الوصف
فتوى مترجمة إلى اللغة التركمانية، عبارة عن سؤال أجاب عنه فضيلة الشيخ محمد بن صالح العثيمين - رحمه الله -، ونصه : " ما هو أهمية علم التوحيد في الإسلام ؟ ".
“Töwhid" ylmynyň ähmiýetligi
أهمية علم التوحيد
< التركمانية – Türkmençe - Turkmen >
Ýazyjy: Hormatly Şeýh Muhammet ibn Salyh Al-Useýmin
المؤلف: فضيلة الشيخ محمد بن صالح العثيمين
Terjimeçi: Ebu Ibrohim Al- Merwezi
Gözden geçiren: Halid Ebu Enes Türkmen
ترجمة: أبو إبراهيم المروزي
مراجعة: خالد أبو أنس التركماني
“Töwhid" ylmynyň ähmiýetligi
Sorag: Yslam dininde “Töwhid" ylmynyň orny nähili?
Jogap: Şeksiz, "Töwhid" ylmy öz gymmatlygy taýdan ylymlaryň soltanydyr we buýruk taýdan, ynsana iň wajybydyr. Sebäbi, bu ylym Alla tebärek we tagalanyň hut Özi barada, Onuň atlary, sypatlary we Öz gullarynyň üstündäki haklary babatyndaky ylymdyr. Bu ylym, Alla tagala-ga, eltýän ýoluň açarydyr we dininiň düýp esasydyr. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, bu "Töwhid" ylmyna, ähli pygamberler bir agyzdan çagyrandyrlar. Bu barada Alla tebärek we tagala Kurany Kerimde şeýle diýdi:
"(Eý, Muhammet), Biz sizden öň iberilen her bir pygambere: "Şübhesiz, Menden başga hiç-hili iläh ýokdur, bes, diňe Maňa ybadat ediň" diýip wahyý iberendiris." (El-Enbiýa:25).
Ýene-ki, aýatlarda Alla tagala, onuň perişdeleri we ylym eýeleri Onuň (ýagny, Alla tagalanyň ýaratmakda, ybadatda, atlarynda we sypatlarynda) birdigine, şaýatlyk berendikleri barada şeýle diýdi:
"Alla Özünden başga (ybadata laýyk) ilähiň ýokdugyna, adalaty dik tutup şaýatlyk berdi. Perişdeler we ylym eýeleri hem (bu hakykaty ykrar etdiler). Gudraty güýçli we hikmet eýesi bolan, Ondan (Alladan) başga iläh ýokdur." (Äli-Imran:25).
Indi "Töwhid" ylmynyň orny bu dejede uly bolýan bolsa, onda adam ogly öz dinini sagdyn köküň, esasyň üstünde bina eder ýaly, bu ylmy öwrenip-öwretmek, onuň üstünde akyl işledip, durup geçmek we ony özüne ynanç-ygtykat edinmek, her bir musulmana wajyp bolup durýar. Ana, şonda ynsan "Töwhidiň" netijesini görjekdir we bagtly kişilerden boljakdyr.