmak bilen meşgul bolýarlar. Ol serişdeler edep-ahlagy gözelleşdiriji, dogry akyda ýaýradyjy, we azaşan akymlara garşy, döz geliji zatlar barada alada etmeýärler. Çünki bu zatlar ýaragsyz nesliň ösüp ýetişmegi we olaryň dinsiz goşunlaryň garşysyna çykyp, bilmezlikleri üçin edilýändir.

    Bu gyşarmalardan halas bolmagyň ýollary şu aşakdakylardan ybaratdyr:

    1. Alla tagalanyň Kurany-Kerimine we Onuň resulynyň Muhammet –sallallahu aleýhi wesellemiň- sünnetine dolanmak, edil selef-salyhyň (geçen salyh ata-babalarymyzyň, ýagny sahabalar, tabygynlar we olaryň yzlaryny eýerenleriň) dogry akydany şol çeşmelerden alyşlary ýaly, biz hem şol çeşmelerden almalydyrys. Ymmatyň ahyryny, onuň owwalyny düzeden zatdan başga hiç zat düzedip bilmez. Ýene-de munuň bilen bilelikde, azaşan akymlaryň akydalaryny, olaryň şübhelerine jogap bermek üçin we olardan ägälendirmek üçin öwrenilmelidir. Sebäbi, kimde-kim (öz dogry akydasyny bileninden soňra) erbetlikleri öwrenmese, oňa düşmegi mümkin.

    2. Okuw mekdepleriniň dürli synplarynda, dogry akydany, selef-salyh akydasyny, öwretmeklik baradaky tagallalary alyp barmak we oňa ýeterlikli sapaklar sanawyny berip, bu sapaklarda, dykkatly we berk synaglar geçirmeklik barada, uly aladalar edilmelidir.

    3. Okuw derslerine, päk selef-salyhyň kitaplaryny girizip, ters akymlaryň, ýagny: sopylaryň, bidgatçylaryň, jähmileriň, mugtezileleriň, aşarileriň, mäturidileriň we ş.m.-leriň kitaplaryndan hem daşlaşylmalydyr. Emma, olaryň ýalanlaryna jogap bermek we olardan ägälendirilmek üçin öwrenilse, zyýany ýokdyr.

    4. Selef-salyh akydasyny adamlara täzeläp berýän we olaryň azgynlyklaryna jogap berýän, dagwatçylaryň bolmaklygydyr.

    Şunlukda, Şeýh Salyh Al-Fawzanyň “Töwhit akydasy" atly kitabyndan alnan bu gysgaça makala tamamlandy.

    Ähli hamdu-senä Ýeketäk Allaha we onuň pygamberine köp salam we salawatlar bolsun!

    ***

    معلومات المادة باللغة العربية