الوصف
مقالة مختصرة باللغة التركمانية، من كتاب فضيلة الشيخ صالح بن فوزان الفوزان - حفظه الله - " عقيدة التوحيد "، تتحدث عن بيان كلمة العقيدة وبيان أهميتها باعتبارها أساسًا يقوم عليه بناء الدين.
Akyda sözüniň manysy we onuň ahmiýetligi
بيان معنى العقيدة وأهميتها
< التركمانية – Türkmençe- Turkmen >
Ýazyjy: Hormatly Şeýh Salyh ibn Fawzan Al-Fawzan
المؤلف: فضيلة الشيخ صالح بن فوزان الفوزان
Terjimeçi: Ebu Ibrohim El-Merwezi
Gözden geçiren: Halid Ebu Enes Türkmen
ترجمة: أبو إبراهيم التركماني
مراجعة: خالد أبو أنس التركماني
Akyda sözüniň manysy,
onuň möhümlidiginiň beýany, megerem, üstünde bina bolýan, bütin diniň, düýp-esasydyr.
Akyda sözi arap dilinde : “Bir zady çigmek, berk daňmak manyny berýär." Meselem: Plan zada ygtykadymy bagladym diýlende, ýagny, kalbymy we içki ynanjymy şoňa bagladym diýmekdir.
Akyda, bu adamyň öz saýlap uýýan din-ynanjydyr. Eger mysal edip: "Onuň ýagşy akydasy bar", diýsek, bu onuň sagdyn şek-şübhesiz akydasy bar diýdigimizdir.
Akyda ýürek bilen ýerine ýetirilýän amaldyr, çünki kalbyň bir zada iman etmegi, ony dogry saýmagyňdyr.
Akyda sözi şerigatda: “Alla tagala, perişdelere, kitaplara, pygamberlere we ahyret gününe we haýyr-şeriň ýazgytdandygyna iman etmekdir. Başgaça aýdylanda bu – imanyň sütünleridir."
Şerigat iki kysma bölünýär :
1- Ygtykady: “Bu – daşky beden agzalar arkaly, edilýän amallar bilen bagly bolman, megerem, Alla tagalanyň Perwerdigärdigine we Onuň ýeke täk Özüne ybadat etmeklik, wajyp diýip ynanç götermek we ýaňky ýatlap geçilen imanyň sütünlerine ynanmaklykdyr." Ine bu (ygtykada) düýp-esas diýilýändir.
2- Amaly: “Bu - daşky beden agzalar bilen, edilýän ybadatlaryň şekili bilen baglydyr." Meselem: Namaz, zekat, roza we beýleki beden amallary, göz öňünde tutulýandyr. Bu amallara fargy (şahalanan, goşulyp gidilen) ýagny, edilen iman sebäpli, gelip çykan amallar, diýilýändir. Çünki bularyň ählisi, şol asly ynançlar esasynda kabul bolýandyr ýa-da düýp esas bolan ynanjyň bozulmagy bilen puja çykyp hem bilýändir.
Dogry akyda, bu: “– Bütin din şonuň içinde bina bolýandyr, we şonuň bilen bile, amallar hem kabul bolýandyr." Bu barada Alla tagala şeýle diýdi:
"Kim Perwerdigärine ýüzbe-ýüz bolmakdan umydygär bolsa, onda ýagşy amallar kylsyn we Perwerdigärine bendelik etmekde bir kimsäni-de (Oňa) şärik kylmasyn!" (El-Kehf:110).
"(Eý, Muhammet!) Takyk, saňa we senden öňki ötenlere: «Kasam bolsun! Alla şärik goşsaň, eden amalyň biderek bolar we zyýan çekenlerden bolarsyň» diýip wahyý edilipdi." (Ez-Zumar:65).
"Sen dini ýalňyz Oňa (Alla) degişli edip, yhlasyň bilen Alla ybadat et! Habardar bol, hakyky din diňe Allanyňkydyr. " (Ez-Zumar:2-3).
Bu aýatlar, amallaryň tä şirken päk bolýança, kabul bolmaýandygyna delalat edýändir. Başgada, şu manyda gelen aýatlar gaty kändir. Şundan ugur alyp, pygamberleriň -aleýhum as-salam- ilkinji uly üns beren zatlary, adamlaryň akydalaryny düzetmekdi. Olaryň, öz halklaryny, ilkinji çagyran zatlary, ýeke Alla tagala ybadat edip, ondan başga ýykylynýan zatlary terk etdirmekdi.
Alla tagalanyň Kurany-Kerimde aýdyşy ýaly:
"Kasam bolsun! Biz her ymmata: «Alla gulluk ediň, tagutdan (küpürden) daş boluň!» (diýip) pygamber iberendiris." (En-Nahl:36).
Her bir pygamberiň, halkyna ilkinji aýdan sözi:
"Alla ybadat ediň, Ondan başga size (ybadat edere mynasyp) iläh ýokdur." (El-Agraf: 59,65,73,86).
Bu sözi Nuh, Hud, Salyh, Şuaýb we beýleki pygamberleriň ählisi, öz kowumlaryna aýdandyrlar.
We Pygamberimiz- sallallahu aleýhi wesellem- hem pygamberlikden soň, Mekkede on üç ýyl adamlary "Töwhide" çagyryp, olaryň akydalaryny dogrylamaga başlady. Sebäbi "Töwhid" akydasy, diniň bina bolýan düýp-esasydyr (fundamentidir). Takyk ki, ähli haka çagyrýan dagwatçylar, her zamanda pygamberleriň we resullaryň yzlaryny eýerendirler. Olar başda, "Töwhide" çagyryp, adamlaryň akydalaryny düzetmekden başlardylar. Ana, ondan soňra diniň başga buýruklaryny öwretmäge girişerdiler.
***