×

الإيمان بالرسل (تركماني)

إعداد: Muhammet ibn Salyh Al-Useýmin

الوصف

مقالة باللغة التركمانية، تتحدث عن الإيمان بالرسل، وهذه المقالة مأخوذة من كتاب "عقيدة أهل السنة والجماعة"، لفضيلة الشيخ محمد بن صالح العثيمين - رحمه الله -.

تنزيل الكتاب

    Alla tagalanyň resullaryna iman etmek

    الإيمان بالرسل

    < التركمانية – Türkmençe- Turkmen >

    Ýazyjy: Şeýh Muhammet ibn Salyh Al-Useýmin

    المؤلف: الشيخ محمد بن صالح العثيمين

    —™

    Terjimeçi: Ebu Huzeýfa Türkmen

    Gözden geçiren: Halid Ebu Enes Türkmen

    ترجمة: أبو حذيفة التركماني

    مراجعة: خالد أبو أنس التركماني

    Alla tagalanyň resullaryna (ilçilerine) iman etmek

    Alla tagala ýaradan mahluklaryna ilçiler (resullar) ugradandygyna iman getirýäris.

    Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﱮ ﱯ ﱰ ﱱ ﱲ ﱳ ﱴ ﱵ ﱶ ﱷ ﱸ ﱺ ﱻ ﱼ ﱽ ﱾ النساء: ١٦٥

    “Ilçiler (gelip, dogry ýol äşgär edilenden) soň, ynsanlarda Alla garşy (öňe sürüp biljek hiç bir) bahanalary bolmazlygy üçin, (Biz ol) ilçileri (rahmetimizi) buşlaýjylar we (gazabymyzy) duýduryjylar edip (iberdik). Alla Gudraty güýçlüdir‚ hikmet eýesidir" (Nisa:165).

    Resullaryň birinjisi Nuh -aleýhissalam- digine we iň soňkysynyň Muhammet -sallallahu aleýhi we sellem- digine iman getirýäris.

    Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﱂ ﱃ ﱄ ﱅ ﱆ ﱇ ﱈ ﱉ ﱊ ﱋ النساء: ١٦٣

    “Takyk, Biz, Nuha we ondan soňky pygamberlere wahyý edişimiz ýaly, saňa-da wahyý etdik" (Nisa:163).

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﲶ ﲷ ﲸ ﲹ ﲺ ﲻ ﲼ ﲽ ﲾ ﲿ ﳀ ﳁ الأحزاب: ٤٠

    “Muhammet siziň araňyzdaky erkekleriň hiç haýsynyň atasy däldir. Ol Allanyň ilçisidir we iň soňky pygamberdir. Alla ähli zady bilýändir" (Ahzab:40).

    Olaryň iň fazylatlysy (mertebelisi) Muhammet, soňra Ibrahim, soňra Musa, soňra Nuh, soňra Isa ibni Merýemdir. Çünki bulary Alla tagala Kuranda hususy bir aýratynlykda agzap geçendir.

    Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﱁ ﱂ ﱃ ﱄ ﱅ ﱆ ﱇ ﱈ ﱉ ﱊ ﱋ ﱌ ﱍ ﱏ ﱐ ﱑ ﱒ ﱓ الأحزاب: ٧

    “Pygamberlerden we senden, Nuhdan, Ybraýymdan, Musadan we Merýem ogly Isadan ähti-peýman aldyk. Hawa, Biz olardan örän berk söz aldyk" (Ahzab:7).

    Aşakdaky aýatda agzaljak resullaryň şerigatyndaky fazylatlary, Muhammet -sallallahu aleýhi we sellemiň- şerigaty, öz içine alýandygyna iman getirýäris.

    Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﱩ ﱪ ﱫ ﱬ ﱭ ﱮ ﱯ ﱰ ﱱ ﱲ ﱳ ﱴ ﱵ ﱶ ﱷ ﱸ ﱹ ﱻ ﱼ ﱽ ﱾ ﱿ ﲀ الشورى: ١٣

    “Biziň: «Dini dogry saklaň we topar-topar bolup bölünişmäň!» diýip, Nuha ündew eden zadymyzy, saňa wahyý eden zatlarymyzy, Ybraýyma, Musa we Isa ündänlerimizi Alla size din (hökmünde) berdi" (Şura:13).

    Alla tarapyndan gelen ähli ilçileriň, ýaradylan ynsanlaryň hataryndadygyna, we olaryň rububiýet (Allaga laýyk işliklerden) hiç bir dahyllarynyň ýoklugyna iman getirýäris.

    Bu barada Alla tagala ilçileriň birinjisi bolan Nuh -aleýhissalamyň- dilinden şeýle diýýär:

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﱦ ﱧ ﱨ ﱩ ﱪ ﱫ ﱬ ﱭ ﱮ ﱯ ﱰ ﱱ ﱲ هود:٣١

    “Men size: «Ýanymda Allanyň hazynalary bar» diýmeýärin. Gaýyby-da bilmeýärin. «Men perişdedirin» hem diýmeýärin" (Hud:31).

    Alla tagala ilçileriň soňy bolan Muhammet -sallallahu aleýhi we selleme- şeýle diýmekligi buýrandyr:

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﲎ ﲏ ﲐ ﲑ ﲒ ﲓ ﲔ ﲕ ﲖ ﲗ ﲘ ﲙ ﲚ ﲛ ﲜ الأنعام: ٥٠

    “Sen (olara): «Men size: «Allanyň hazynalary meniň ýanymda» diýmeýärin, men gaýyby hem bilmeýärin. Men size: «Men bir perişdedirin» hem diýmeýärin» diý" (Engam:50).

    Ýene Oňa şeýle diýmekligi buýrandyr:

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﱂ ﱃ ﱄ ﱅ ﱆ ﱇ ﱈ ﱉ ﱊ ﱋ الأعراف: ١٨٨

    “Alla islemese, meniň hatda özüm üçin-de hiç zada güýjüm ýetmez. Ne bir peýda getirip bilerin‚ ne-de gelip biljek zyýany daşlaşdyryp bilerin" (Agraf:188).

    Ýene Oňa şeýle diýmekligi buýrandyr:

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﲅ ﲆ ﲇ ﲈ ﲉ ﲊ ﲋ ﲌ ﲍ ﲎ ﲏ ﲐ ﲑ ﲒ ﲓ ﲔ ﲕ ﲖ ﲗ ﲘ ﲙ الجن: ٢١ - ٢٢

    “Meniň size ne zyýan bermäge, ne-de (bir uly peýda berjek) dogry ýola salmaga güýjüm ýeter". Aýt: «Takyk, (eger maňa azap bermek islese) meni Allanyň (jezasyndan) hiç kim halas edip bilmez! Men Ondan başga sygnara ýer tapmaryn!" (Jyn:21,22).

    We olaryň hemmesi Allanyň gullarydygyna, olara Alla tagala öz keramaty bilen ilçilik wezipesini berendigine we Allasyna wepaly gulluk etmekleri netijesinde, olara beýik derejeli wasplary berendigine iman getirýäris.

    Alla tagala olaryň birinjisi bolan, Nuh -aleýhissalamy- öwüp şeýle diýen:

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﱥ ﱦ ﱧ ﱨ ﱩ ﱫ ﱬ ﱭ ﱮ ﱯ الإسراء: ٣

    (Eý), Nuh bilen bile (gämide) ýüzen kişilerimiziň zürýatlary! Takyk, ol (Nuh) köp şükür edýän bendedi" (Isra:3).

    We olaryň soňy bolan Muhammet -sallallahu aleýhi we sellemiň- hakynda şeýle diýen:

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﲣ ﲤ ﲥ ﲦ ﲧ ﲨ ﲩ ﲪ ﲫ ﲬ الفرقان: ١

    “Älemlere duýduryjy bolsun diýip Furkany (Kurany) öz bendesine inderen (Alla) örän beýikdir" (Furkan:1).

    Beýleki ilçileriniň hakynda bolsa şeýle diýen:

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﱝ ﱞ ﱟ ﱠ ﱡ ﱢ ﱣ ﱤ ﱥ ص: ٤٥

    (Eý, Muhammet!) Gujur-gaýratly we akyl-paýhasly bendelerimiz bolan Ybraýymy, Yshagy we Ýakuby ýadyňa sal!" (Sad:45).

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﱅ ﱆ ﱇ ﱈ ﱉ ﱋ ﱌ ﱍ ص: ١٧

    “gujur-gaýratly bendämiz Dawudy ýadyňa sal! Takyk, ol elmydama Perwerdigärine ýüzlenerdi" (Sad:17).

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﱬ ﱭ ﱮ ﱰ ﱱ ﱲ ﱳ ﱴ ص: ٣٠

    “Biz Dawuda Süleýmany berdik. Süleýman nähili ýagşy bendedi. Ol hemişe (Perwerdigärine) ýüzlenerdi" (Sad:30).

    Alla tagala Isa ibni Merýem hakynda şeýle diýen:

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﳀ ﳁ ﳂ ﳃ ﳄ ﳅ ﳆ ﳇ ﳈ ﳉ ﳊ الزخرف: ٥٩

    “Ol diňe özüne nygmat berlen we ysraýyl ogullary üçin görelde edilip ugradylan bendedir" (Zuhruf:59).

    Alla tagala ilçilik wezipesini Muhammet -sallallahu eleýhi we sellemiň- ilçiligi bilen tamamlap, Ony bütin ynsanlara ilçi edip, iberendigine iman getirýäris.

    Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﲑ ﲒ ﲓ ﲔ ﲕ ﲖ ﲗ ﲘ ﲙ ﲚ ﲛ ﲜ ﲝ ﲟ ﲠ ﲡ ﲢ ﲣ ﲤ ﲦ ﲧ ﲨ ﲩ ﲪ ﲫ ﲬ ﲭ ﲮ ﲯ ﲰ ﲱ ﲲ الأعراف: ١٥٨

    “Sen aýt: «Eý‚ ynsanlar! Men siziň hemmäňize Alla tarapyndan iberilen pygamberdirin. Asmanlar we ýer Onuň mülküdir. Ondan başga (ybadata laýyk) iläh ýokdur. Ýaşaýşy beren-de‚ ölümi ýaradan-da Oldur. Sizem Alla we Onuň bütin sözlerine iman getiren ol ümmi pygambere‚ ol ilçä boýun boluň! Oňa ýürekden tabyn bolsaňyz‚ dogry ýoly taparsyňyz" (Agraf:158).

    Alla tagala gullary üçin Muhammet -sallallahu aleýhi we sellemiň- şerigaty bolan, yslam dinini olara din edip saýlap, ondan başga hiç bir dini kabul etmejekdigine iman getirýäris.

    Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﱨ ﱩ ﱪ ﱫ آل عمران: ١٩

    “Takyk, Allanyň ýanynda (hak) din yslamdyr" (Äli-Ymran:19).

    ﱫ ﱬ ﱭ ﱮ ﱯ ﱰ ﱱ ﱲ ﱳ ﱴ ﱵ المائدة: ٣

    “Men bu gün üçin siziň diniňizi (parzlary, halaly we haramy beýan edip) kämil etdim we size (dini kämil etmek bilen) Öz nygmatymy doly berdim hem-de siziň yslam (dininde) bolmagyňyza razy boldum" (Mäide:3)

    .

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﱟ ﱠ ﱡ ﱢ ﱣ ﱤ ﱥ ﱦ ﱧ ﱨ ﱩ ﱪ ﱫ ﱬ آل عمران:٨٥

    “Kim yslamdan başga din gözlese, (bilip goýsun), ondan (başga din) hiç haçan kabul edilmez we ol ahyretde hem zyýana galanlardan bolar" (Äli-Ymran:85).

    Egerde kim, şu günimizde yslam dininden başga, ýehudyçylyk, hristiançylyk ýa-da ol ikisinden başga haýsam bolsa bir din, Allanyň ýanynda kabul diýip pikir etse, onda ol kapyrdyr. Şonda oňa toba etdirilýär, eger-de toba etmese, onda ol mürtedlik hökümi bilen öldürilýär diýip, hasap edýäris. Sebäbi ol Kurany ýalançy saýanlardandyr.

    Kimde-kim Muhammet -sallallahu aleýhi we sellemiň- ähli ynsanlara ilçi edilip iberilendigini inkär etse, çünki ol hemme ilçileri, hatda özüniň tabyn bolup, iman edip ýören ilçisini hem inkär edendigini hasap edýäris.

    Alla tagala Nuh -aleýhissalamyň- kowmy barada şeýle diýýär:

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﲿ ﳀ ﳁ ﳂ ﳃ الشعراء:١٠٥

    “Nuhuň kowmy hem pygamberleri ýalan hasapladylar" (Şugara:105).

    Alla tagala Nuh -aleýhissalamdan- öň hiç bir ilçiniň geçmedikligini bilip duran halynda, Nuh -aleýhissalamyň- kowmy bütin ilçileri ýalanlandyklaryny aýdýar.

    Başga bir aýatda hem şeýle diýýär:

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﱡ ﱢ ﱣ ﱤ ﱥ ﱦ ﱧ ﱨ ﱩ ﱪ ﱫ ﱬ ﱭ ﱮ ﱯ ﱰ ﱱ ﱲ ﱳ ﱴ ﱵ ﱶ ﱷ ﱸ ﱹ ﱺ ﱻ ﱽ ﱾ ﱿ ﲀ ﲁ النساء:١٥٠-١٥١

    “Allany we Onuň ilçilerini inkär edenler (ynanç babatda) Alla bilen pygamberleriniň arasyny aýyrmak isläp: «Biz käbirine iman getirýäris, käbirini inkär edýäris» diýenlerdir we bular (iman bilen küpüriň) arasynda bir ýol tutmak isleýänlerdir. Ine, olar hakyky kapyrlaryň hut özleridir. Biz kapyrlara ryswa ediji azap taýýarlap goýandyrys!" (Nisa:150,151).

    Muhammet -sallallahu aleýhi we sellemden- soň, başga pygamberiň ýa-da resulyň gelmejekdigine iman getirýäris. Kim-de kim Muhammet -sallallahu aleýhi we sellemden- soň, özüne pygamber diýse ýa-da oňa ynansa, onda ol kapyrdyr. Sebäbi ol Allaha, onuň resulyna we musulmanlaryň bir agyzdan ynanan zadyny, ýalana salandygyny hasaba alynýar.

    Pygamberimiz -sallallahu aleýhi we sellemiň- yzyndan dört sany çaryýarlarynyň bolandygyna we olar pygamberimiziň ylym, dagwat we ýöredijilik ugrumyny, doly we kämil ýerine ýetirendiklerine we Pygamberimiz -sallallahu aleýhi we sellemiň- ýerine mü'minlere halyfalyk (baştutanlyk) edendiklerine iman getirýäris. Olaryň iň fazylatlysy we halyfalyga iň laýyk bolanlaryň birinjisi: Ebubekir, soňra Omar, soňra Osman, soňra bolsa Aly-dygyna iman getirýäris -Alla olaryň ählisinden razy bolsun-.

    Olaryň fazylatda bir-birinden tapawutly boluşlary ýaly, edil halyfalykda-da bir-birinden tapawutlydylar. Alla tagala –hikmediň eýesi bolan- haýyrly asyrda, haýyrly adamyny ýolbaşçy edip belleýär we şol bir wagtda olaryň içinde halyfalyga, ondan hem haýyrlysynyň bolandygyny belleýäris.

    Käbir halatda fazylaty pes bolan sahaba[1], käbir amallar bilen fazylaty uly bolan sahabadanda, ýokarda bolup biljekdigine ynanýarys, ýöne ol doly we kämil ýagdaýda ýokary mertebä ýetendir diýip, bilmeýäris. Sebäbi fazylata eltýän amallar köp we dürli-dürlidir.

    Bu ymmat, ymmatlaryň iň haýyrlysy bolup, beýik Allanyň ony keramatly edendigine iman getirýäris.

    Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﱎ ﱏ ﱐ ﱑ ﱒ ﱓ ﱔ ﱕ ﱖ ﱗ ﱘ ﱙ آل عمران: ١١٠

    (Eý, musulmanlar!) Siz ynsanlaryň (ýagşylygy) üçin (öňe) çykarylan iň haýyrly ymmatsyňyz. Siz ýagşylygy emir (wagyz) edip, ýamanlygyň öňüni alyp, Alla ynanýarsyňyz" (Äli-Ymran:110).

    Bu ymmatyň iň haýyrly adamlary sahabalardyr, soňra olaryň yzyndan gelen täbigynlardyr[2], soňra olaryň yzyndan gelen täbigy-täbigynlardygyna[3] iman getirýäris.

    Ýöne, bu ymmatda bir taýpanyň kyýamata çenli, hak ýolda boljakdygyna we kyýamata çenli duşmanlaryny ýeňip geljekdigine, olara duşmançylyk edenleriň ýa-da olary duşmana tabşyranlaryň, olara hiç-hili zeper ýetirip bilmejekdiklerine iman getirýäris.

    Sahabalaryň arasyndaky käbir bolup geçen düşünişmezlikler, ol bir ijtihäd[4] edilen meselelerdendir. Çünki olaryň haýsam bolsa, biriniň ijtihädi dogry bolan bolsa, onda ol iki ejir (sogap) aljakdyr. Eger-de onuň ijtihädi ýalňyş bolan bolsa, onda ol bir ejir aljakdyr we olaryň eden ýalňyşlary Alla tarapyndan bagyşlanandyr diýip iman getirýäris.

    Sahabalaryň ýalňyşlaryny ýa-da kemçiliklerini uly ile jar etmekden daşdyrys. Megerem, biz olary gowy senalar bilen wasplarys, we-de biz ýüreklerimizi, olara bolan ýamanlykdan we görüplikden saklamalydyrys.

    Alla tagala olar hakynda şeýle diýýär:

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﳁ ﳂ ﳃ ﳄ ﳅ ﳆ ﳇ ﳈ ﳉ ﳋ ﳌ ﳍ ﳎ ﳏ ﳐ ﳑ ﳒ ﳓ ﳕ ﳖ ﳗ ﳘ الحديد:١٠

    “Sizden ýeňişden (Mekge eýelenmezden) öň (Allanyň ýolunda) haýyr-sahawat eden hem-de söweşenler bilen (bulary ýerine ýetirmeýänler) deň bolmaz. (Ine), olar mundan (ýeňişden) soň (Allanyň ýolunda haýyr-sahawat) edip, söweşenlerden dereje taýdan has ýokarydyr. Alla hemmesine iň ajaýybyny (jenneti) wada berendir" (Hadid:10).

    Alla tagala biziň hakymyzda şeýle diýýär:

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﱁ ﱂ ﱃ ﱄ ﱅ ﱆ ﱇ ﱈ ﱉ ﱊ ﱋ ﱌ ﱍ ﱎ ﱏ ﱐ ﱑ ﱒ ﱓ ﱔ ﱕ ﱖ ﱗ ﱘ الحشر:١٠

    “Olardan soň (kyýamata çenli dünýä) gelen (ähli möminler): «Eý, Perwerdigärimiz! Biziň we bizden öňki iman bilen öten doganlarymyzyň günälerini bagyşla! Biziň içimizde iman getirenlere garşy hiç hili öýke-kine goýma! Eý, Perwerdigärimiz! Takyk, Sen Mähirlisiň, Rehim-şepagatlysyň» diýenlere (hem söweşsiz alnan oljalardan berler)" (Haşyr:10).

    (Bu makala Şeýh Muhammet ibn Salyh Al-Useýminiň “Ähli sünnet we jemagatyň ynanjy" atly kitabyndan alnan bir parçadyr).

    ***

    [1] Sahaba: “Pygamberimizi –sallallahu aleýhi we sellemi- haýatynda görüp, oňa iman edip we şol hal ölen adam".

    [2] Täbigy: “Sahabany gören adam".

    [3] Täbigy-täbigun: “Täbigyny gören adam".

    [4] Ijtihäd: “Bir meselede Kuran we sünnetde açyk-aýdyň delil bolmadyk ýagdaýynda, Alymyň ylmyna görä, yhlas bilen çykaran hökümidir."

    معلومات المادة باللغة الأصلية