Description
Dogry ynanç, oňa garşy gelýän zatlar we yslamy bozýan zatlar: Bu kitapça, Hormatly Şeýh Abdul-Aziz ibn Abdullah ibn Bäz-iň geçen dersleriniň biridir. Bu dersiniň uly ähmiýetliligi sebäpli, kitap görnüşinde çykarlandyr. Çünki bu kitapda, Hormatly Şeýh, Dogry ynanç barada, oňa garşy gelýän zatlar hakynda we yslam dininden çykaryjy zatlar barada, gysgaça agzap geçendir.
Басқа аудармалар 38
Topics
العقيدة الصحيحة وما يضادها ونواقض الإسلام
Rahman we Rahym bolan Allanyň ady bilen ...
Ähli hamdu-senalar ýeketäk Allahadyr! We pygamberleriň soňy bolan Muhammede, onuň maşgalasyna we sahabalaryna köp salam we salawatlar bolsun!
Şunlukda: Dogry ynanç (ygtykat), yslam dininiň asly sütüni we milletiň esasy bolanlygy sebäpli, şu günki dersimiz, şol barada bolmaklygyny gowy gördüm. Kuran[1] we sünnetiň[2] delalat etmegine görä, megerem, sözler we amallar, diňe dogry ynanç bilen edilen bolsa, (Allanyň ýanynda) dogry hasaplanylýandyr we kabul bolýandyr. Eger-de ynanç (ygtykat) dogry bolmadyk ýagdaýynda, ähli edilen amallar we sözler puja çykýandyr.
Edil Alla tagalanyň aýdyşy ýaly: “Kim imandan dänse (yslamyň hökümlerini inkär etse), onuň (ähli) amallary puç bolar we ol ahyretde zyýan çekenlerden bolar" (Mäide:5).
Ýene bir aýatda şeýle diýýär: “(Eý, Muhammet!) Takyk, saňa we senden öňki ötenlere: «Kasam bolsun! Alla şärik goşsaň, eden amalyň biderek bolar we zyýan çekenlerden bolarsyň" diýip, wahyý edilipdi" (Zümer:65). Bu manyda gelen aýatlar kändir.
Alla taglanyň aýdyň kitabynyň we ynamdar resulynyň sünnetiniň, delalat etmegine görä, hakykatdanda dogry ynanç, Allaha, onuň meleklerine, kitaplaryna, resullaryna, ahyret gününe we kadaryň (takdyryň) haýryna we şerine iman getirmek bilen, jemlenýändir. Bu agzalan alty zat, dogry ynanjyň alty aslydyr. Çünki bu alty asly, Alla tagala öz kitabynda agzap geçendir. We Resuly Muhammet –sallallahu aleýhi we sellemi- şoňa çagyrmaklyk üçin, iberendir.
Iman etmegi wajyp bolan gaýyp habarlary, Alla tagalanyň we Onuň Resulynyň -sallallahu aleýhi we sellemiň- her bir habar beren zatlary, şol agzalan alty asyldan, şahalanyp gaýdýandyr. Bu alty asyla delil (subutnama), Kuranda we sünnetde gaty kändir. Olardan käbiri şuladyr:
Alla tagala diýdi: “Ýagşylyk (takwalyk) diňe siziň ýüzüňizi, (namazda), Gündogar we Günbatar tarapa öwürmegiňiz däldir. (Hakyky) ýagşylyk (takwalyk) Alla, ahyret gününe, perişdelere, kitaba, pygamberlere ynanmakdyr..." aýatdan bir bölek. (Bakara:177).
“Pygamber öz Perwerdigäri tarapyndan, özüne inderilen (Kurana) iman getirdi we mü'minler (hem iman getirdiler). Olaryň hemmesi Alla, Onuň perişdelerine, kitaplaryna we pygamberlerine iman getirdiler..." aýatdan bir bölek. (Bakara:285).
“Eý, iman getirenler! Alla, Onuň ilçisine, oňa aýatma-aýat inderen kitabyna we has öň inderilen (ähli) kitaplara iman getirmekde (tutanýerli) boluň! Kim Allany, Onuň perişdelerini, kitaplaryny, ilçilerini we ahyret gününi inkär etse, ol (dogry ýoldan) daşlaşyp, doly azaşandyr" (Nisa:136).
“Sen Allanyň asmandaky we ýerdäki ähli zatlary bilýändigini, munuň bir kitapda (Lawhul-Mahfuzda) ýazylgy durandygyny bilmeýärsiňmi?! Takyk, bu Alla üçin örän ýeňildir" (Haj:70).
Emma bu alty asyl barada gelen sahyh hadyslar gaty kändir. Ol sahyh hadyslardan iň meşhury, Muslimiň sahyh hadyslary jemlän kitabynda, Mü'minleriň emiri Omar ibni Hattabdan –Alla ondan razy bolsun- rowaýat edýän hadysydyr: “Çünki Jebraýyl –aleýhisseläm- Pygamberimiz -sallallahu aleýhi we sellemden- iman barada soranda, oňa şeýle jogap berdi: Iman ol, Allaha, meleklerine, kitaplaryna, resullaryna, kyýamat gününe we kadaryň haýryna we şerine iman getirmekdir"[3]. Uzun hadysdan bir bölek. Şeýle-de bu hadysy Buhary we Muslim, Ebu Hureýreden rowaýat edendir.
Her bir musulmanyň, Alla tagalanyň hakynda, iman etmegi wajyp bolan ähli zatlara, ahyret günündäki boljak wakalara we başga-da gaýypdan habar berilen zatlara, iman etmekligi, bu alty asyldan şahalanyp gaýdýandyr.
***
Alla iman etmeklik, bu: “Onuň ýeketäk ybadata hakly Ilähdigine (Perwerdigärdigine) we ondan başgalaryň hiç bir ybadata hakly däldigine, iman etmeklikdir»
Sebäbi Ol (Alla), bendelerini ýaradyjydyr! Olara haýyr-yhsan edýändir! Olaryň ryzklaryny yzygiderli berýändir! Olaryň içki we daşky syrlaryny bilýändir! Ol (Alla) özüne boýun bolana sogap we özünden ýüz döndürene jeza bermeklige kadyrdyr. Alla tagala ynsy we jyny şol ybadat üçin (ýagny, ýeketäk özüne ybadat etmekligi üçin), ýaradandyr we ony etmeklige emir edendir.
Bu barada Alla tagala Kuranda şeýle aýdýar: “Men jynlary we ynsanlary diňe Özüme ybadat etsinler diýip ýaratdym. Men olardan rysgal islemeýärin. Meni naharlamaklaryny hem islemeýärin. Takyk, Alla (ähli ýaradylanlara) rysgal berýän, güýç-kuwwat (häkimiýet) eýesidir" (Zäriýät:56-58).
“Eý, ynsanlar! Takwalardan bolmagyňyz üçin sizi we sizden öňküleri ýaradan Perwerdigäriňize ybadat ediň! Ol (Alla) ýeri siziň üçin düşek, asmany hem (ýokaryňyzy ýapýan) gupba edip goýdy. Asmandan suw (ýagyş) inderip, size rysgal bolsun diýip (ýerden dürli) miweler çykardy. Siz (bulary) bilip durkaňyz, hiç kimi Alla deň hasaplamaň!" (Bakara:21-22).
Şu haky beýan etmeklik, oňa çagyrmaklyk we oňa ters gelýän pikirlerden gaýtarmaklyk üçin, Alla tagala ilçilerini iberip, kitaplar inderendir.
Bu barada Alla tagala Kuranda şeýle aýdýar: “Kasam bolsun! Biz her ymmata: «Alla ybadat ediň, tagutdan (küpürden) daş boluň!» (diýip) pygamber iberdik..." aýatdan bir bölek. (Nahl:36).
“Biz senden öňki ilçilerimizi diňe: «Menden başga ybadata hakly iläh ýokdur, (ýeketäk) Maňa ybadat ediň» diýen wahyý bilen iberdik" (Enbiýa:25).
“Elif, Läm, Ra. (Bu Kuran), hikmet eýesi we ähli zatdan habardar bolan Alla tarapyndan, aýatlary pugta mäkämlenip, soň anyk aýan edilen bir kitapdyr. (Bu Kuran) diňe Alla ybadat etmegiňiz (üçin inderildi). Şübhesiz, men size Onuň tarapyndan (iberilen) ägälendiriji we buşlukçydyryn" (Hud:1-2).
Her bir bendäniň Allasyny ähli ybadatda birlemegi, bu ybadatyň hakykatydyr. Ol bende doga-dileginde, gorkusynda, isleg-arzuwynda, namazynda, agyz beklemeginde, damak çalmagynda, nezir (aýdylan) etmeginde we şoňa meňzeş ybadatlarynda, Allany birlemelidir. Şeýle-de ol, ýeketäk Allany, rahatlygynda we gorkulygynda, Ony kämil söýüp, beýikligi üçin Onuň öňünde har-zelil halda we doly Oňa boýun bolan halynda, Ony ähli ybadatda birlemelidir. Kurany Kerimiň köp bölegi, şu beýik asyly açyklamak üçin inendir.
Edil Alla tagalanyň aýdyşy ýaly: “(Eý, Muhammet!) Elbetde, Biz saňa bu kitaby hak (we hikmet) bilen inderdik. Sen dini ýalňyz Oňa (Alla) degişli edip, yhlasyň bilen Alla ybadat et! Habardar bol, hakyky din diňe Allanyňkydyr..." (Zümer:2-3).
“Seniň Perwerdigäriň ýalňyz Özüne ybadat etmegiňizi emir etdi" aýatdan bir bölek. (Isra:23).
Buhary we Muslimiň Muazdan -Alla ondan razy bolsun- rowaýat etmeklerinde, Pygamberimiz -sallallahu aleýhi we sellem- şeýle diýdi: “Bendeleriň Alla tagalanyň öňündäki berjaý etmeli haklary, Oňa hiç bir zady şärik goşmazdan, ybadat etmekleridir"[4].
Şeýle-de Alla taglanyň bendelerine wajyp eden yslamyň bäş sütüni, Alla iman etmekligiň içine girýändir. Ol bäş sütün: “Alladan başga ybadata hakly ilähiň ýokdugyna we Muhammet -sallallahu aleýhi we sellem- Allanyň resulydygyna şaýatlyk bermek, namaz okamak, zekat bermek, agyz beklemek we ýagdaýy bolana haj etmekdir". We şolar ýaly, arassa şerigatyň bize parz edip getiren, ähli amallary imandandyr.
Ol rükünleriň iň möhümlisi, Alladan başga ybadata hakly ilähiň ýokdugyna we Muhammet -sallallahu aleýhi we sellem- Allanyň resulydygyna şaýatlyk bermekdir. Ol şaýatlygy getirmekligiň manysy, ähli ybadatlaryň ýeketäk Allaha sarp edilmeginiň laýykdygyny we Ondan başga zatlaryň ybadatdan hiç bir hakynyň ýokdugyny tassyklamagyňdyr.
Muny etmekligiň “Lä ilähe illallah" sözüniň hakyky manysyna, boýun bolmaklygyňdyr. Çünki onuň hakyky manysy: “Alladan başga ybadata hakly iläh ýokdur" diýmekdir. Alladan başga ybadat edilenler, adam bolsun, melek bolsun, jyn bolsun ýa-da başga zatlar bolsun tapawudy ýok, olaryň hemmesi batylda ybadat edilendir. Hak-dogry ybadat edilýän iläh, ýeketäk Alladyr!
Edil Alla tagalanyň aýdyşy ýaly: “Çünki Alla hakdyr we olaryň Ondan özgä ybadat edýänleri batyldyr..." (Haj:62).
Öňden beýan edişimiz ýaly, takyk, Alla tagala ynsu-jyny, şu möhümli esas üçin ýaradandyr we ony ýerine ýetirmeklige emir edendir. Ol resullaryny we kitaplaryny şol ähmiýetli asyl üçin, iberendir we inderendir. Bu agzalan zatlar barada gowy oýlanyp, köp pikir etmelidir. Sebäbi diýseň, köp musulmanlar bu uly asyly bilmezden, Alladan başgalara ybadat etdiler we Allanyň haky bolan ol ybadatlary, başgalara sarp etdiler. Alla bize ýardam etsin!
Takyk, Alla tagala bütin älem-jahany ýaradandyr we ondaky ähli zady, ylmy we güýç-gudraty bilen, isleýşi ýaly dolandyrýandyr we olara hökümdarlyk edýändir. Elbetde, muny ykrar etmeklik, Alla iman etmekligiň içine girýändir. Çünki Ol (Alla), bu dünýäniň we ahyrediň eýesidir we bütün älemiň Perwerdigäridir! Ondan başga ýaradyjy iläh ýokdur! Megerem Ol, bendelerini dogra ýola salmak üçin, olara şu dünýäde we ahyretde utuş gazandyrmak üçin, resullaryny iberip, kitaplaryny inderendir. Takyk, Onuň bu zatlary etmeginde hiç bir şärigi ýokdur.
Bu barada Alla tagala şeýle diýdi: “Alla barça zatlaryň ýaradyjysydyr. Ol ähli zadyň gözegçisidir" (Zümer:62).
“Perwerdigäriňiz Alla asmanlary we ýeri alty günde ýaratdy‚ soň (özüne mahsus görnüşde) Arşa istiwa etdi (galdy). Ol gije bilen gündizi örtýär, olar (ikisi) biri-biriniň yzynda üznüksiz hereketdedirler. Gün‚ Aý we ähli ýyldyzlar hemişe Onuň buýrugy bilen hereket edýärler. Şuny berk biliň‚ ýaratmak hem‚ emir etmek hem diňe Oňa mahsusdyr. Ol älemleriň Perwerdigäri bolan Alla nähili beýikdir" (Agraf:54).
Şeýle-de Alla tagalanyň aýdyň kitabynda we ynamdar resulynyň säbit sünnetinde (hadysynda) gelen, Onuň gözel atlaryny we beýik sypatlaryny, hiç bir ütgetmezden, inkär etmezden, belli bir görnüş bermezden we meňzetmezden, olara iman getirmeklik, Alla iman etmekligiň içine girýändir. Megerem olary (at-sypatlary), Kuran we sünnetde gelşi ýaly, hiç bir zada deňeşdirmezden, hakyky manylaryny ykrar etmelidir. We olary hiç bir zada meňzetmezden, Oňa laýyk görnüşde wasplamak wajypdyr.
Bu barada Alla tagala şeýle diýdi: “Onuň (Allanyň) hiç hili meňzeşi ýokdur. Ol (ähli zady) eşidýändir (we) görýändir" (Şura:11).
Ýene bir aýatda şeýle diýdi: “(Siz) Alla üçin («Biz Alla şärik goşýanlarymyz arkaly, olaryň üsti bilen Oňa ýetýäris» diýen sözler ýaly ýerliksiz) tymsallar getirmäge çalyşmaň! Elbetde, Alla bilýär, siz bilmeýärsiňiz" (Nahl:74).
Bu aýdan zatlarymyz Ähli sünnet we jemagatyň, Pygamberimiz -sallallahu aleýhi we sellemiň- sahabalaryndan we olardan soňky gelen täbigynlardan alan ynanjydyr. Bu barada Ebul-Hasan El-Aşgary hem, öz “Makalat" diýen kitabynda, agzap geçendir. Şeýle-de başga-da köp alymlar bu ynanjy, öz kitaplarynda agzap geçendirler
El-Ewzagy –Alla oňa rehmet etsin- aýtdy: “Az-Zuhri we Mekhul –Alla olara rehmet etsin!- Allany sypatlandyrýan aýatlar barada soralanda, olar aýtdylar: “Gelişi ýaly ulanyň»
Welid ibn Muslim –Alla oňa rehmet etsin!- aýtdy: “Mälik, Ewzagy, El-Leýs ibn Sa'd we Sufýan Es-Sewriden –Alla olara rehmet etsin!- Allany sypatlandyrýan habarlar barada soranlarynda, olararyň hemmesi bir agyzdan: “Meňzetmezden, gelişi ýaly kabul ediň!" diýdiler.
Ewzagy –Alla oňa rehmet etsin- aýtdy: “Täbigynlaryň bar wagtynda şeýle aýdýardyk: “Çünki Alla tagala arşyň üstündedir. We sünnetde gelen, Allanyň ähli wasplaryna iman getirýäris»
Haçanda Ymam Mäligiň halypasy Rabiga ibn Ebi Abdur-Rahman –Alla olara rehmet etsin- istiwä barada soralanda şeýle aýtdy: “Istiwä (Alla tagalanyň galmaklygy) belli zatdyr! Ýöne onuň nähili sypatdadygyny bilýän däldiris. Bu barada Alla tarapyndan habar geldi. Onuň resuly-da bu habary dolulygyna bize ýetirdi. Bize hem oňa ynanyp, kabul etmeklik wajypdyr»
Haçanda Ymam Mälik –Alla oňa rehmet etsin- istiwä barada soralanda, şeýle diýdi: “Istiwä bellidir! (Onuň) nähili (sypatdadygy) belli däldir! Oňa iman etmeklik wajypdyr! We onuň nähili (sypatdadygyny) soramaklyk bidgatdyr (dinden däldir)!" Soňra soragça ýüzlenip şeýle aýtdy: “Sende diňe erbetligi görýärin» We onuň metjitden çykarylmagyny buýurdy. We şol badyna ol metjitden çykaryldy.
Bu manyda, mü'minleriň enesi bolan Ummi Selemeden hem, –Alla ondan razy bolsun- rowaýat edilendir.
Ymam Ebu Abdur-Rahman Abdullah ibn Mubarak –Alla oňa rehmet etsin- şeýle diýdi: “Perwerdigärimiziň, ýaradylanlaryň ýokarsyndaky, ýedi gat asmanyň ýokarsynda bolan, arşyň üstündedigini bilýäris".
Bu bapda ymamlaryň agzap geçen sözleri gaty kändir. Bu gysgaça makalada hemmesini agzap bilmeýäris. Kim bu agzalanlardan artykmaç islese, onda ol ähli sünnet alymlarynyň bu bapda ýazan kitaplaryna dolanyp biler. Olaryň käbirine mysal: Abdullah ibn Ahmediň “Sünnet" diýen kitaby, Uly ymam Muhammet ibn Huzeýmäň “Töwhid" diýen kitaby, Ebu Al-Kasym Al-Lälekäýi At-Tabaranyň “Sünnet" diýen kitaby, Ebu Bekr ibn Ebu Asymyň “Sünnet" diýen kitaby we Şeýh Ul-Islam ibni Teýmiýäniň hamat diýen ýeriň ýaşaýjylarynyň (beren soragyna), jogap edip ýazan kitaby (Al-Hamawiýýe) hem, gaty gowy kitapdyr. Onda ol –Alla oňa rehmet etsin- Ähli sünnet we jemagatyň ynanjyny gowy açyklandyr. Ol kitapda ähli sünnet alymlaryň sözlerini nakyl edendir. Şolar ýaly hem, olaryň sözlerini şerigatyň we akylyň delili bilen bekedip, olara garşy çykan toparlaryň sözlerini hem, batyla çykarandyr. We edil şolar ýaly “Tedmuriýýä" diýen kitabynda hem, ähli sünnet we jemagatyň ynanjyny, şerigat we akly deliller bilen, agzap geçendir. We ol ynanja garşy gelýän toparlara hem, olaryň batyl ynançlaryna, açyk-aýdyň deliller bilen, red edendir. Şübhesiz, kimdir biri Allanyň at-sypatlaryna iman etmekde, Ähli sünnetiň ynanjyna garşy gelýän başga bir ynanja iman estse, takyk, ol kişi şerigat we akyl taýdan, açyk-aýdyň batyl ynanja iman edendir.
Emma Ähli sünnet we jemagaty, Alla tagalanyň öz kitabynda, özüne säbit eden at-sypatlaryny we Onuň resulynyň Muhammet –sallallahu aleýhi we sellemiň- sahyh sünnetinde, Alla säbit eden at-sypatlaryny, säbit edip, oňa iman edendirler. Şeýle-de Onuň at-sypatlaryny hiç bir Onuň ýaradan mahluklaryna meňzetmezden we Oňa laýyk sypatlaryny inkär etmezden, ol barada gelen delillere amal edip, Allaha laýyk bolan halynda, Oňa säbit edendirler. Takyk, muňa iman etmeklik, diňe Resulynyň getiren hakyna pugta ýapyşyp, bar güýjüni we yhlasyny haky bilmäge berene we haky gözleýän wagty, Alladan haka gowuşmaklygyny umyt edene başardar.
Bu barada Alla tagala şeýle diýdi: “Haky batylyň üstüne zyňarys. Hak batyly öwüm-döwüm eder, bir görseň batyl ýok bolup gidendir" (Enbiýa:18).
Ýene başga bir aýatda şeýle diýdi: “Olaryň (Kurany we seniň ýoluňy aýyplamak üçin) saňa getiren her bir mysalyna derek, Biz saňa hakykaty we iň gowy beýany getirendiris" (Furkan:33).
Hafyz ibn Kesir –Alla oňa rehmet etsin- hemmelere mälim bolan, Kuranyň tefsiri (açyklaýşy) kitabynda, Alla tagalanyň şu aýatyny: “Perwerdigäriňiz Alla, asmanlary we ýeri alty günde ýaratdy‚ soň (özüne mahsus görmüşde) Arşa istiwa etdi» (Agraf:54). Sözüni açyklanda, biziň gözleg edip duran mowzugymyza bagly aýdan, uly peýdaly we pähimli sözüni, şu ýerde agzap geçilmeklik gaty gowydyr.
Ol -Alla oňa rehmet etsin- şeýle diýdi: “Bu babatda agzalan sözler gaty kändir. Olaryň hemmesini bu ýerde agzap bolmaýar. Çünki biz bu bapda, diňe selef-salyh alymlaryndan bolan: Mälik, El-Ewzagy, As-Sewri, Al-Leýs ibni Sa'd, Aş-Şafygy, Ahmet, ishak ibn Rohaweýh we şolara meňzeş bolan gadymky we häzirki zamanymyzyň ynamdar musulman ymamlarynyň ýollaryna eýerip, olaryň diýenini diýýäris. Ol bolsa, Alla tagalany wasplaýan hemme habarlary gelişine görä, hiç bir zada meňzetmezden, belli bir sypat bermezden we inkär etmezden (özüne laýyk görnüşde ykrar edip) kabul etmeklikdir! Emma akylymyza gelýän käbir wasplara Oňa meňzetmeklik, Alla tagaladan gaýtarlandyr. Çünki Alla tagala öz ýaradan zatlarynyň hiç birine meňzeş däldir. Onuň (Allanyň) hiç hili meňzeşi ýokdur. Ol (ähli zady) eşidýändir (we) görýändir.
Megerem bu, edil uly alymlardan bolan Buharyň şeýhi Nu'aým ibn Al-Huzagy ýalylaryň aýdyşyna görä, şeýledir: “Kim-de kim Allany, mahluklaryna meňzetse, ol kapyrdyr! We kim-de kim Alla tagalanyň özüni wasplan at-sypatlaryny, kabul etmän inkär etse, ol kapyrdyr! Alla tagalanyň özüni we Onuň resulynyň Ony wasplan at-sypatlarynda, meňzetmeklik ýokdur! Takyk, kim-de kim açyk Kuran aýatlarynda we sahyh hadyslarda gelen at-sypatlary, Allanyň özüne laýyk görnüşde ykrar etse we ähli kemçilikleri hem, Ondan (Alladan) gaýtarsa, bu ýagdaýda ol, şeksiz, dogry ýoldan barýandyr»
***
Emma Allanyň meleklerine (perişdelerine) iman etmeklik bolsa, olara umumy görnüşde we hususy görnüşde iman etmekligi, öz içine alýandyr. Çünki Alla tagala meleklerini, özüne ybadat etmekleri üçin ýaradandyr. We Alla tagala olary, hemişe ybadatda we her bir buýrulan işi dessine edýändikleri bilen wasplandyr. Bu barada Alla tagala Kuranda şeýle diýdi: “Alla olaryň geljegini we geçmişini bilýändir. Olar Allanyň razy bolanyndan başgasyna şepagat edip bilmezler. Olar Alladan gorkup, (elmydama) titrärler" (Enbiýä:28). Alla tagala meleklerini şu wasplar bilen wasplandygyna, her bir musulman iman etmelidir.
Olaryň (melekleriň) görnüşleri kändir. Olardan käbiri (Allanyň) Arşyny göterýänlerdir, käbiri jenneti we dowzahy goraýanlardyr we käbiri bendeleriň eden amallaryny ýazýanlardyr. Şeýle-de Alla tagalanyň we Onuň resulynyň käbir melekleriň atlaryny aýratynlykda agzanlaryna hem, iman getirýäris. Mysal üçin olardan, Jibril (Jebraýyl), Mikäýil (Mykaýyl), dowzahy goraýan Mälik, (kyýamatda täzeden direlmeklige) sury üflemeklige bellenen Israfil (Ysrafyl), bularyň hemmesi barada sahyh hadyslarda agzalandyr. Bu barada Aýşanyň -Alla ondan razy bolsun- rowaýat edýän sahyh hadysynda, Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- şeýle diýdi: “Melekler nurdan ýaradylandyr, Jynlar bolsa, otdan ýaradylandyr. Adam –aleýhissalam- bolsa, size wasp edilen zatdan (toprakdan) ýaradylandyr"[5]. (Sahyh Muslim).
***
Şeýle-de Alla tagala, öz hakyny (hak dinini) beýan etmeklik we oňa çagyrmaklyk üçin, mukaddes kitaplary, pygamberlerine we ilçilerine inderendigine, dolulygyna iman getirmeklik wajypdyr.
Bu barada Alla tagala Kuranda şeýle diýdi: “Takyk, Biz pygamberlerimizi äşgär deliller bilen iberdik we ynsanlaryň adalaty saklamaklary üçin (pygamberler) bilen birlikde kitap we (adalat) terezisini iberdik" aýatdan bir bölek. (Hadid:25).
“Ynsanlar (öň) ýeke-täk ymmatdy. Soň Alla buşlaýjy we duýduryjy edip pygamberleri iberdi. Ynsanlaryň arasynda dörän çaprazlyklarda höküm bermekleri üçin olar bilen birlikde hak (ýoly görkezýän) kitap inderdi" aýatdan bir bölek. (Bakara:213).
Elbetde, Alla tagala olaryň (kitaplaryň), aýratynlykda atlaryny agazanlaryna hem, iman getirýäris. Olardan: Töwrat, Injil, Zebur we Kurandyr. Olaryň iň gowysy we soňkysy Kurandyr. We ol Kuran, hemme kitaplaryň hökümini öz içine alyp, dogrusyny dogurlandyr. Şol sebäpli bütin ymmata, oňa boýun bolup we bilelikde Allanyň Resulyndan –sallallahu aleýhi we sellemden- gelen sahyh hadyslar bilen, hökümleşmeklik wajypdyr. Çünki Alla tagala öz ilçisi bolan Muhammet –sallallahu aleýhi we sellemi- bütin ynsu-jyna, ilçi edip iberendir! We olara höküm etmeklik üçin, mü'minleriň ýüreklerine şypa bolan, her bir zady açyklan we olary dogry ýola gönükdiriji Kurany, rehmet hökmünde inderendir.
Bu barada Alla tagala Kuranda şeýle diýdi: “Ine‚ bu kitap (Kuran) Biziň inderen mukaddes kitabymyzdyr. Bes, siz oňa tabyn boluň! Merhemet edilmegiňiz üçin (Kurana) garşy gitmekden çekiniň!" (Engam:155).
“Saňa (Eý, Muhammet!) her bir zady düşündirýän, musulmanlar üçin dogry ýoly görkezýän, rehmet bolan, buşluk berýän kitaby (Kurany) inderdik" (Nahl:89).
“Sen aýt: «Eý‚ ynsanlar! Men siziň hemmäňize Alla tarapyndan iberilen pygamberdirin. Asmanlar we ýer, Onuň mülküdir. Ondan başga (ybadata laýyk) iläh ýokdur. Ýaşaýşy beren-de‚ ölümi ýaradan-da Oldur. Sizem Alla we Onuň bütin sözlerine iman getiren ol ümmi (ýazyp okap bilmeýän) pygambere‚ ol ilçä boýun boluň! Oňa ýürekden tabyn bolsaňyz‚ dogry ýoly taparsyňyz" (Agraf:158). Şübhesiz, bu manyda gelen aýatlar örän kändir.
***
Şolar ýaly hem, Alla tagalanyň ilçilerine (pygamberlerine) umumy görnüşde we hususy görnüşde iman etmeklik wajypdyr. Çünki Alla tagala öz bendelerine buşlaýjy, ägälendiriji we haka çagyryjy ilçileri iberendigine iman getirýäris. Kim olara boýun bolan bolsa, utuş gazanandyr we kim olardan ýüz dändiren bolsa, uly hasratly ökünçlige sezewar bolandyr. We Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- olaryň iň soňkysy we iň gowysydyr.
Bu barada Alla tagala Kuranda şeýle diýdi: “Kasam bolsun! Biz her ymmata: «Alla ybadat ediň we tagutdan (küpürden) daş boluň!» (diýip) pygamber iberendiris" (Nahl:36).
“Ilçiler (gelip, dogry ýol äşgär edilenden) soň, ynsanlarda Alla garşy (öňe sürüp biljek hiç bir) bahanalary bolmazlygy üçin, (Biz ol) ilçileri (rehmetimizi) buşlaýjylar we (gazabymyzy) duýduryjylar edip (iberendiris)" (Nisa:165).
“Muhammet siziň araňyzdaky erkekleriň hiç haýsynyň atasy däldir. Ol Allanyň ilçisidir we iň soňky pygamberdir" (Ahzab:40).
Şeýle-de Alla tagaladan ýa-da Onuň Resulyndan –sallallahu aleýhi we sellemden- aýratynlykda, ýekeligine ady agzalan ilçilere hem, iman getirýäris. Mysal üçin olardan: Nuh, Hud, Salyh, Ibrohim (Ybraýym) we başgalar. Olara we pygamberimize ýagşy salam we salawatlar bolsun!
***
Kyýamat gününe iman etmek
Emma kyýamat gününe iman etmeklik bolsa, ölümden soňky boljak wakalar barada, Alla tagalanyň we Onuň Resulynyň –sallallahu aleýhi we sellemiň- habar beren zatlarynyň hemmesini öz içine alýandyr.
Olardan: Gabyrdaky boljak synag, onuň azaby we lezzetidir. Şeýle-de Kyýamat güninde boljak, gorkuly agyr ýagdaýyň kynçylyklary, köpriň (üstünden geçilmegi), terezide (ýagşy we ýaman amallaryň ölçenmegi), (eden amallaryňa) hasabat edilmegi, oňa görä beriljek haýry ýa-da jezasy, ähli adamlaryň öňünde ýazgyt kitapçanyň äşgär edilmegi, adamlaryň käbirleri sagyndan, käbirleri çepinden we käbirleri bolsa arkasyndan öz kitapçalaryny aljakdyklary ýaly wakalar hem, Kyýamat gününe iman etmeklige girýändir.
Ýene-de munuň içine, Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellemiň- (jennetdäki) howzuna baryljakdygyna iman etmeklik, dowzaha we jennete iman etmeklik, mü'minleriň öz Perwerdigärini görjekdiklerine, Onuň olar bilen gürleşjekdigine iman etmeklik we başgada Kuran-y Kerimde we Onuň Resulynyň –sallallahu aleýhi we sellemiň- sahyh hadyslarynda gelen, kyýamat gündäki boljak ähli wakalary ykrar etmeklik, Kyýamat gününe iman etmekligiň içine girýändir. Alla tagalanyň we Onuň Resulynyň –sallallahu aleýhi we sellemiň- beýan edişi ýaly, bularyň ählisine dolulygyna ynanyp, iman etmeklik wajypdyr.
***
Kadara iman etmek
Emma kadara iman etmeklik bolsa, aşakdaky agzaljak dört zady öz içine alýandyr:
Birinjisi: Bilimi. Takyk, Alla tagala, bolan we boljak zatlary, bendeleriniň hal-ahwallaryny, olaryň ryzklaryny, ajallarynyň (haçan ýetjegini), etjek amallaryny we başgada ähli gerekli hajatlaryny, hiç bir gizlenmezden bilýändigine iman etmelidir.
Bu barada Alla tagala şeýle diýdi: “Takyk, Alla ähli zady bilýändir" (Ankebut:62).
«..Allanyň ähli zada güýjüniň ýetýändigini hem-de Ol ylmy bilen ähli zady gurşap alandygyny, bilmegiňiz üçindir" (Talak:12).
Ikinjisi: Ýazgysy. Alla tagala ähli takdyrlan we höküm eden zatlaryny, öňünden ýazandygyna iman etmelidir.
Bu barada Alla tagala şeýle diýdi: “Biz topragyň olaryň bedenlerinden nämäni kemeldendigini (çüýredendigini) bilýäris. Biziň ýanymyzda (ähli zady) goraýan kitap bardyr" (Kaf:4).
“Biz ähli zady, aýdyň ýol görkezijide (Lowhul-mahfuzda) ýazyp goýduk" (Ýäsin:12).
“Sen Allanyň asmanlardakylary we ýerdäkileri bilýändigini, munuň bir kitapda ýazylgy durandygyny bilmeýärsiňmi?! Takyk, bu Alla üçin örän ýeňildir" (Haj:70).
Üçünjisi: Islegi. Her bir zat Alla tagalanyň islegine görädir. Islän zadynyň bolandygyna we islemedik zadynyň bolmadyklygyna iman etmelidir.
Bu barada Alla tagala şeýle diýdi: “Alla islän zadyny ýerine ýetirer" (Haj:18).
“Ol bir zady (ýaratmak) islän wagty Onuň işi oňa diňe «Bol!» diýmekdir. Ol (zat) dessine (peýda) bolar" (Ýäsin:82).
“(Emma bu dogry ýolda berk durmak) siziň islegiňize bagly däldir, ol diňe älemleriň Perwerdigäri bolan Allanyň islegi bilen (amala aşar)" (Tekwir:29).
Dördünjisi: Ýaratmaklygy. Ähli mahluklary ýeketäk Allanyň ýaradandygyna we ondan başga ýaradyjy Rebbiň ýokdugyna iman etmelidir. Bu barada Alla tagala şeýle diýdi: “Alla barça zatlaryň ýaradyjysydyr. Ol ähli zadyň gözegçisidir" (Zümer:62).
“Eý, adamlar! Allanyň size beren nygmatlaryny ýada salyň! Alladan başga size asmandan we ýerden rysgal berip biljek ýaradyjy barmy? Ondan başga (ybadata laýyk) iläh ýokdur. Bu ýagdaýda näme üçin (küpüre) gaýdyp gelýärsiňiz (Ondan gaýra ybadat edýärsiňiz)?" (Fatyr:3).
Ähli sünnet we jemagatyň ynanjynda, kadara iman etmeklik, şu agzalan dört sany zady öz içine alýandyr. Muny kabul etmedikler bolsa, bidgatçylardan (dinden däl zatlary toslaýançylardan) diýip hasaba alynýandyr.
***
Iman sözden we amaldan ybaratdyr, tagat etmeklik bilen artyp, günä etmeklik bilen kemelýändir
Alla iman etmekligiň içine, Imanyň sözden we amaldan ybaratdygyna, tagat etmeklik bilen artýandygyna we günä etmeklik bilen bolsa kemelýändigine, iman etmeklik hem girýändir.
Şeýle-de küpürden we şirkden aşakdaky, uly günäleri halal görmezden eden musulmany, dinden çykarmaklyk (kapyr diýmeklik) bolýan däldir. Mysal üçin: Zyna edene, ogurluk edene, ribä (süýthorlyk) alana, arak içene, ata-enäniň hakyny bermedige we ş.m uly günäleri edene, kapyr diýilýän däldir.
Bu barada Alla tagala şeýle diýdi: “Takyk, Alla Özüne şärik goşulmagyny bagyşlamaz, emma ondan başga isläniniň (günäsini) bagyşlar" (Nisä:116).
Bu barada Allanyň Resuly –sallallahu aleýhi we sellemiň- köpdürli ýollardan säbit bolan (mutawätir) hadysynda hem gelendir. “Takyk, Alla tagala ýüreginde bugdaýyň dänesi ýaly iman tapylan adamyny hem, otdan çykarjakdyr»
***
Alla üçin söýmek we Alla üçin ýigrenmek, Alla üçin ýar tutunmak we Alla üçin duşman tutunmak
Şeýle-de Alla iman etmekligiň içine, Alla üçin söýmeklik we Alla üçin ýigrenmeklik, Alla üçin ýar tutunmaklyk we Alla üçin duşman tutunmaklyk hem, girýändir. Mü'min adam, mü'minleri söýer we olary dost-ýar tutunar we kapyrlary ýigrener we olary duşman tutunar.
Pygamberimiziň –sallallahu aleýhi we sellemiň- sahabalary, mü'minleriň iň ýokarky gatlagyndadyrlar. Çünki Ähli sünnet we jemagaty olary (Alla üçin) söýüp, ýar tutunandyrlar. We olaryň pygamberlerden soňra, adamlaryň iň gowysydygyna iman edendirler.
Çünki Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- bu barada şeýle diýdi: “Iň gowy (adamlaryň) asyry, meniň asyrymdyr. Soňra olaryň yzyndan geljeklerdir. Soňra bolsa, olaryň yzyndan geljeklerdir"[6]. Ol sahabalaryň iň gowusy, Ebu Bekir As-Syddykdyr, soňra Omar El-Faruk, soňra Osman Zunnureýn, soňra Aly El-Murtazadyr -Alla olaryň hemmesinden razy bolsun-. Olardan soňra iň gowy sahabalar, jennet bilen buşlanan, galan alty sahabadyr. Soňra olardan galan beýleki sahabalardyr -Alla olaryň hemmesinden razy bolsun-.
Şeýle-de Ähli sünnet we jemagaty, sahabalaryň arasyndaky bolan dawa-jedelleri dörjemezden: “Olar haka ýetmeklik üçin yhlas edendirler" diýip, iman edýärler. Olaryň haýsysy haka düşen bolsa, onuň iki ejiri (sogaby) bardyr we haýsysy ýalňyşa düşen bolsa, onuň bir ejiri bardyr.
Ähli sünnet we jemagaty, Resulallanyň –sallallahu aleýhi we sellemiň- ýakyn garyndaşlaryndan musulman bolanlary söýüp, olary dost-ýar tutunandyrlar. Şeýle-de mü'minleriň eneleri bolan, Resulallanyň –sallallahu aleýhi we sellemiň- aýallaryna hem, uly sylag hormat goýýandyrlar we olardan Allanyň razy bolmagyny soraýandyrlar. We Resulallanyň –sallallahu aleýhi we sellemiň- sahabalaryny we käbir aýallaryny ýigrenip, olara erbet sögünçler aýdýan we Pygamberimiziň garyndaşlaryny, Alla tagalanyň beren derejesinden, çennen-aşa ýokaryk geçirýän Şyganyň “Rafyza" taýpasyndan hem päkdirler. Edil şolar ýaly hem, (Ähli sünnet we jemagaty) Pygamberimiziň garyndaşlaryna, dili ýa-da amaly bilen ezýet berýän “Nasyba" taýpadan hem päkdirler.
Bu gysga wagtda agzap geçen hemme sözlerimiz, Allanyň Resuly Muhammet -sallallahu aleýhi we selleme-, Alla tarapyn iberilen dogry ynanjyň (ygtykadyň) içine girýändir. We bu dogry ynanç, nejat tapan toparyň, Ähli sünnet we jemagatyň ynanjydyr.
Bu barada Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- şeýle diýdi: “Meniň ymmatymdan bir topar, Allanyň takdyr eden kyýamat gününe çenli, (batyla garşy) hakyň üstünde utuş gazanyp, dowam edip geljekdirler. Olara dönüklik edip, taşlanlaryň hem, zyýany ýetmez"[7].
We başga bir hadysynda şeýle diýdi: “Ýehud (ýewreý) kowumy, ýetmiş bir topara bölünendir. Haçparaz (hristiýan) kowumy, ýetmiş iki topara bölünendir. We şu ymmat hem, ýetmiş üç topara bölünjekdir, diňe bir taýpadan galanynyň ählisi otdadyr". Sahabalar: “Eý! Allanyň Resuly olar kimler?" diýip, soradylar. Ol: “Meniň we sahabalarymyň yzyny eýerenlerdir" diýdi"[8].
Şeksiz, bu ynanja berk ýapyşyp, şol ýoldan dogry ýöräp, oňa garşy çykanlardan hem seresap bolmaklyk, bize wajypdyr.
Dogry ynançdan azaşyp, oňa garşy gidýän agzalar
Çünki bu ynançdan (akydadan) azaşyp, garşysyna gidýän toparlar örän kändir. Olardan biri hem, butlara, gabyrlara, meleklere, welilere, jynlara, agaçlara, daşlara we ş.m. zatlara çokunýan (müşriklerdir). Çünki olar, Alla tarapyn gelen ilçileriň çakylygyny kabul etmän, olaryň garşysyna çykyp, öz diýenlerinde galandyrlar. Edil Pygamberimiz Muhammet –sallallahu aleýhi we sellemiň- kowumy, Kuraýşyň we beýleki arap kowumlarynyň edişi ýalydyr. Çünki olar öz butlaryndan, ýarawsyzlara şypa bermeklerini, duşmanlaryny ýeňmäge kömek etmeklerini we ähli gerekli hajatlaryny sorardylar. Olara damak çalyp, aýdylan bererdiler. Haçanda Allanyň Resuly –sallallahu aleýhi we sellem- olary, edýän zatlaryndan (şirklerinden) gaýtaranda we olary ybadatda Allany birlemeklige çagyranda, oňa geň galyp, dessine inkär edip: “Ol ilähleri ýeke-täk ilähe öwrüpmi? Bu juda geň galdyryjy zat" diýdiler" (Sad:5).
Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- Allanyň ýoluna çagyryp, şirkden gaýtarmaklygy we olara (müşriklere) hakykaty beýan etmekligi, yzygiderli dowam edeninde, Alla tagala olaryň käbirlerine hidaýet etdi. Soňra bolsa Allanyň bu ýeketäk dinine, topar-topar bolup girdiler. Soňra Allanyň Resuly –sallallahu aleýhi we sellem-, onuň sahabalary we olardan soňra gelen täbigynlar, ol dagwatyň yzyny üzmän we uzak wagtlap jihät (Alla ýolunda söweş) edenlerinden soň, Allanyň bu ýeketäk dini, beýleki dinlerden beýige göterlendir.
Soňra hal-ahwallar üýtgäp, adamlaryň arasynda ylymsyzlygyň ýaýrap, şol halda dowam etmeginde, köp adamlar jahyllyk (yslamdan öňki batyl) dine gaýdyp geldiler. Pygamberlere we welilere doga-dileg edip, olardan kömek sorap we başga görnüşli şirkleri olara sarp edip, çennen aşa geçdiler. Şeýle-de olar yslamy kabul etmedik arap kapyrlarynyň hem, düşünen “Lä ilähe illallah" sözüniň manysyna hem düşünmediler. Allanyň özi ýardam etsin!
Ylymsyzlygyň ýaýramagy we pygamberlik zamanyndan uzaklaşanymyz sebäpli, bu şirk, adamlaryň arasynda giňden ýaýramaklygy dowam edýändir.
***
Soňky nesiliň şübheleri, edil öňki nesiliň şübheleridir we käbir küpür ynançlary
Soňky nesiliň şübheleri, edil öňki nesiliň şübheleridir. Çünki olar: “Bular (butlar, gabyrlar, öwliýä-pirler we ş.m) Allanyň ýanynda biziň şepagatçylarymyzdyr. Biz olara, bizi diňe Alla has-da ýakynlaşdyrmaklary üçin ybadat edýäris" diýýärler. Takyk, Alla tagala bularyň tutunýan şübhelerini batyla çykarandyr. We olara, kimde-kim haýsy-da bolsa bir ybadaty Alladan başga sarp etse, şirk edip, kapyr bolandygyny beýän edendir.
Bu barada Alla tagala şeýle diýdi: “Olar Alladan özge, özlerine zyýan hem, peýda hem berip bilmeýänlere ybadat edýärler hem-de: «Bular Allanyň ýanynda biziň şepagatçylarymyzdyr» diýýärler" (Ýunus:18). Alla tagala olara gaýtargy berip şeýle diýdi: “(Eý, Muhammet!) Aýt: «Siz Alla asmanlarda we ýerde (bar bolup, Onuň) bilmeýän bir zadyny habar berýärsiňizmi?» Ol (Alla) olaryň şärik goşýan zatlaryndan päkdir we beýikdir" (Ýunus:18).
Şu agzalan aýatda, Alla tagala özündan gaýra pygamberlere we welilere ýa-da başgalara, haýsy-da bolsa bir ybadaty sarp etmekligi, uly şirk diýip atlandyrandyr. Çünki bu amaly edýänler muňa başgaça at berseler-de Alla tagala oňa uly şirk diýendir.
Ýene bir aýatda Alla tagala şeýle diýdi: “Ondan (Alladan) özge, özlerine dostlar edinenler: «Biz olara bizi diňe Alla has-da ýakynlaşdyrmaklary üçin ybadat edýäris» (diýerler)" (Zümer:3). Alla tagala olara gaýtargy berip şeýle diýdi: “Elbetde, Alla çekeleşip ýören meselelerinde olaryň arasynda höküm berer. Takyk, Alla ýalançy, inkär edýän (näşükür ynsany) dogry ýola gönükdirmez" (Zümer:3).
Çünki Alla tagala bu aýatda, olaryň özünden gaýra, doga-dileglerini, gorkularyny, umytlaryny we şuňa meňzeş ybadatlaryny sarp edýän adamyň, öz Allasyna küfür (küpür) edendigini açyklandyr. Şeýle-de olaryň batyl ilähleri, «olary Alla tagala ýakynlaşdyrýar» diýen sözlerini hem, ýalana çykarandyr.
Ýene-de şol pygamberleriň getiren dogry ynanjyna garşy gelýän, küpür ynançlardan biri hem, «Ateistlykdyr» (Rebsizlikdir). Bu bolsa, häzirki zamanymyzda Marksyň, Leniniň we şolara meňzeş ateistlyga we küpüre çagyrýanlardyr! Olar özlerini sosialistik, kommunizm, kowumçylyk ýaly atlar bilen atlandyrsalar hem, olaryň esasy ynanjy ateistlykdyr. Çünki olaryň ynanjynda iläh diýlen zat ýokdur we ýaşaýyş bolsa, ýöne bir maddy zatdyr. Şeýle-de Ahyret gününi, dowzahy we jenneti inkär etmeklik we ähli dinleri ýalanlamaklyk, olaryň tutunýan ynançlarynyň esasydyr. Kim-de kim olaryň kitaplaryna seredip, olaryň näme ynanç edýändiklerini okap geçen bolsa, olaryň ynanýan ynançlarynyň, Alla tarapyndan gelen dinlere garşy gelýändigini we olaryň soňy, şu dünýede we ahyretde iň erbet hala düşjekdiklerini, hiç bir şübhesiz aýdyp biler.
Ýene-de şol dogry ynanja garşy gelýän ynançlaryň biri hem, käbir «Batynyýýa» taýpasy bilen, käbir «Sopylardyr» Çünki olaryň käbir welileri, Allanyň ýany bilen, älem-jahany dolandyrýandyklaryna ynanç edýärler. Olar öz ilählerine Aktab, Ewtäd, Egwas we ş.m atlary, özlerinden oýlap goýandyrlar. Çünki bularyň şirki, Rububiýýet şirkiniň (ýaratmaklykda, ryzklandyrmakda we dolandyrmakda Alla şärik goşmaklygyň) has erbedidir we jahyllykdaky araplaryň şirkinden hem beterdir.
Sebäbi, yslamdan öňki arap kapyrlary, Rububiýýetde şirk etmezdiler. Megerem olar, ýagşy-asuda hallarynda, ybadatda şirk edýärdiler (Alladan başga ybadat edýärdirler). Emma başlaryna bir musybat düşen hallarynda, şolbada ybadatlaryny ýeketäk Allaha sarp ederdiler.
Bu barada Alla tagala şeýle diýdi: «Olar gämä münenlerinde (gark bolmakdan gorksalar), Alla çyn yhlas bilen dileg ederler, ýalbararlar. Alla olary halas edip, gury ýere (kenara) çykaran badyna bolsa, olar eýýäm Alla şärik goşýarlar" (Ankebut:65).
Takyk olar, Rububiýýet töwhidiniň, ýeketäk Allaha laýykdygyny ykrar edýärdiler. Bu barada Alla tagala şeýle diýdi: «Kasam bolsun! Eger-de olardan özlerini kimiň ýaradandygyny sorasaň, elbetde, «Alla» diýip aýdarlar" (Zuhruf:87).
(Eý, Muhammet! Sen olardan): «Size asmandan we ýerden rysgal berýän kim ýa-da gulaklara we gözlere eýelik edýän kim?! Kim ölüden dirini çykarýar we diriden ölüni çykarýar hem-de kim (ähli) işleri dolandyrýar?» (diýip, soranyňda) olar şolbada: «Alla» diýerler. (Eý, Muhammet! Sen olara) aýt: «Eýsem, (siz Alla boýun bolmazlykdan) gorkmaýarsyňyzmy?» (Ýunus:31). Bu manyda gelen aýatlar örän kändir.
***
Soňky müşrikleriň şirki, öňki müşrikleriň
şirkinden beterdir
Çünki soňky müşrikleriň şirki, öňki müşrikleriň şirkinden beterdigine we artandygyna, iki tarapdan bellidir:
Birinjisi: Olaryň käbirleri rububiýetde şirk edýärler.
Ikinjisi: Diňe asudalykda dälde, kynçylyk wagtynda hem, şirk edýärler.
Olaryň bu ýagdaýyny, kim olaryň arasynda bolup we olaryň hal-ahwallaryny synlan bolsa, ýagny olaryň Müsürdäki Huseýniň, Bedewiniň we başgalaryň gabrynda, Adn şäherdäki Aýdarusyň gabrynda, Ýemendäki El-Hädiniň gabrynda, Şämdäki Ibni Arabynyň gabrynda, Yrakdaky Şeýh Abdul-Kadyr El-Jeýläniniň gabrynda we başga-da belli bolan gabyrlarda, olaryň nahili (şirkleriň) edýändiklerini görendir. Ol ýere barýan köpçülikleýin adaty adamlar, Allaha laýyk bolan hak-ybadatlary, (hiç zady eşitmeýän we hiç zada güýji ýetmeýän) gabyrlara sarp edýärler. Takyk, Allanyň iberen pygamberi Muhammet –sallallahu aleýhi we sellemiň- we ondan öňki geçen ilçileriň getiren dogry töwhidini beýan edýän we olary (müşrikleri) sarp edýän şirklerinden gaýtarýan adamy az taparsyň! Biz Alladan gelip, Allaha dolanyp barjakdyrys!
Olary (müşrikleri) dogry ýola gönükdirmegini, olaryň arasynda haka çagyrýanlary köpeltmegini, musulmanlaryň baştutanlaryna we alymlara, şol şirke garşy söweşmeklerini, ony (şirki) we oňa eltýän zatlary ýok etmekligini, beýik Alladan soraýaryn! Çünki Ol bize golaýdyr we (ähli zady) Eşidijidir!
Ýene-de şol dogry ynanja garşy gelýän ynançlardan biri hem, Alla tagalanyň atlaryny we sypatlaryny inkär edýän, bidgatçy «Jähmi» we «Mugtazyle» taýpalaryň we olaryň ýollaryna eýerýänleriň ynançlarydyr. Çünki olar, Allaha laýyk bolan sypatlary inkär edip, Oňa aslynda ýok, gaty-guty we bolmajak zatlaryň sypatlaryny berýärler. Olaryň aýdýan zatlaryndan we ähli kemçiliklerden, beýik we belent bolan Alla tagala daşdyr we päkdir.
Şeýle-de ýokarda agzalan toparlara, Allanyň käbir sypatlaryny kabul edip we başgalaryny inkär edýän, «Eşgarylar» ýaly topar hem girýändir. Çünki olar, akyllaryna sygan sypatlary kabul edip we akyllaryna sygmaýan sypatlaryň hakyky manylaryny inkär edýärler we özleriniň akyllaryna gabat gelýän, başga manylary berýärler. Olaryň bu etmekleri, ýagny sypatyň hakyky manysyny terk etmeklikleri, olary, ýerine başga bir many bermeklige mejbur etdi. Bu bolsa olaryň, öz sözlerine bulaşmaklaryna we garşy gelmeklerine eltdi. Şeýlelikde olar, sahyh delillere we subutnamalara garşy gelendirler.
Emma Ähli sünnet we jemagaty bolsa, Alla tagalanyň özüne säbit eden sypatlaryny we Onyň resulynyň Muhammet –sallallahu aleýhi we sellemiň- Oňa säbit eden sypatlaryny, kämil görnüşde säbit edýärler (tassyklaýarlar). Olar Allanyň sypatlaryny, ýaradylan mahluklaryň sypatlaryna meňzetmekden päkdirler. We olar hiç bir delili üýtgetmezden we taşlamazdan hemmesine amal edýärler. Şol sebäpli, beýleki toparlaryň öz sözlerine garşy gelişleri ýaly, bular öz sözlerine garşy gelmeýärler. Bu bolsa, utuş we ýeňiş ýolydyr! Dünýedäki we ahyretdäki bagtyýarlykdyr! Ymmatymyzdaky öňki geçen ymamlaryň ýörän dogry ýoludyr! Soňkylaryň hal-ahwalynyň düzelmekligi, öňkileriň hal-ahwalyna baglydyr. Ol bolsa, kuran we sünnete garşy gelmekligi taşlap, olara tabyn bolmakdyr.
***
Alla tagalany ybadatda birlemekligiň wajyplygy we Allanyň duşmanlaryny ýeňmekligiň sebäpleri
Şübhesiz, bendäniň boýnundaky buýrulan wajyplaryň iň ulysy we esasysy, asmanlary we ýeri ýaradan, beýik Arşyň eýesi bolan Alla tagala ybadat etmeklikdir.
Bu barada Alla tagala öz keremli kitabynda şeýle diýdi: “Perwerdigäriňiz Alla asmanlary we ýeri alty günde ýaratdy‚ soň (özüne mahsus görnüşde) Arşa istiwa etdi (galdy). Ol gije bilen gündizi örtýär, olar (ikisi) biri-biriniň yzynda üznüksiz hereketdedirler. Gün‚ Aý we ähli ýyldyzlar hemişe Onuň buýrugy bilen hereket edýärler. Şuny berk biliň‚ ýaratmak hem‚ emir etmek hem diňe Oňa mahsusdyr. Ol älemleriň Perwerdigäri bolan Alla nähili beýikdir" (Agraf:54).
Kuranyň başga bir aýatynda, Alla tagala ynsu-jyny diňe özüne ybadat etmekleri üçin, ýaradandygy barada habar berip, şeýle diýdi: “Men jynlary we ynsanlary diňe Özüme ybadat etsinler diýip ýaratdym" (Zäriýät:56).
Alla tagalanyň ynsu-jyny ýaratmaklygyna sebäp bolan bu ybadat bolsa, namaz, roza, zekat, haj, rukug, sejde, tawaf, damak çalmak, aýdylan bermek, gorkmak, umyt etmek ýaly ybadatlardyr. Şeýle-de halys mätäç wagtynda, ýa gyssanan halynda, ýa-da başga görnüşli ähli doga-dileglerde, Allany birlemeklikdir. We Alla taglanyň keremli kitabynda we ynamdar ilçisiniň sünnetinde, gaýtarlan zatlary taşlamaklyk we emir edilen zatlara boýun bolmaklyk hem, şol ybadatyň içine girýändir. Çünki bu ybadatlaryň ählisi ýeketäk Alla üçin edilmelidir. Takyk, Alla tagala bütin ynsu-jyny şol ybadat üçin ýaradyp we şonuň üçin ilçileri iberendir. Şeýle-de Allany ybadatda birlemeklerini emir edip, olara doly açyklaýjy we şoňa çygyryjy edip, kitap hem inderendir.
Bu babatda Alla tagala şeýle diýdi: “Eý, ynsanlar! Takwalardan bolmagyňyz üçin, sizi we sizden öňküleri ýaradan Perwerdigäriňize ybadat ediň!" (Bakara:21).
“Seniň Perwerdigäriň ýalňyz Özüne ybadat etmegiňizi we ene-ataňyza ýagşylyk etmegiňizi emir etdi" (Isra:23).
“(Aslynda), olara yhlas bilen ýalňyz Onuň dinini kabul edýän hanyflar (hak dine uýýanlar) bolup, Alla ybadat etmekleri, namazy berjaý etmekleri we zekat bermekleri emir edilipdi. Ine, berk (dogry) din budur" (Beýýine:5).
“Pygamber size nämäni berse (emir etse) alyň, nämäni gadagan (haram) etse, ondan gaçyň! Alladan gorkuň! Takyk, Allanyň jezasy örän ýowuzdyr" (Haşr:7).
“Eý, iman getirenler! Alla boýun boluň! Pygambere we özüňizden bolan (musulman, adalatly) baştutanlaryňyza boýun boluň! Eger Alla we ahyrete ynanýan bolsaňyz, (bir meselede) düşünişmän jedelleşseňiz, Alla (Kurana) we pygambere (hadyslara) ýetiriň (ýüz tutuň)! Bu (siziň üçin) haýyrlydyr we netije taýdan ajaýypdyr" (Nisa:59).
“Kim pygambere boýun bolsa, bes, Alla boýun boldugydyr" (Nisa:80).
“Kasam bolsun! Biz her ymmata: «Alla gulluk ediň, tagutdan (küpürden) daş boluň!» (diýip) pygamber iberdik" (Nahyl:36).
“Biz senden öňki ilçilerimizi diňe: «Menden başga ybadata hakly iläh ýokdur! Maňa gulluk ediň!» diýen wahyý bilen iberendiris" (Enbiýa:25).
“Elif, Läm, Ra. (Bu Kuran) hikmet eýesi we ähli zatdan habardar bolan Alla tarapyndan aýatlary pugta mäkämlenip, soň anyk aýan edilen bir kitapdyr. (Bu Kuran) diňe Alla ybadat etmegiňiz (üçin inderildi). Şübhesiz, men size Onuň tarapyndan (iberilen) ägälendiriji we buşlukçydyryn" (Hud:1-2). Bu manyda Allanyň kitabynda gelen aýatlar örän kändir.
Bu agzalan aýdyň aýatlar we başga-da Kuranda şol bir many-da agzalan aýatlaryň hemmesi, Alla tagalany ybadatda birlemekligiň wajypdygyna delalat edýändir. Çünki Allany ybadatda birlemeklik, diniň asly we milletiň esasydyr. Şeýle-de ynsu-jynyň ýaradylmagynyň, ilçileriň iberilmeginiň we kitaplaryň inderilmeginiň, asyl hikmedidir. Şol sebäpli her bir adama, şu meselä gowy üns berip, oňa gowy düşünmeklik wajypdyr.
Şeýle-de her bir adam, özlerini yslama ýöňkeýän, pygamberleriň we salyh adamlaryň hakynda çennen-aşa geçip, olaryň gabyrlarynda bina galdyryp, üstüne-de gümmez dikip, ol ýeri metjide öwürip, olardan doga-dileg, ýardam soraýanlardan we olara sygynyp, hajatlarynyň bitmegini, musybatlarynyň aýyrylmagyny, ýarawsyzlaryna şypa bermegini we duşmanlarynyň ýeňilmegini soraýan we ş.m görnüşli uly şirkleri edýänlerden hem, seresap bolmalydyr.
Elbetde ýokardaky agzalan aýatlara gabat gelýän, Allanyň resulyndan –sallallahu aleýhi we sellemden- sahyh hadyslar hem gelendir. Şolardan biri hem Buhary we Muslimiň rowaýat etmeginde, Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- Muaza –Alla ondan razy bolsun- ýüzlenip şeýle diýdi: “(Eý, Muaz!) Bendeleriň Allaha bolan hakyny we Allanyň bendelere bolan hakyny bilýärsiňmi?" Muaz: “Alla we Onuň resuly has gowy bilijidir" diýdi. Soňra Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem-: “Bendeleriň Allaha bolan haky, Oňa hiç bir zady şärik goşmazdan, ybadat etmeklikdir. We Allanyň bendelerine bolan haky bolsa, hiç bir şirk etmedik adama, azap bermezlikdir"[9].
Sahyh Buhary kitabynda Ibni Mesguddan –Alla ondan razy bolsun- rowaýat edilýän hadysda, Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- şeýle aýtdy: “Kim-de kim Allaha şirk eden (şärik goşan) halatynda ölse, ol dowzaha girjekdir"[10].
Sahyh Muslim kitabynda Jäbirden –Alla ondan razy bolsun- rowaýat edilýän hadysda, Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- şeýle aýtdy: “Kim-de kim Allaha şärik goşmadyk halatynda duşsa, ol jennete girer. We kim Allaha şärik goşan halatynda duşsa, ol dowzaha girer"[11]. Bu manyda gelen hadyslar örän kändir.
Bu mesele, bilinmeli meseleleriň iň beýigidir we iň möhümlisidir. Çünki Alla tagala Pygamberi Muhammet –sallallahu aleýhi we sellemi- töwhide çagyryp, şirkden gaýtarmaklyk üçin iberendir. Şübhesiz ol, şol işi ýerine ýetirmekde, öz üstündäki borjy doly ýerine ýetirendir. Takyk, Pygamberimiz ol ýolda, Alla üçin iň erbet ezýetler çekendir we oňa sabyr edendir. Şol bir wagtda hem, onuň sahabalary –Alla olardan razy bolsun- şol dagwatda, tä Alla tagala arap adasyndaky bütin butlary we ybadat edilýän daşdyr-agaçlary aýyrýança, şol dagwatda sabyr edendirler. Şonda adamlar topar-topar bolup, Allanyň hak dinine girendirler. Käbäniň içindäki we daş-teweregindäki butlaryň hemmesi döwülendir. Şeýle-de Lat, Uzza we Menat atly butlar hem döwülendir. Çünki ähli arap taýpalaryň butlary we ybadat edilýän daşdyr-agaçlary döwülip ýok edilendir. Şonda Alla tagalanyň sözi beýige galyp, arap adasynda yslam dini gowy ornaşandyr.
Soňra musulmanlar arap adasyndan daşyna, yslama çagyrmaklyk üçin, jihäd ýoluna ugrugandyrlar. Kime Alla tarapyndan ýagşylyk ýazylan bolsa, olaryň çakylygyndan hidaýat tapandyr. Alla tagala olaryň üsti bilen, ýeriň köp bölegine haky we adalaty ýaýradandyr. Şu sebäpli olar, hak üstünde baştutan bolup, hidaýata gönükdirýan, adalata we gowylyga çagyrýan, ymamlar bolandyrlar.
Olaryň (sahabalaryň) yzy bilen, täbigynlar we olaryň yzlaryna ýagşylyk bilen eýerenler, hak üstünde baştutan we hidaýata çagyrýan ymamlar bolup, adamlary, ybadatda Allany birlemeklige çagyryp, Allanyň dinini ýaýradandyrlar. Çünki olar öz janlary we mallary bilen, hiç kimden gorkmazdan Alla ýolunda jihäd edendirler. Şonda Alla tagala olara, duşmanlaryny ýeňip, olary beýige galdyrmaklyga, ýardam edendir. We Alla tagala olara söz beren wadasyny, kemeltmän berendir.
Bu babatda Alla tagala şeýle diýdi: “Eý, iman getirenler! Eger siz Allanyň (dinine) kömek berseňiz, Ol hem size kömek berer, (hak ýolda) siziň aýaklaryňyzy (taýdyrman) mäkäm saklar" (Muhammet:7).
Ýene başga bir aýatda Alla tagala şeýle diýdi: “Alla özüne (dinine) kömek edenlere hökman ýardam berer. Takyk, Alla çäksiz kuwwatlydyr, Gudraty güýçlüdir. Olar özlerine häkimiýet berenimizde namaz okan, zekat beren we ýagşylygy ündäp, ýamanlygy gadagan eden adamlardyr. Işleriň netijesi (soňy) Alla degişlidir" (Haj:40-41).
Wagtyň geçmegi bilen, olardan soň gelen adamlar, öz aralarynda bölünişip, jihäd etmeklige ýeňil garap, rahatlygy isläp, öz isleg-şähwetleriniň yzyna düşenlerinde, Allanyň käbir saklap galan adamlaryndan galany, (dindäki) gaýtarylan amallar bilen meşgullanyp başladylar. Şonda Alla tagala olaryň hallaryny üýtgetdi. Olara hiç bir zulum etmezden, öz gazanan elleri sebäpli, duşmanlaryny olaryň üstlerine hökümdar edip goýdy.
Bu barada Alla tagala şeýle diýdi: “Munuň sebäbi, eger bir millet özünde bar bolan zady (ýagşy ahlak häsiýetlerini) üýtgetmese‚ Alla-da olara beren nygmatyny‚ (ýagşy ýagdaýy) üýtgetmez" (Enfäl:53).
Ähli musulman hökümetlere we ondaky halkyň boýnuna, Allaha dolanyp, Ony ybadatda birläp, eden kemçiliklerine we günälerine toba etmekleri wajypdyr. Olara, Allanyň wajyp eden parzlaryny etmeklige howlugyp we haram eden zatlaryndan daş durmaklyk wajypdyr. We bu barada öz aralarynda nesihat edişip, bir-birlerine ýardam berişmelidirler.
Mundan has möhümlisi bolsa, adamlaryň arasyndaky ähli zatda, yslam şerigaty bilen höküm etmelidirler. Ondaky berilen jezalary ýerbe-ýer goýup, onuň bilen höküm etmelidirler. Şerigata garşy gelýän toslanan kada-kanunlary, düýbünden ýok edip, onuň bilen höküm etmekligi ýatyrmalydyrlar. Bütin halky, diňe şerigat bilen höküm etmeklige borçly etmelidirler.
Şolar ýaly hem, ähli Alymlaryň boýnuna, adamlara dinlerini düşündirmeklik wajypdyr. Olaryň arasynda ýagşylyga çagyrýan toparlary köpeldip, olara sabyrlylyk bilen, bir-birlerine hak üstünde nesihatlaşmaga, ýagşylyga çagyryp, ýamanlykdan gaýtarmaga çagyrmalydyrlar. Musulman baştutanlaryna hem, şu işe goldaw bermeklerine çagyrmalydyrlar.
Şeýle-de şerigata garşy gelýän, kommunist, ateist, milletparaz ýaly, kowumlara garşy söweşmekleri gerekdir. Ana, şonda Alla tagala musulmanlaryň halyny gowlap, olary dogry ýola gönükdirer. Olara täzeden öňki hal-ahwallaryny gaýtaryp berer. Duşmanlaryny ýeňmäge ýardam berer we olary bütin äleme hökümdar edip goýar.
Bu babatda dogruçyl Alla tagala şeýle diýdi: “Möminlere ýardam bermek hem, Bize borç bolupdy" (Rum:47).
“Ýene-de aýt: «Alla sizden iman getirip, ýagşy amallary edenleri özlerinden öňküleri hökmürowan edişi ýaly, ýeriň ýüzünde hökmürowan etjekdigini we olar üçin Özüniň razylyk bildiren yslam dinini pugtalandyryp ýerleşdirjekdigini we gorkularyndan soň olara howpsuzlyk, asudalyk berjekdigini wada etdi. Çünki olar, Maňa (Alla) ybadat ederler, hiç bir zady Maňa şärik goşmazlar. Eger kim mundan beýläk (hak dini) inkär etse (we şol nygmatlara näşükürlik etse), (bilip goýsunlar) olar azgyn adamlardyr" (Nur:55).
“Elbetde, pygamberlerimize we iman getirenlere dünýä ýaşaýşynda hem-de şaýatlaryň güwälik etjek gününde (Ahyret gününde) Özümiz goltgy bereris. Ol gün zalymlaryň soran ötünçleriniň (hiç hili) nepi degmez. Olara nälet ediler. Olar üçin iň ýaramaz ýer (dowzah) bolar" (Gafir:51-52).
Ähli zadyň eýesi bolan Alla tagaladan, musulmanlaryň baştutanlaryny we bütin halky gowlamaklygyny, olara dine düşünmek pursadyny bermekligini, ýagşylykda olaryň sözlerini bir etmekligini, olary dogry ýola gönükdirmekligini, olar bilen haka utuş berip, batyly ýok etmekligini, olaryň hemmesini öz aralarynda gowy we ýagşylykda alyp barmaklaryny, sabyrlylykda haka nesihat edişmeklerini, Alladan soraýaryn! Çünki Ol, bu zatlaryň eýesi we ony başarýandyr.
Allanyň salamy we salawatlary, bendesi, ilçisi we ýaradylanlaryň iň haýyrlysy, pygamberimiz, baştutanymyz we beýigimiz Muhammet ibni Abdullaha, onuň maşgalasyna, sahabalaryna we onuň ýoly bilen, ýöränlere bolsun!
Size Allanyň salamy, rehmedi we bereketleri bolsun!
***
Yslamdan çykaryjy zatlar
Bil! Eý, musulman dogan! Çünki Alla tagala her bir bendesine, yslama girmekligini, oňa berk ýapyşyp we oňa garşy gelýän zatlardan ägä bolmaklygyny, wajyp edendir. We Muhammet –sallallahu aleýhi we sellemi- hem, şoňa çagyrmaklyk üçin iberendir. Takyk, kim oňa boýun bolsa, dogry ýoly tapandyr we kim ondan ýüz öwürse, dogry ýoldan azaşandyr diýip, Alla tagala habar berendir.
Alla tagala ägälendirmek üçin, dinden çykaryjy sebäpleri, şirkiň we küpüriň görnüşlerini, Kuranyň köp aýatlarynda agzap geçendir. Bu barada yslam alymlary –Alla olara rehmet etsin- öz kitaplarynda, “Dinden çykan adamyň hökümi" diýen bapda, musulmany dinden çykarýan zatlaryň köp görnüşlerini agzap, ony edeniň gany we maly halal bolup, dinden çykýandygyny aýdandyrlar. Olaryň iň beteri we köp adamlaryň düşýänleri, on sany dinden çykaryjy zatdyr. Seniň ondan goranyp saklanmaklygyňy umyt edip, ondan ägä bolmaklygyň we başgalary hem ägälendirmekligiň üçin, gysgaça we käbir açyklamalar bilen, aşakda agzap geçeris.
Yslamdan çykaryjy on sany zatlar:
Birinjisi: Alla tagala ybadat etmekde başga birini şärik etmeklik. Bu barada Alla tagala şeýle diýýär: “Takyk, Alla Özüne şärik goşulmagyny bagyşlamaz, emma ondan başga isläniniň (günäsini) bagyşlar" (Nisa:116).
Ýene başga bir aýatda şeýle diýýär: “Takyk, kim Alla şärik goşsa, bes, Alla oňa jenneti haram edendir we onuň barjak ýeri otdur (dowzahdyr). Zalymlara (hiç-hili) ýardamçy ýokdur" (Mäide:72). Ölilerden (bir zat sorap) doga-dileg etmeklik, olardan ýardam soramaklyk, olara aýdylan bermeklik we olara damak çalmaklyk hem Şirkdir (Allaha ybadatda şärik goşmaklykdyr).
Ikinjisi: Kim-de kim özi bilen Allasynyň arasynda, (kimdir birini) araçy tutunyp, oňa doga-dileg etse, ondan şepagatçy bolmagyny sorasa we olara daýansa, ol adam, ähli alymlaryň ylalaşmagynda kapyrdyr.
Üçünjisi: Kim-de kim müşrikleri kapyr saýmasa, ýa-da olaryň kapyrlygyna şeklense, ýa-da olaryň ýoluny dogry saýsa, ol adam kapyrdyr.
Dördünjisi: Kim-de kim Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellemiň- ýolundan, başganyň ýoly has kämil diýse, ýa-da onuň höküminden, başganyň hökümi has gowy diýse, edil tagutlaryň hökümini, onuň (Allanyň) höküminden öňe geçirýänler ýalydyr. Takyk, ol adam kapyrdyr.
Bäşinjisi: Kim-de kim Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellemiň- getiren zadynyň haýsy-da bolsa birini halamasa, oňa amal etse hem, ol adam kapyrdyr. Bu barada Alla tagala şeýle diýýär: “Munuň sebäbi olar Allanyň inderen (emirlerini) halamadylar. (Alla hem) olaryň (ähli) işlerini puja çykardy" (Muhammet:9).
Altynjysy: Kim-de kim Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellemiň- dininden bir zada, ýa-da onuň sogabyna, ýa-da günäsini hormat goýmazdan, gülse (oýun etse), ol adam kapyrdyr. Bu barada Alla tagala şeýle diýýär: “Sen hem olara: «Diýmek‚ siz Alla bilen‚ Onuň aýatlary we Onuň ilçisi bilen oýun eden bolýarsyňyzmy?» diýip aýt. «(Eý‚ mynapyklar!) Biderek ýere ötünç soramaň! Takyk, siz (çala) iman getireniňizden soň, kapyrdygyňyzy (äşgär) görkezdiňiz" (Toba:65,66).
Ýedinjisi: Jadygöýlik. Şeýle-de Sarf (adamyň gowy görýän zadyny ýigrendirmeklik) we Atyf (adamyň ýigrenýän zadyny isletdirmeklik) hem jadygöýlikdendir. Kim şony etse, ýa-da şoňa razy bolsa, ol kapyrdyr. Bu barada Alla tagala şeýle diýýär: “Emma olaryň (Harut we Marut) ikisi: «Biz diňe synag üçin iberildik, siz (ýalňyş ynanyp) kapyr bolmaň!» diýmezden, (jady ylmyny) hiç kime öwretmeýärdiler" (Bakara:102).
Sekizinjisi: Kapyr müşrikleriň tarapynda durup, musulmanlaryň garşysyna kömek etmeklik. Takyk, kim muny etse, ol kapyrdyr. Bu barada Alla tagala şeýle diýýär: “Sizden kim olary dost tutunsa, takyk, ol hem şolardandyr. Takyk, Alla (duşmanlary bilen dostlaşyp, möminlere) zulum eden kowumy dogry ýola gönükdirmez" (Mäide:51).
Dokuzunjysy: Kim-de kim Muhammet –sallallahu aleýhi we sellemiň- getiren şerigatyndan, käbir adamlar çykyp bilýär diýip, ynanç etse, ol adam kapyrdyr. Bu barada Alla tagala şeýle diýýär: “Kim yslamdan başga din gözlese, (bilip goýsun), ondan (başga din) hiç haçan kabul edilmez we ol ahyretde hem zyýanda galanlardan bolar" (Äli-Ymran:85).
Onunjysy: Alla tagalanyň dinini ýeňil-serpaý garap, ondan ýüz öwürýär. Ony öwrenmeýärem we oňa amalam etmeýär. Takyk, muny edýän adam kapyrdyr. Bu barada Alla tagala şeýle diýýär: “Perwerdigäriniň aýatlary bilen wagyz-nesihat edilenden soň, olardan ýüz öwürýän kişiden has zalym kim bolup biler! Takyk, Biz ýoldan çykan günäkärleri jezalandyrarys" (Sejde:22).
Kim bu agzalan, yslamdan çykaryjy zatlaryň haýsam bolsa birini, oýun edip etsin, çyny bilen etsin, ýa gorkup etsin, tapawudy ýok, ol kapyrdyr. Diňe zorluk astynda eden adama uzur bardyr.
Bularyň (yslamdan çykaryjy zatlaryň) hemmesi gaty gorkuly we köp adamlaryň düşýänleridir. Şol sebäpli her bir musulman, oňa düşmekden gorkup, ägä bolmalydyr.
Şeýle-de kim-de kim adamlaryň özlerinden düzen kada-kanunlary, yslam şerigatyndan gowy diýip ynanç etse, ýa-da yslam nyzamy bilen höküm etmeklik, ýigriminji asra laýyk däl diýse, ýa-da musulmanlaryň döwürden yza galaklygy, şol sebäpli diýse, ýa-da ol diňe Perwerdigäriň we öz araňdaky alakatdyr, adamyň durmuş-haýatyna dahyly ýokdur, diýse, ol adam şol agzan dördünji yslamdan çykaryjy bölümiň içine girýändir. Ýene-de kim-de kim ogurlyk edeniň eli kesilmekligi, ýa-da zyna eden maşgalaly kişiniň, ölinjä daşlanylmaklygy, bu asyra laýyk däl diýse, şol dördünji bölüme girýändir. Ýene-de şol bölüme girýän zatlardan, kim-de kim öz-ara gatnaşyklarynda, ýa-da şerigatyň goýan çäklerinde, ýa-da bulardan başga zatlarda, Allanyň şerigatyndan başga zat bilen hökümleşmeklik bolýandyr diýip ynansa, şol bölüme girýändir. Eger-de ol, şol zat (Allanyň höküminden başganyň hökümi bilen hökümleşmek), yslam şerigatynyň höküminden, has gowy diýip ynanç etmese-de, şol dördünji bölüme girýändir. Sebäbi ol, şony diýmeklikde, ijmag (Alymlaryň biragyzdan ylalaşmaklygy) esasynda, Allanyň haram eden zadyny, halal etdigi bolýandyr. Çünki kim-de kim dindäki hemmelere belli bolan, Allanyň haram eden zadyna, halal diýse, mysal üçin: zyna etmeklik, arak içmeklik, süthorlyk etmeklik we Allanyň şerigatyndan başga zat bilen höküm etmeklik, ýaly zatlara halal diýse, ol adam, musulmanlaryň bir agyzdan ylalaşmagynda, kapyr bolýandyr.
Bizi, Allanyň gazabyna eltýän zatlardan we aýylganç azabyndan goramagyny, Alladan soraýaryn!
Allanyň salamy we salawaty, ýaradylanlary iň haýyrlysy bolan Muhammede, onuň maşgalasyna we sahabalaryna bolsun!
[1] Kuran: “Kuran-y Kerim, Alla tagalanyň soňky pygamberine, Muhammet –sallallahu aleýhi we selleme- inderen, mukaddes kitabydyr".
[2] Sünnet: “Pygamberimiz Muhammet –sallallahu aleýhi we sellemiň- hadyslaryna, ýagny, aýdan sözlerine, eden amallaryna, ykrar eden zatlaryna we ömri döredijiligine, aýdylýandyr"
[3] Rowaýat edenler: Muslim iman baby:(8), Tirmizi iman baby:(2210), Nesäýi iman we şerigatlary baby:(4990), Ebu Dawud sünnet baby:(4695), Ibni Mäje sözbaşy baby:(63), Ahmet:(1/27).
[4] Rowaýat edenler: Buhary jihäd baby:(2201), Muslim iman baby:(30), Tirmizi iman baby:(2643), Ibni Mäje zühd baby:(4296), Ahmet:(5/238).
[5] Rowaýat edenler: Muslim zühd baby:(2996), Ahmet:(6/153).
[6] Rowaýat edenler: Buhary:(2509), Muslim:(2533), Tirmizi:(3859), Ibni Mäje:(2362), Ahmet:(1/434).
[7] Rowaýat edenler: Muslim:(1920), Tirmizi:(2229), Ebu Dawud:(4252), Ibni Mäje (3952), Ahmet(5/279).
[8] Ibni Mäje:(3992).
[9] Rowaýat edenler: Buhary (5912), Muslim (30), Tirmizi (2643), ibni Mäje (4296), Ahmet (5/238).
[10] Rowaýat edenler: Buhary (4227), Muslim (92), Ahmet (1/374).
[11] Rowaýat edenler: Buhary (129), Muslim (32), Ahmet (3/157).