×
جدبد!

تطبيق موسوعة بيان الإسلام

احصل عليه الآن!

الإيمان بالكتب (تركماني)

إعداد: Muhammet ibn Salyh Al-Useýmin

الوصف

مقالة باللغة التركمانية، تتحدث عن الإيمان بالملائكة، وهذه المقالة مأخوذة من كتاب "عقيدة أهل السنة والجماعة"، لفضيلة الشيخ محمد بن صالح العثيمين - رحمه الله -.

تنزيل الكتاب

    Alla tagalanyň inderen kitaplaryna iman etmek

    الإيمان بالكتب

    < التركمانية Türkmençe - >

    Ýazyjy: Şeýh Muhammet ibn Salyh Al-Useýmin

    المؤلف: الشيخ محمد بن صالح العثيمين

    —™

    Terjimeçi: Ebu Huzeýfa Türkmen

    Gözden geçiren: Halid Ebu Enes Türkmen

    ترجمة: أبو حذيفة التركماني

    مراجعة: خالد أبو أنس التركماني

    Alla tagalanyň inderen kitaplaryna iman etmek

    Alla tagala, bütin adamlara hüjjet bolar ýaly we amal edýänleriň dogry ýolda bolmaklary üçin, öz ilçilerine kitap inderendigine, iman getirýäris.

    Alla tagala her bir ilçisine kitap inderendigine, iman getirýäris. Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﱁ ﱂ ﱃ ﱄ ﱅ ﱆ ﱇ ﱈ ﱉ ﱊ ﱋ الحديد: ٢٥

    “Takyk, Biz pygamberlerimizi äşgär deliller bilen iberdik we ynsanlaryň adalaty saklamaklary üçin (pygamberler) bilen birlikde kitap we (adalat) terezisini iberdik" (Hadid:25).

    Atlaryny bilen kitaplarymyz şulardyr:

    Töwrat: Bu kitap, Alla tagala tarapyndan Musa -aleýhissalama- inderilendir, we bu Benu ysraýyl kowmuna inderilen kitaplaryň iň beýigidir:

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﱱ ﱲ ﱳ ﱴ ﱵ ﱶ ﱸ ﱹ ﱺ ﱻ ﱼ ﱽ ﱾ ﱿ ﲀ ﲁ ﲂ ﲃ ﲄ ﲅ ﲆ ﲇ ﲈ المائدة: ٤٤

    “Takyk, Biz içinde dogry ýol (görkezýän aýatlar) we nur bolan Töwraty inderdik. (Alla) boýun bolan pygamberler ýahudylara onuň (Töwrat) bilen höküm edýärdiler. Allanyň kitabyny goramak (wezipesi) berlendigi üçin özleriniň Perwerdigärine (boýun bolan) rabbanylar (takwalar) we alymlar hem (onuň bilen höküm edýärdiler). Olaryň (hemmesi) onuň (Töwratyň hak kitapdygyna) şaýatdylar" (Mäide:44).

    Injil: Töwraty tassyklaýjy we tamamlaýjy edip, Alla tagalanyň Isa -aleýhissalama- inderen kitabydyr:

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐﱎ ﱏ ﱐ ﱑ ﱒ ﱓ ﱔ ﱕ ﱖ ﱗ ﱘ ﱙ ﱚ ﱛ ﱜ المائدة: ٤٦

    “Biz oňa (Isa) özünden öňki, Töwraty tassyklaýjy, takwalara dogry ýol we öwüt-nesihat edip, içinde dogry ýol we nur bolan Injili berdik" (Mäide:46).

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﲠ ﲡ ﲢ ﲣ ﲤ ﲥ آل عمران: ٥٠

    “we men size (Musanyň dininde) haram edilen käbir zatlary halal etmek üçin geldim" (Äli-Ymran:50).

    Zebur: Alla tagalanyň Däwud -aleýhissalama- iberen kitabydyr.

    Suhuf: Ibrahim we Musa –aleýhissalama- inen sahypalardyr.

    Kuran-u Kerim: Alla tagala tarapyndan, pygamberleriň soňy bolan Muhammet –sallallahu eleýhi we selleme- inderilen kitapdyr.

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﲍ ﲎ ﲏ ﲐ ﲑ ﲒ البقرة: ١٨٥

    (Kuran) dogry ýoly (hidaýaty) görkezýän we dogry (hak) bilen egri ýoly (batyly) biri-birinden tapawutlandyrýandyr" (Bakara:185).

    We ýene-de ol

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﱳ ﱴ ﱵ ﱶ ﱷ ﱸ ﱹ ﱺ المائدة: ٤٨

    (Kuran) özünden öňki kitaplary tassyklaýjy we olaryň üstünden höküm edip, gurşap alandyr" (Mäide:48).

    Alla tagala Kurandan öňki inen kitaplaryň hökümini, Kuranyň üsti bilen öwrendir. Megerem, ony oýun edijileriň güýmenjesinden we üýtgedijileriň şerinden gorandyr.

    Alla tagala bu barada şeýle diýýär:

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﲇ ﲈ ﲉ ﲊ ﲋ ﲌ ﲍ ﲎ الحجر: ٩

    “Takyk, Zikiri (Kurany) Biz inderdik we onuň goragçylary-da, elbetde, Bizdiris!" (Hyjr:9).

    Çünki ol (Kuran) bütin ýaradylanlara hüjjet bolup, kyýamata çenli galjakdyr.

    Emma Kurandan öňki inen kitaplar belli bir wagta çenli bolup, ondan soňky gelýän kitap. onuň hökümini üýtgedip we onda üýtgeşmeleriň bolanlygyny beýan edijidir. Olaryň goragda bolmadyklygy sebäpli, olarda ütgetmeklik, artdyrmaklyk we kemeltmeklik ýaly zatlar bolup geçdi.

    Bu barada Alla tagala şu aşakdaky aýatlarda şeýle diýýär:

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﱌ ﱍ ﱎ ﱏ ﱐ ﱑ النساء: ٤٦

    “Käbir ýahudylar (käbir) sözleriň (manysyny) ýerinden ütgedýärler" (Nisa:46).

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﱗ ﱘ ﱙ ﱚ ﱛ ﱜ ﱝ ﱞ ﱟ ﱠ ﱡ ﱢ ﱣ ﱤ ﱥ ﱧ ﱨ ﱩ ﱪ ﱫ ﱬ ﱭ ﱮ ﱯ ﱰ البقرة: ٧٩

    “Öz elleri bilen kitap ýazyp, soň hem ony az-owlak pula satmak üçin: «Bu Alladan gelen (zat)» diýýänlere haýp bolsun! Öz elleri bilen ýazandyklary sebäpli, olara haýp bolsun! Olara gazanan zatlary üçin hem haýp bolsun!" (Bakara:79).

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﱐ ﱑ ﱒ ﱓ ﱔ ﱕ ﱖ ﱗ ﱘ ﱙ ﱚ ﱜ ﱝ ﱞ ﱟ ﱠ الأنعام: ٩١

    “Sen (olara) aýt: «Onda Musanyň ynsanlara nur we dogry ýol hökmünde getiren kitabyny (Töwraty) kim inderdi?! Siz ony (bölek) kagyzlar (görnüşinde) saklap‚ (bähbidiňize ýaraýan käbir aýatlary) görkezip, (Muhammet hakdaky) köp aýatlary bolsa ýaşyrýarsyňyz" (Engam:91).

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﱁ ﱂ ﱃ ﱄ ﱅ ﱆ ﱇ ﱈ ﱉ ﱊ ﱋ ﱌ ﱍ ﱎ ﱏ ﱐ ﱑ ﱒ ﱓ ﱔ ﱕ ﱖ ﱗ ﱘ ﱙ ﱚ ﱛ ﱜ ﱝ ﱞ ﱟ ﱠ ﱡ ﱢ ﱣ ﱤ ﱥ ﱦ ﱧ ﱨ ﱩ ﱪ ﱫ ﱬ ﱭ ﱮ ﱯ ﱰ آل عمران: ٧٨ - ٧٩

    “Takyk, olardan (ähli-kitapdan) kitapda (ýazylan) bolmasa hem, siziň kitapda (ýazylandyr) öýtmegiňiz üçin kitaby (okaýan mahallary) dillerini aýnadyp (käbir sözleri üýtgedip okaýan) bir topar bardyr. Olaryň (okaýan zatlary) Alla tarapyndan bolmasa hem: «Bu Alla tarapyndandyr» diýýärler. Olar bilip dursalar hem, Alla hakda (toslap) ýalan sözleýärler. Alla tarapyndan özüne kitap, hikmet we pygamberlik berlen hiç bir adamyň ynsanlara (ýüzlenip): «Alladan başga maňa hem gul boluň!» diýmegi mümkin däldir" (Äli-Ymran:78,79).

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﱜ ﱝ ﱞ ﱟ ﱠ ﱡ ﱢ ﱣ ﱤ ﱥ ﱦ ﱧ ﱨ المائدة: ١٥

    “Eý, ähli-kitap! Siziň kitapda (Töwratda we Injilde) gizlän zatlaryňyzyň köpüsini size beýan edýän ilçimiz (Muhammet) geldi" (Mäide:15).

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﲈ ﲉ ﲊ ﲋ ﲌ ﲍ ﲎ ﲏ ﲐ ﲑ المائدة: ١٧

    “Kasam bolsun! «Takyk, Alla Merýem ogly (Isa) Mesihiň (hut) özüdir» diýenler kapyrdyrlar" (Mäide:17).

    (Bu makala Şeýh Muhammet ibn Salyh Al-Useýminiň “Ähli sünnet we jemagatyň ynanjy" atly kitabyndan alnan bir parçadyr).

    ***

    معلومات المادة باللغة الأصلية